Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagly-Garabagdaky ýangyç partlamasynda ölenleriň sany 68-e ýetdi


Dagly-Garabagdaky ýangyç ammarynda bolan partlamadan soň ölendigi tassyklanan adamlaryň sany 68-e ýetýär.

Bölüniji sebitiň ombudsmeni Gegham Stepanian Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna şu wagta çenli diňe 21 pidanyň şahsyýetiniň anyklanandygyny aýtdy.

Mundan öň, Ermenistanyň saglyk ministrine salgylanyp berlen metbugat habarlarynda, ölenleriň sanynyň 125-e ýetendigi aýdyldy.

Partlama Ermenistana gaçmak isleýän adamlaryň sebitden çykmak üçin awtoulagly ýangyç nobatyna duran ýerinde boldy. Partlamanyň anyk sebäbi entek kesgitlenmedi.

XS
SM
MD
LG