Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň birnäçe etrapçasynda zibil çeleklerinden täze doglan dört bäbegiň jesedi tapyldy. Bu wakalar iýun we iýul aýlarynyň dowamynda aýrybaşga dört günde hasaba alyndy.
Ýerli häkimiýetler tarapyndan berk gizlin saklanmaga çalşylýandygy aýdylýan bu wakalar barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralaryndaky biri-birinden habarsyz ygtybarly iki çeşmesi maglumat berdi.
“Şäheriň ‘Gül bazar’, Derýaçylar hem-de Demirýolçylar etrapçalarynda zibil taşlanýan gutulardan ýaňy dünýä inen dört bäbegiň jesedi tapyldy. Bäbekler iýun we iýul aýlarynyň dowamynda, aýrybaşga günlerde, emma ýakyn wagt aralygynda tapyldy” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk Radiosyna bu wakalar baradaky ilkinji maglumatlar awgust aýynyň ortalarynda gelip gowuşdy. Ýöne redaksiýamyz maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelerine tassykladýança, häzirki güne çenli bermekden saklandy.
“Bäbekleriň jesetleri aýrybaşga şäher ýaşaýjylary tarapyndan tapyldy. Ýöne olary hem dymdyrdylar. Olara wakalar barada hiç ýerde gürlemezlik berk tabşyryldy. Olar şeýle bir gorkuzylan welin, öýlerinden diňe zerur ýerlere, şol sanda bazara çykýarlar. Olara psihiki basyş edilene meňzeýär” diýip, polisiýadaky beýleki bir çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiziň sözlerine görä, wakalar baradaky maglumatlar Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň görkezmesi bilen berk gizlin saklanmaga çalşylýar.
“Wakalar MHM tarapyndan ýapyk maglumat diýlip yglan edildi. Şonuň üçin hatda polisiýa edaralarynda-da bu barada ähli işgärleriň habary ýokdy. Emma sülçüleriň şäherde ten söwdasyny guramakda güman edilýän aýallar we käbir beýleki ýaşaýjylar bilen sorag-jogap geçirmegi maglumatlaryň polisiýa işgärleriniň arasynda belli bir derejede ýaýramagyna sebäp boldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz wakalar barada aç-açan gürrüň etmegiň heniz-de gadagandygyny, şol sebäpli bäbekleriň jesetleriniň tapylmagy bilen bagly jikme-jiklikleriň äşgär edilmeýändigini hem belleýärler.
"Zibil çeleklerine terk edilenden soň jan berendigi..."
“Häzirki wagtda elýeterli bolan maglumatlara görä, bäbekleriň jesetlerinde geçirilen medisina derňewlerinde olaryň öldürilendigini yşarat edýän alamatlaryň ýokdugy, zibil çeleklerine terk edilenden soň jan berendigi anyklanypdyr” diýip, polisiýadaky beýleki bir çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiz wakalar barada derňew işleriniň heniz-de dowam edýändigini, bularyň çäginde şäheriň käbir sebitlerindäki raýatlar bilen bir hatarda, ten söwdasy bilen meşgullanýan zenanlaryň hem soraga çekilýändigini bellediler.
Azatlygyň sebitdäki habarçylary we çeşmeleri wakalary yzarlamagy we munuň bilen bagly jikme-jiklikleri öwrenmegi dowam etdirýärler.
Redaksiýamyz bu barada maglumat almak üçin sebitiň degişli häkimiýetleri, şol sanda şäher häkimligi, Polisiýa müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne Azatlygyň 4-nji sentýabrda bu edaralara eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda täze doglan bäbekleriň terk edilmegi we olaryň ölümi ýaly wakalar boýunça jikme-jik resmi statistika açyk çap edilmeýär. Türkmen häkimiýetleri bu barada aç-açan gürrüň hem gozgamaýarlar. Döwlet gözegçiligindäki metbugatda hem şeýle wakalar barada, adatça, habar berilmeýär.
Ýöne soňky ýyllarda Türkmenistanda täze doglan bäbekleriň zir-zibil çeleklerinde tapylmagy bilen bagly wakalar wagtal-wagtal ýüze çykýar. Şol wakalaryň birinde bäbegiň jesedini zibil çelegine zyňandygy güman edilýän talyp gyzyň tussag edilendigini, paýtagtdaky çeşmelerimiz habar beripdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň, lukmanlaryň we mugallymlaryň ençemesi munuň sebäplerini ykdysady kynçylyklar, ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşmagy we ýetginjekleriň arasynda jynsy saglyk, göwrelilikden goranmak temalarynyň aç-açan gürleşilmezligi bilen baglanyşdyrýar.
Olar ýurtda çaga aýyrtmagy hakykatda doly diýen ýaly gadagan edýän kanunlaryň hem şeýle ýagdaýlaryň gürelmegine getirýändigini aýdýarlar.
"Örän howply kararlary kabul edip biler"
Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak baradaky" kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, çagany aýyrtmaga bäş hepdelik göwrelilik möhletine çenli rugsat berilýär.
Bu bir aýalyň aýbaşysynyň gijikmegi sebäpli özünde çaga galandygyny çaklap, eger aýyrtjak bolsa, bäş hepdelige golaý çagasyny birnäçe gün içinde düşürtmelidigini, şondan gijikse, onuň kanuny bozýandygyny aňladýar. Göwrede galan çagany bäş hepdeden soň düşürtmek üçin ýörite komissiýanyň karar çykarmagy gerek.
Türkmenabatdaky “Ene mähri” merkezindäki çeşmämiz ýetginjekleriň arasynda jynsy saglyk, göwrelilikden goranmak we islenilmedik göwrelilik ýüze çykanda nirä ýüz tutmalydygy barada düşündiriş işleriniň ýeterlik geçirilmeýändigini we munuň “pajygaly wakalara” sebäp bolýandygyny aýdýar.
“Mekdeplerde çagalar bilen bu temada açyk gürrüň edilmeýär. Ene-atalaryň hem köpüsi muny utanç hasaplap, çagalary bilen gepleşmeýär. Netijede, ýetginjek kyn ýagdaýa düşende, kime ýüz tutmalydygyny bilmeýär” diýip, merkezdäki çeşmämiz gürrüň berdi.
Söhbetdeşimiz maşgalalardaky agyr ykdysady ýagdaýlar, jemgyýet tarapyndan ýazgarylmak gorkusy, maşgala basyşy we lukmançylyk kömegine gizlin ýüz tutmak mümkinçiliginiň çäkliligi aýallaryň, hususan-da, ýetginjek gyzlaryň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrýandygyny belleýär.
“Göwrelilik ýüze çykanda, gyz köplenç muny maşgalasyndan gizleýär. Lukmana ýüz tutmaga ýa-da maslahat soramaga gorkýar. Şeýle ýagdaýda ol meseläni ýeke özi çözmäge synanyşyp, örän howply kararlary kabul edip biler” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum