Ahal we Balkan welaýatlaryndaky goraghanalarda we tokaý hojalyklarynda eşegi tebigy şertlerde semretmek we köpeltmek çäresi güýçlendi diýip, goraghanalaryň we hojalyklaryň birnäçe hünärmeni Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylaryna anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu maglumatlar häkimiýetler tarapyndan resmi derejede ne tassyklanyp, ne-de inkär edilýän mahaly, hökümet edaralaryndaky çeşmelerimiziň we hünärmenleriň birnäçesi munuň sebäbini eşek etiniň Hytaý tarapyndan “gymmat bahadan satyn alynmagy” bilen düşündirýär.
“Ahalyň çäklerindäki Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda we Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanasynda, şeýle-de Balkanyň çäklerindäki Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda we Hazar döwlet tebigy goraghanasynda müňlerçe eşek ýabany şertlerde köpeldilýär. Olar semreýänçä el degrilmän saklanýar” diýip, goraghanalaryň birindäki hünärmen anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahaldaky we Balkandaky tokaý hojalyklaryndaky çeşmelerimiziň birnäçesi hem bu maglumaty tassyklap, eşekleriň diňe döwlet goraghanalarynda däl, eýsem bu hojalyklaryň tokaý meýdanlarynda saklanyp semredilýändigini aýtdy.
“Eşek söwdasy gizlin saklanýar”
“Ahaldaky we Balkandaky, şeýle-de ýurduň beýleki welaýatlaryndaky tokaý hojalyklarynyň tokaý meýdanlarynda häzir jemi 100 müň başa golaý eşek saklanýar” diýip, çeşmelerimiziň biri aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz eşegi köpeltmek çäresiniň mundan birnäçe ýyl ozal bat alandygyny aýdyp, munuň sebäbini eşek etiniň Hytaý tarapyndan “gymmat bahadan satyn alynmagy” bilen düşündirýärler.
“Hytaý döwleti eşekleriň etini we derisini satyn alýar. Olar bularyň her bir kilogramyna 15 dollardan başlap pul töleýär. Soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda Hytaýa her biriniň agramy 300 kg töweregindäki 5 müňden gowrak eşek eksport edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly hünärmen aýtdy.
Hünärmenler we çeşmelerimiz bu işleriň hökümetiň ýa-da hökümete ýakyn emeldarlaryň gözegçiliginde amal edilýändigini, ýöne “eşek söwdasynyň gizlin saklanýandygyny” hem aýdýarlar.
“Döwlet bu eşek söwdasyndan oňat girdeji alýar. Eşege artykmaç künjara, kepek hem berilmeýär. Ýöne hökümetimiz türkmençilikde eşek etiniň söwdasy halanmaýandygy sebäpli, şeýle-de “günüň eşek etine galdymy” diýen gep-gürrüňler bolmasyn diýip, bu söwdany gizlin saklaýar” diýip, hünärmenleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz eksporta taýýar hasaplanan eşekleriň esgerleriň kömegi bilen, gije ýük ulaglaryna geçirilýändigini we goraghanalardan, tokaý hojalyklarynyň meýdanlaryndan çykarylýandygyny hem aýtdylar.
"Eşege bolan talap atdy, bahasy ýokarlandy"
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar barada resmi teswir almak üçin Ahalyň we Balkanyň agzalýan goraghanalary we tokaý hojalyklary bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 8-nji sentýabrda bu edaralaryň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Bu aralykda, habarçylarymyz soňky aýlarda agzalýan sebitlerde eşegi satyn almaga bolan talabyň artandygyny we munuň eşegiň bahasynyň ýokarlanmagyna hem getirendigini aýdýarlar.
“Adamlar hem indi eşege bolan talabyň artandygyna düşünip, ony ozalky ýyllardaky ýaly arzan bermän, semiz eşekleri azyndan 2 müň manada satýarlar. Mundan ozal 200 manada hem eşek satyn alynmaýardy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtda, balkanlylaryň we ahallylaryň ençemesi ilatyň, hususan-da, oba ýaşaýjylarynyň arasynda eşege bolan talabyň artandygy barada habarlylyk bolsa-da, onuň anyk sebäpleri barada köp maglumatyň ýokdugyny aýdýar.
Hytaýly telekeçiler, hytaý medisinasy...
Türkmen häkimiýetleri, şol sanda oba hojalygy we daşky gurşaw resmileri bu ýagdaýlar barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar. Bu barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.
Ýöne bu maglumatlar, soňky ýyllarda hytaýly telekeçileriň dünýäniň dürli künjeklerinde eşekleri satyn alýandygy we eşekleriň hytaý medisinasynda, şol sanda kosmetika serişdeleriniň önümçiliginde ulanylýandygy barada dünýä metbugatynda habarlaryň peýda bolýan mahalyna gabat geldi.
Şeýle-de, bu maglumatlar Mary welaýatynda bazar bahasyndan iki esse arzan satylan etiň eşek etidiginiň aýdylýandygy barada habarlaryň gelip gowşan mahalyna gabat geldi. Geçen aýyň ahyrynda Marynyň söwda pudagyndaky çeşmelerimiz laboratoriýa barlagynda sygyr eti diýlip satylan etiň eşek etidiginiň anyklanandygyny we bu iş bilen bagly sekiz adamyň saklanandygy aýtdylar. Häkimiýetler bu maglumatlary häzire çenli resmi taýdan ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.
Azatlyk bu wakalaryň arasynda haýsydyr bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny häzirlikçe anyklap bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum