Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boşadylan belarus syýasy tussaglary Ukraina we ABŞ-a minnetdarlyk bildirdi


Bazar güni Ukrainada belarus syýasy tussaglary azatlyga çykaly bäri ilkinji metbugat ýygnagy geçirildi.

Oňa Mariýa Kolesnikowa, Wiktor Babariko, Aleksandr Feduta we Wladimir Labkowiç dagy gatnaşdy. Howpsuzlyk aladalary sebäpli, ýygnagyň geçýän ýeri anyk aýdylmady; metbugat ýygnagyna diňe çakylyk esasynda goýberildi.

“Häzirki Zaman” teleýaýlymy bu metbugat ýygnagyndan bölekleri görkezdi.

Mariýa Kolesnikowa syýasy tussaglary boşatmaga gatnaşandyklary üçin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskä, şeýle-de myhmansöýerlik üçin ukrain halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Boşadylan syýasy tussaglar boşadylandyklary baradaky güwänamalaryndan başga hiç hili resminamalarynyň ýokdugyny aýtdylar we özleriniň Ukrainada gelendiklerine haýran galýandyklaryny nygtadylar.

Orsýetiň Ukraina garşy urşy barada gürrüň edip, olaryň hemmesi bu urşy ýazgardylar we onuň bes edilmegine çagyrdylar.

13-nji dekabrda ABŞ-nyň ýörite wekili Jon Kol bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Lukaşenkonyň administrasiýasy 123 syýasy tussagyň boşadylandygyny yglan etdi.

Bu çäräniň "ABŞ-nyň prezidenti bilen ylalaşygyň çäginde, onuň haýyşy boýunça" "Belaruskalä" garşy ABŞ sanksiýalarynyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG