Türkmenistanda dowam edýän et gymmatçylygynyň arasynda, Mary welaýatynyň käbir bazarlarynda adatdakysyndan tas iki esse arzan bahadan et satuwa çykaryldy. Munuň bilen bir wagtda, Marynyň söwda pudagyndaky ygtybarly çeşmelerimiz “sygyr eti diýlip satuwa çykarylan etiň eşek etidiginiň anyklanandygyny” we munuň bilen bagly sekiz adamyň saklanandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy awgustda sebitden maglumat berdi.
“Mary şäheriniň ‘Lälezar’ we ‘Gök’ bazarlaryndaky et dükanlarynda geçen hepdäniň ortalarynda arzan bahadan et satuwa çykaryldy. Bazarlarda adaty göle etiniň bir kilogramy 160 manat bahalanýan mahaly, bu et 80 manatdan satyldy. Adamlar bu etiň arzanlygyna begenip, 3-5 kilogramdan satyn aldylar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Aradan birnäçe gün geçensoň, has takygy geçen hepdäniň ahyrynda bu etiň söwdasy duýdansyz bes edildi we ony satuwa çykaran dükanlar hem ýapyldy.
Marynyň söwda pudagyndaky ygtybarly çeşmelerimiz “sygyr eti diýlip satuwa çykarylan etiň eşek etidiginiň anyklanandygyny”, munuň bilen bagly sekiz adamyň saklanandygyny aýdýarlar.
“Bu etleriň eşegiň etidigini şol eti satýan satyjylaryň biri öz tanşynyň ýanynda aýdypdyr. Ol şondan soň polisiýa habar berdi. Soňra polisiýa işgärleri laboratoriýa derňewi geçirip, arzan etiň hakykatdan hem eşegiň etidigini anyklady. Häzir bu iş bilen bagly sekiz adam saklandy. Olaryň aglabasy ‘Lälezar’ bazaryň söwdagärleri” diýip, çeşmelerimiziň biri aýtdy.
Häkimiýet wekilleri telefony dessine taşladylar
Sebit häkimiýetleri, şol sanda bazar administrasiýalary bu barada aç-açan maglumat bermeýärler. Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň polisiýa bölümi, bazar administrasiýalary, şäher häkimligi, söwda edarasy, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we kesellere garşy göreş gullugynyň ýerli edarasy bilen habarlaşyp, resmi teswir almaga synanyşdy.
Degişli bazarlarda “göle etine derek eşek etiniň satylandygynyň anyklanandygy we munuň bilen bagly sekiz adam saklanandygy” baradaky maglumatlar barada soranymyzda, 26-27-nji awgustda telefona jogap beren häkimlik, Döwlet arassaçylyk we kesellere garşy göreş gullugynyň we polisiýanyň wekilleri telefony dessine taşladylar. Galan edaralarda yzygiderli edilen telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda dini kadalar we däp boýunça eşek iýmit hökmünde ulanylmaýar we onuň eti 'hapa' hasaplanýar; ýurtda ilat adatça sygyr, goýun, geçi we towuk etlerini sarp edýär.
Ýurduň Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakyndaky kanuna görä, senagat usulynda öndürilmedik azyk önümleri bazarlarda diňe bazaryň sanitariýa-azyk barlaghanasynyň olaryň talaplara laýykdygyny tassyklaýan netijenamasy bolan ýagdaýynda satylyp bilner. Maldan alynýan azyk önümleriniň bazara getirilmegi üçin bolsa weterinariýa gullugynyň netijenamasy hökmanydyr.
Şeýle resminamalary bolmadyk, hili pes ýa-da adam saglygy üçin howply diýlip ykrar edilen önümler satuwdan aýrylmaly, yzyna ýygnalmaly ýa-da ýok edilmeli. Kanunyň 25-nji maddasy hem satyjydan önümiň hili we howpsuzlygy barada sarp edijä doly hem-de dogry maglumat bermegi talap edýär.
"Polisiýa 'barlag geçirjek" diýip, 10-20 kg eti alyp gidýär"
Bu aralykda, polisiýa işgärleri agzalýan bazarlardaky satyjylara, şeýle-de şol töwerekdäki kafelere, restoranlara we garbanyşhanalara aýlanyp, degişli dükanlardan et satyn alandyklaryny ýa almandyklaryny soraýarlar.
“Olar et aldyňyz ýa öň alýardyňyzmy diýip soradylar. Biz alamyzok diýenimizden soň, ‘laboratiroýada barlag geçirjek’ diýip, kafedäki etimizden 20 kilograma golaýyny alyp gitdiler. Barlag geçirmek üçin şonça et gerek bolýarmyka?” diýip, töwerekdäki kafeleriň biriniň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bazar satyjylary hem bu maglumatlary tassyklap, polisiýa işgärleriniň ‘laboratoriýada barlag geçirjek’ diýip, her bir satyjydan ýa-da kafeden 10-20 kilogram aralygynda et alyp gidýändigini aýtdylar.
“Polisiýa işgärleri bazar administrasiýalaryny hem soraga çekýärler. Administrasiýa polisiýa işgärlerinden sypmak üçin para bermäge mejbur bolýar. Sebäbi polisiýanyň esasy maksady bu işi anyklap, öňüni almak däl-de, para alyp, bu işi biriniň üstüne ýüklemek ýaly bolup görünýär” diýip, bazar administrasiýasyna ýakyn bir çeşmämiz aýtdy.
Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar ýurtda ilat tarapyndan adatça iýmit hökmünde sarp edilmeýän etiň bazarlarda satuwa çykarylandygy baradaky maglumatlaryň ýaýramagy bilen, munuň saglyga ýetirip biljek täsirleri barada aladalanýarlar.
Ilat toý-sadakalarda naharlanmakdan saklanýar
“Geçen hepdäniň ahyryndan bäri restoranlarda we kafelerde geçirilýän toý-sadakalara barýan adamlaryň arasyn hödürlenýän naharlaryň eşegiň etinden taýýarlanandygyndan gorkup, baran ýerinde nahar iýmän gaýdýanlar juda köp. Olar haýsy etden we nädip bişirilendigini görmedik naharlaryny iýip, dürli infeksiýalar, kesellere uçrap, saglygynyň ýaramazlaşmagyndan gorkýandyklaryny aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, ýaşaýjylaryň ençemesi bu mesele boýunça ýerli häkimiýetlere ýüzlenmegiň peýdasynyň ýokdugyny, olaryň muny düýpli çözjekdiklerine ynanmaýandyklaryny aýdyp, Aşgabatdaky ýolbaşçylardan et we et önümleriniň satuwyna gözegçiligi güýçlendirmegi soraýar.
Eşek etiniň başga mal eti hökmünde satylmagy bilen bagly ýagdaýlar Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem birnäçe gezek ýüze çykdy we jemgyýetde seslenme we nägilelik döretdi. Bu mesele MA ýurtlarynyň habar serişdelerinde hem gozgaldy. Şeýle-de, jenaýat derňewleri geçirildi.
Geçen aýyň başynda goňşy Özbegistanda eşek söwdagäri žurnalistik derňewden soň türme tussaglygyna höküm edildi.
“Kaşkaderýa welaýat sudunyň jenaýat işleri boýunça bölüminiň sudy 44 ýaşly ýerli ýaşaýjy I.H.-ny hususy öýüniň howlusynda eşekleri soýup, olaryň etini bazarlarda satandygy üçin türme tussaglygyna höküm etdi” diýip, Kun.uz neşiri suduň metbugat gullugyna salgylanyp, 11-nji iýulda habar berdi.
Gymmatçylyk, nägilelikler, kinaýaly wideolar
Türkmenistanda mal we towuk etleriniň bahasynyň durnuksyzlygy bir ýyl çemesi wagt bäri saklanyp galýar. Şu ýylyň iýul aýynyň ortalaryndan bäri bolsa, etiň hem-de et önümleriniň bahasynyň tapgyrlaýyn esasda ýokarlanmagy dowam edýär. 15-nji iýulda ýurduň dürli welaýatlaryndaky bazarlara aýlanyp gören habarçylarymyz nyrhlaryň 10-30% aralygynda ýokarlanandygyny habar berdiler.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň fonunda, et gymmatçylygy ilat arasynda nägileligi hem güýçlendirýär. Geçen aýyň ahyrynda Lebabyň Dänew we Kerki etraplarynda ýaşaýjylaryň onlarçasy etrap häkimliklerine baryp, etiň gymmatlamagyna nägilelik bildirdi.
Şol bir wagtda, etiň bahasynyň gymmatlamagy sosial torlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda hem giňden gürrüň edilýän temalaryň birine öwrülýär. Ulanyjylaryň käbirleri ýurtda iň pes aýlygyň 1500 manada barabardygyna we oňa 10 kilogram sygyr etiniň hem düşmeýändigine ünsi çekýärler.
Sosial ulgamlarda paýlaşylýan käbir wideolarda ulanyjylar bu meseläni ýaňsylaýjy mazmunda hem gozgaýarlar. Şol wideolaryň birinde ulanyjy 100 gram etden 10 gram çemesi bölüp alyp, ony gazanda ýagda bir salym gowrup, tagamyny çykaryp, soňra holodilnige salyp goýýandygyny görkezýär we ony agşamlyk naharynda gaýtadan ulanyp, şu usul bilen, eti 10 güne çenli ýetirip bolýandygyny, kinaýa bilen gürrüň berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum