Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brazil BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Gazadaky, Ukrainadaky ‘çäresizligini’ tankytlady


Braziliýanyň daşary işler ministri 21-nji fewralda, halkara jemgyýetçiliginiň çuňňur bölünişikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda açylýan G20 ýygnagynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Gazadaky we Ukrainadaky uruşlar babatynda "ysmazlygyny", alaçsyzlygy tankytlady.

"Howpsuzlyk geňeşiniň dowam edýän konfliktler meselesinde kabul edip bolmajak ysmazlygyndan görnüşi ýaly, häzirki kynçylyklara çözgüt tapmaly köptaraply guramalar ýeterlik derejede, dogry-düzüw enjamlaşdyrylmadyk" diýip, daşary işler ministri Mauro Wieira dünýäniň ýokary derejeli diplomatlarynyň iki günlük ýygnagynyň, dünýäniň iň uly 20 ykdysadyýetiniň gatnaşmagyndaky mejlisiň açylyşynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG