Mary welaýatynyň býujet işgärlerine ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp başlandy diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär. Adatça bolşy ýaly, býujet işgärleri özlerine düşýän gurçuk tohumyny alýandygyny, ýa-da onuň deregine soralýan puly berýändigini aýtmaly. Olaryň şu iki mümkinçiligiň birini saýlamakdan başga çykalgasy ýok we bu ýagdaý, aýlyklaryň juda az bolmagy bilen birlikde, on müňlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlardan iş gözlemegine sebäp boldy.
Gurçuk tohumy habary ýurtda yzly-yzyna guralan prezident saparlarynyň yz ýanyna gabat geldi, ýasaýjylar Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepde Mary we Lebap welaýatlaryna eden iş saparlarynyň dowamynda guralan çärelere müňlerçe adamyň çekilendigini, bu dabaralaryň ilatyň gündelik durmuşyna, otly we ulag hereketine oňaýsyz täsir edendigini aýtdylar.
Halys eden mejbury zähmet
Türkmenistanyň oba hojalygynda onlarça ýyl bäri dowam edýän mejbury zähmet şertlerinde, göz öňünde tutulan önümleriň öndürilmegi ýa-da kagyz ýüzündäki netijelilik köplenç býujet edaralarynyň işgärleriniň meýletin-mejbury goşandy esasynda gazanylýar diýip, synçylar bu ýagdaýyň indi kada öwrülendigini, adamlaryň mundan ýadandygyny öňe sürýärler.
Her bir býujet işgärine, geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýüpek gurçugynyň 1 gram tohumy berilýär. Has anygy, býujet işgärleri özlerine düşýän gurçuk tohumyna ideg edilmegi üçin, öz edara başlyklaryna 300 manat möçberinde pul berýärler.
“Eger işgär ýüpek gurçugyny idetmek üçin pul bermekden ýüz öwürse, onda onuň şol 1 gram gurçuk tohumyny alyp, özüniň ideg etmeli boljakdygyny aýdýarlar. Bizde esasy býujet işgärleri mugallymlardan, lukmanlardan ybarat” diýip, anonimlik şertinde gürleşen býujet işgäri aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşen magaryf, saglyk işgärleri özleriniň, özara pikir alyşýan kärdeşleriniň bu ýagdaýdan bizar bolandyklaryny, ýöne ýurtdaky işsizlik, ykdysady çökgünlik sebäpli, öňem az bolýan aýlyklaryny hökümet bilen bialaç ‘paýlaşmaly’ bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Oba hojalygyna degişli bolan işler indi ymykly biziň üstümize atylana meňzeýär. Pagta, bugdaý, gurçuk, arassaçylyk indi biziň işimiziň bir bölegi boldumy? Biz diplomy köçe süpürmek üçin, pagta ýygmak üçin aldykmy? Eger-de bu işleri etjek bolsak, ýokary okuw jaýynda okamak nämä gerekdi?” diýip, bir pedagog anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.
Onuň sözlerine görä, prezident sapara gelende, mugallymlar jemagat hojalygy işgärlerine goşulyp, onuň awtobanda geçjek ýoluny sübse bilen syrmaga mejbur edildi.
Adamlary öýünden kowýan guçukdan 'peýda az'
Azatlygyň habarçylary ýüpekçiligiň diňe býujet edarlarynyň işgärleri üçin däl, daýhanlar üçin-de mejbury zähmet bolup galýandygyny, pile möwsüminde adamlaryň öz ýaşap oturan jaýlarynda gurçuk tutmaga mejbur bolýandygyny habar berýärler.
Daýhan hojalyklary we kärendeçiler “Türkmenpagta” döwlet konserniniň kärhanalary bilen şertnama baglaşyp, pileçilikden gazanç etmäge çalyşýarlar, ýöne bu işiň peýdadan zyýanynyň, çekdirýän azabynyň has kän bolýandygyny aýdýanlar hem bar.
Türkmen hökümeti şu ýyl ýurt boýunça 2 müň 100 tonna çig pile öndürmegi meýillendirýär. Ýöne ýurtda hakykatda näçe tonna piläniň öndürilýändigini garaşsyz ýagdaýda kesgitlemek kyn.
Hünärmenleriň, daýhanlaryň garaşsyz metbugat arkaly bildirýän nägileliklerine garamazdan, türkmen hökümeti oba hojalygynda ulanylýan netijesiz dolandyryşy boýun almaýar we ýurda import edilýän önümleriň azaldylyp, eksport edilýän önümleriň köpeldilýändigini öňe sürýär.
Türkmenistanda söz, metbugat, pikir beýan etmek azatlyklary ýowuz çäklendirilen bolup, adamlar ýygnanyşyp, hökümet tarapyndan salynýan bikanun salgytlara, şol sanda mejbury zähmete garşy öz nägileliklerini bildirip bilmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum