Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagynyň arasynda, unuň we çöregiň bahasy gymmatlaýar


Döwlet dükanyna getirilen çörekleri ulagdan çykarýan işgär (Arhiw suraty)
Döwlet dükanyna getirilen çörekleri ulagdan çykarýan işgär (Arhiw suraty)

Türkmenistanda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagynyň arasynda, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň bahasynyň gymmatlamagy dowam edýär.

Daşoguzyň dükanlarynda bu önümleriň bahasy tas dört esse ýokarlandy. Bu barada garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 14-nji fewralda habar berdi.

“Akdepe etrabynyň döwlet dükanlarynda kesgitlenen bahalardan (paýok) satylýan bir kilogram unuň bahasy 1 manatdan 4 manada, 50 kilogramlyk bir halta unuň bahasy bolsa, 50 manatdan 200 manada gymmatlady” diýip, neşir ýazýar.

Neşir ýerli birinji sort undan tegelek çörek bişirip satýan hususy çörek söwdagärlerine salgylanyp, bu unuň bir haltasynyň bahasynyň 350 manatdan 950 manada çenli gymmatlandygyny hem belleýär.

“Hususyýetçiler şunuň bilen bagly işini togtadýandyklaryny aýtdylar” diýip, neşir belleýär.

Maglumatda soňky iki-üç günüň dowamynda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda arzan çöregiň satylmaýandygy, satyjylaryň onuň haçan we haýsy bahadan elýeterli boljakdygyny bilmeýändigi hem bellenilýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Daşogzuň we Aşgabadyň söwda resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň hökümeti bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, 2,5 esse ýokarlandyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara 9-njy fewralda geçirilen hökümet maslahatynda gol goýdy.

Döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyran daýhanyň üstümizdäki ýylyň hasylyndan başlap, öňki bahadan 2,5 esse töweregi has köp girdeji gazanmagyna garaşylýar.

Ýöne bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň göterilmegi bilen, bugdaýdan alynýan önümleriň döwlet dükanlaryndaky subsidirlenen bahalary, entek 2024-nji ýylyň bugdaý hasyly alynmanka, ýokarlanyp başlady.

Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary ilkinji gezek 12-nji fewralda Aşgabatdan maglumat berdiler. Şonda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň 250%, çöregiň 150% gymmatlandygy mälim boldy.

Azatlygyň Balkandaky habarçysy welaýat häkimliginde 14-nji fewralda geçirilen bir duşuşyga salgylanyp, mundan beýläk döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan hödürlenýän unuň 50 kilogramynyň bahasynyň 225 manat, 1-nji sort unuň bahasynyň bolsa 200 manat hökmünde bellenendigini habar berdi.

Şonda balkanly ýaşaýjylar hususy söwdada 50 kilogram unuň bahasynyň 800 manada, döwlet dükanlarynda 50 teňňe bolan buhanka çöreginiň bahasynyň 4 manada çykarylandygyny hem aýtdylar.

Azatlyga häzirki wagtda elýeterli bolan maglumatlar unuň we çöregiň bahasynyň ýurduň dürli sebitlerinde dürli-dürli möçberde gymmatlandygyny görkezýär.

Balkandaky we Aşgabatdaky habarçylarymyz hususy söwdada çöregiň bahasynyň hem ýokarlanýandygyny, öň bäş manat bahalanan çöregiň nyrhynyň 15 manada gymmatlandygyny aýtdylar.

Ýiti gymmatlama, ýylda 1,5 million tonna golaý bugdaý hasylyny alýandygyny öňe sürýän we daşary ýurtlardan import edýän ununyň möçberini artdyrýan Türkmenistanda häkimiýetleriň döwlet dükanlaryny un, çörek we beýleki ýeňillikli harytlar bilen ýeterlik üpjün edip bilmeýän mahalyna gabat geldi.

Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we bazarlarda harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG