Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan ýakynda, “Talyban” uzakda. Merkezi Aziýa günorta goňşusy bilen nähili gatnaşyk gurýar?


Golaýda bolup geçen Daşkent konferensiýasyna gatnaşan talyplar
Golaýda bolup geçen Daşkent konferensiýasyna gatnaşan talyplar

"Talyban" Owganystanda häkimiýete gaýdyp geleninden bir ýyl çemesi wagt geçensoň, Daşkende ýörite halkara konferensiýasy geçirilip, oňa “Talyban” delegasiýasy hem çagyryldy. Merkezi Aziýa ýurtlary “Talyban” režimini ykrar etmeýär, ýöne goňşusy bilen gatnaşyk gurmaga we öz bähbitlerini ösdürmäge çalyşýar.

"Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş" ady bilen 25-26-njy iýulda, Daşkentde konferensiýa geçirildi. Oňa halkara guramalarynyň 100-den gowrak wekiliýeti hem-de 20-den gowrak ýurtdan delegat gatnaşdy. "Talyban" hereketiniň (Gazagystanda we beýleki döwletlerde gadagan edilen) wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda, Owganystanda dowam edýän adam hukuklarynyň bozulmagy ýaly meseleler, esasanam aýallaryň we etnik azlyklaryň hukuklary, şeýle hem ýurduň ösüş perspektiwalary bilen baglanyşykly meseleler maslahat edildi.

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DÜRLI ÇEMELEŞMELERI

Daşkent konferensiýasy geçen ýyl häkimiýet başyna geleli bäri “Talyban” bilen baglanyşykly geçirilen ilkinji uly göwrümli halkara ýygnak boldy. Owganystan delegasiýasyna “Talyban” hökümetinde Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki ýolbaşçylyk etdi.

Daşkent konferensiýasyna gatnaşan “Talyban” delegasiýasynyň ýolbaşçysy Amir Han Muttaki
Daşkent konferensiýasyna gatnaşan “Talyban” delegasiýasynyň ýolbaşçysy Amir Han Muttaki

Geçirilen duşuşyga dürlüçe baha berilýär: ýeterlik güýç adam hukuklaryny bozýan we aýal-gyzlaryň bilim almagyna päsgel berýän radikal hereketiň wekilleri bilen ýygnak geçirmek olaryň ykrar edilmegine ýol açмak diýip hasaplaýar.

Amerikan goşunlary Owganystandan çykarylandan bir ýyl töweregi wagt geçdi, şeýle-de bolsa, ýurtdaky howpsuzlyk meselesi çözülmedi. Durmuş problemalary barha erbetleşýär, ykdysadyýet hereketsiz ýagdaýynda galýar. Bularyň ählisi goňşy ýurtlara täsir edýär.

Sebitde özlerini lider hasaplaýan döwletler owgan meselesiniň kadalaşmagyna öz täsirini ýetirjek bolup gyzyklanýar. Beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa döwletleri Owganystana ynsanperwerlik kömegini berýär. Şeýle-de bolsa, olaryň ählisi Kabula deň derejede oňyn garamaýar. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň Gyrgyzystanda geçirilen maslahatynda-da öz beýanyny tapdy.

Eger Özbegistan hem Gyrgyzystan “Talyban” bilen sosial-ykdysady gatnaşyk gurmak kararynda bolsalar, Täjigistan Owganystany öz howpsuzlygyna howp abandyrýan ojak hasaplaýar.

Özbegistanyň paýtagtyndaky konferensiýa Owganystanyň çäginden, Merkezi Aziýa ýurtlaryna aram-aram ok atylmagynyň fonunda geçirildi. Soňky dört aýyň dowamynda, Owganystandan top oklary Täjigistana we Özbegistana üç gezek atyldy. Özbegistanyň Termez şäherine atylan bäş sany top oky ýarylman saklandy. Soňra "Talyban" bu hüjümi guran söweşijileriň tussag edilendigini habar berdi.

"Talyban" Owganystanda häkimiýete gelenden soň, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan bu ýurt bilen diplomatik ýollar arkaly gatnaşyklary ösdürmäge synanyşýar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon “Talybany” başga milletleri öz içine almaýan hökümet gurmandygy üçin aýyplaýar. Owganystanda täjikleriň uly diasporasy ýaşaýar. “Milli garşylyk fronty” Owganystandaky “Talybana” garşy durýan ýeke-täk gurama. Onuň düzümi esasan owgan täjiklerinden ybarat bolup, tanymal meýdan serkerdesi Ahmad Şah Masudyň ogly ýolbaşçylyk edýär. Bu gurama Panjşir jülgesinde “Talybana” garşy durmak bilen tanalýar. “Front” Owganystanda ýaşaýan etnik toparlar hökümete deň derejede gatnaşmalydyr diýip hasap edýär. Häzirki owgan hökümetiniň aglaba köplügini, esasan, puştunlar düzýär, olaryň arasynda özbekler hem bar, ýöne täjikleriň wekili ýok.

YNAM BOLMASA-DA, ŞERTLER KESGITLENÝÄR

Daşkentdäki ýygnak barada ABŞ-nyň Prezidentiniň Owganystandaky aýallar we adam hukuklary boýunça wekili Rina Amiri: "Aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramazdan, ähli etnik we dini jemagatlara garşy edilýän hukuk bozulmalary bes etmezden we öz içine alyjy syýasy prosesi öňe sürmezden howpsuzlygy, ykdysady durnuklylygy we parahatçylygy gazanyp bolmaz" diýip, twitter’de ýazdy.

Daşkent konferensiýasynda Özbegistan-Owganystan serhedinden, Pakistana çenli demir ýol ulgamynyň gurluşygy hem-de Özbegistandan Owganystanyň demirgazyk-merkezine elektrik geçirijini gurmak teklip edildi. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew konferensiýa gatnaşyjylara ýüzlenmesinde, Talyplary terroristler bilen gatnaşyklaryny kesmäge çagyrdy. Ol munuň “Talyban” hökümetine ynam döretmäge ýardam etjekdigini aýtdy.

Duşuşykda “Talybanyň” adam hukuklaryna, şol sanda aýallaryň hukuklaryna hormat goýmak meselesine aýratyn üns bermelidigi aýdyldy. "Talybanyň" wekilleri ýurduň maýa goýumlaryna mätäçdigini aýdyp, ABŞ tarapyndan petiklenen serişdeleri yzyna gaýtarmaga gyzyklanma bildirdiler. Käbir maglumatlara görä, Waşington üçünji bir ýurtdaky geçiriji gazna arkaly Owganystanyň ätiýaçlyk gorlary üçin, ýedi milliard dollar töweregi geçirmäge başlamakçy. "Talyban" muňa garşy däl, ýöne daşarky gözegçiligi islemeýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolsa gaznadaky pul paýlanyşyny halkara geňeşiniň gözegçiligi astynda saklamaly diýip hasaplaýar.

Dürli etniki toparlary öz içine alyjy hökümet döretmek, adam hukuklaryny goramak, aýratyn-da aýallaryň, gyzlaryň we etnik azlyklaryň hukuklaryny goramak, şeýle hem terrorçylyk gurluşlary bilen gatnaşyklary kesmek – “Talybandan” edilýän esasy şertler bolup durýar. Emma “Talyban” häkimiýet başyna geleli bäri geçen 11 aýda hiç hili öňegidişlik bolmady.

«FAILED STATE»?

Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geleni bäri Özbegistan owgan meselesi taýdan has işjeňleşdi. Owganystanyň öňki hökümetiniň döwründe, prezident Mirziýoýewiň teklibi bilen 2018-nji ýylda Daşkentde “Kabul prosesi” ýygnaklarynyň biri geçirilipdi. “Kabul prosesi” “Talyban” bilen gepleşikler üçinem platforma öwrüldi.

Daşkentde geçen Owganystan konferensiýasy
Daşkentde geçen Owganystan konferensiýasy

Germaniýada ýaşaýan Owganystan boýunça bilermeni Esedulla Oguz “Talyban” tarapyndan dolandyrylýan Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ol isleýän goňşusy däldigini aýdýar.

— Häzirki ýagdaýda “Talyban” goňşularyna çydamlylyk hem hoşniýetlilik bilen garaýar. Munuň üsti bilen "Talyban" halkara jemgyýetçiliginiň we sebit ýurtlarynyň goldawyny gazanmak isleýär – diýip, bilermen hasap edýär.

Esedulla Oguz "Talybanyň" öz häkimiýetini berkidýänçä, şeýle hereket etjekdigini, şondan soň belli bir öwrülişigiň boljakdygyny öňe sürýär. Onuň sözlerine görä, “Talyban” döwründe Owganystan terrorçylyk guramalarynyň işiniň orta we uzak möhletleýin merkezi bolmagy mümkin. Munuň özi sebitde we dünýäde alada döredip biler. Oguz Owganystanyň ýene-de neşe önümçiliginiň esasy bazasyna öwrülip biljekdigini aradan aýyrmaýar.

— Maliýe çeşmelerinden mahrum bolan “Talyban” öz dolandyryşyny maliýeleşdirmek üçin, neşe önümçiligini artdyrmaga mejbur bolar. Degişli

çäre görülmese, bu geljekde 11-nji sentýabr wakasynyň gaýtalanmagyna sebäp bolup biler. Şonda "Talyban" ýene-de dünýäniň "baş agyrysyna" öwrüler – diýip, bilermen Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

Dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Owganystanyň goňşularynyň ähli etnik toparlaryň wekillerini öz içine alýan täze hökümet gurulmagyny öňe sürmek üçin, “Talybana” edilýän basyşy güýçlendirmeli diýip, Esedulla Oguz hasap edýär.

— Beýle bolmadyk ýagdaýynda, Owganystanda parahatlyk we asudalyk bolmaz. Eger goňşyňyzyň öýi ot alsa, iru-giç ot siziň öýüňize-de düşüp biler – diýip, Owganystan boýunça bilermeni Esedulla Oguz sözüni jemledi.

Özbek syýasatçysy Farhad Tolipow Owganystanyň gaty kyn günleri başdan geçirýändigini aýdýar.

— Bu failed state, ýagny kemala gelmedik döwlet. Bu ýurtda häkimiýet başynda kim bolaýanda-da, hakyky döwlet hereket edip başlamasa, onuň institutlary işlemese, terrorçylyk howpy ýok edilmese, halkyň aglaba köplügi öz ýurdundan gaçman, eýsem hökümetini goldamasa, ol ýurt bilen nähilidir gatnaşyk gurmak mümkin bolmaz – diýip, daşkentli bilermen aýdýar.

MERKEZI AZIÝANYŇ OWGANYSTANDAKY BÄHBITLERI

Gazagystandan bolan ykdysatçy Saparbaý Žobaýewiň pikirine görä, Milli Bankyň emlägi hasaplanýan Owganystanyň öňki hökümetiniň daşary ýurtlardaky baýlygy “Talybana” öz şertlerini döretmek üçin gural boldy.

— Bu aýallar üçin deň hukuklaryň döredilmegine we beýleki etnik toparlaryň hökümete goşulmagyna belli derejede täsir edip biler. Halkara gözegçiligiň ýola goýulmagy arkaly bu puluň belli bir böleginiň halkara gaznalaryndan yzyna gaýtarylmagy Owganystandaky açlygyň öňüni alar we halkyň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga ýardam eder. Munuň aňyrsynda ýene-de Owganystana haýyr-sahawat berýän donor ýurtlar hem bar. Her niçik bolsa-da, puly göni “Talybana” berip bolmaz. Ol puluň ýaraglara ýa-da beýleki erbet maksatlara sarp edilmejekdigine kim kepil geçer?! – diýip, ykdysatçy sorag goýýar.

Syýasatşynas, Gazagystanyň öňki diplomaty Kazbek Beýsebaýew haýsy hökümetiň häkimiýet başynda bolmagyna garamazdan, Owganystanyň halky üçin söwdanyň möhümdigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, goňşy ýurtlar,

esasanam Merkezi Aziýa döwletleri Owganystan bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmeli.

— Biz islesek-islemesek-de, häzir “Talyban” Owganystanda öz täsirini giňeldýär. Şoňa görä, Merkezi Aziýa ýurtlary bu ýurt bilen söwda gatnaşyklaryny giňeldip biler, bir tarapdan, öz önümlerini satyp biler, beýleki tarapdan, Owganystanyň ilatynyň azyk üpjünçiligine bolan isleglerini kanagatlandyryp biler. Munuň özi ýurtda parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmak üçin esas bolar – diýip, syýasatçy hasap edýär.

Kazbek Beýsebaýewiň sözüne görä, Owganystan bilen gatnaşyklarda, Merkezi Aziýanyň her bir döwleti öz bähbitlerini yzarlaýar. Özbegistan Owganystandan Pakistana çenli demir ýol ulgamyny gurmak isleýär, Täjigistan bolsa bu ýurt bilen aragatnaşykdan howatyr edýär.

— Gazagystan Merkezi Aziýada Owganystan bilen serhetleşmeýän ýeke-täk ýurt. Umumy serhet ýok — düýpli bir howp hem ýok. Gazagystan Owganystana un we bugdaý satýar. Owganystan Merkezi Aziýanyň artykmaç önümleri üçin, möhüm bazar bolup durýar. Mundan başga-da, Owganystandan ýüzlerçe talyp Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýar – diýip, Beýsebaýew Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

"Talyban" 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda, Owganystanda häkimiýeti ele aldy. “Talyban” hökümetini entek hiç bir ýurt resmi taýdan ykrar etmedi. Bu hereket 1996-2001-nji ýyllar aralygynda, Owganystanda agdyklyk edipdi we 11-nji sentýabr wakalaryndan soň, ýurda getirilen halkara koalisiýa güýçleri tarapyndan kowuldy.

Kuanyşbek Kari

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG