Çeçen türgeni we UFC-niň orta agramdaky çempiony Hamzat Çimaýew ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa amerikan wizasyny alandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu wiza oňa üç ýyla golaý wagtdan soň ilkinji gezek ABŞ-da bäsleşmek mümkinçiligini berýär.
Ähtimal, ABŞ-nyň sanksiýa sanawyna gizirilen çeçen lideri Ramzan Kadyrow bilen gatnaşyklary sebäpli, onuň esasy bökdençligi wiza çäklendirmeleri bilen bagly boldy.
"Biz ýakynda ABŞ-a dolanarys. Taýýar boluň... Men ahyrsoňy ýylda bir gezek däl, üç gezek bäsleşip biljekdigime umyt baglaýaryn. Indi wiza meseleleri we beýlekiler ýok. Bu ýerde Donald Tramp bar. Ahyrsoňy işler ugrugýar" diýip, Çimaýew YouTube kanalynda, ESPN MMA ýaýlymynda aýtdy.
Çeçen türgeniniň iň soňky bäsleşikleri Abu-Dabide geçirildi, ol bu ýerde BAE-niň adyndan çykyş etdi. Ol öz karýerasyndaky ilkinji 15 söweşiň ählisinde ýeňiş gazandy.
BBC Çimaýewiň Kadyrow bilen düşen suratlarynyň sosial mediada ençeme gezek peýda bolandygyny belledi.