Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt ýyldyzlarynyň Aşgabatdaky konsertleri köp maşgalanyň çagalaryny gynandyrýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Azatlygyň çeşmeleri Aşgabada Täze ýyla gabat çagyrylýan daşary ýurt aýdymçylarynyň konsertleriniň, ol konsertlere baran raýatlaryň edýän gürrüňleriniň eli ýuka maşgalalaryň çagalarynyň baýramçylyk günlerinde we soňra has kemsinmegine, özlerini ‘gaty garyp’ duýmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly çeşme daşary ýurtly bagşylaryň Täze ýyla gabat guralýan konsertleriniň ene-atalary hem kyn ýagdaýa salýandygyny, olaryň käbiriniň çagalarynyň göwnüni ýykmajak bolup, karz alyp, her ýyl bergi-borja girýändigini gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary bu ýagdaý barada birnäçe ýaşaýjy bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldy.

"Garyp halk gultunyp, öýünde oturýar”

“Ilatyň aglaba köplügi aýlykdan-aýlyga ýa-da zähmet migrantlarynyň daşary ýurtlardan iberýän pullaryna zordan diýen ýaly güzeran aýlaýar. Ol konsertler diňe çagasyny aýnadyp, soň goňşularyna we bile işleýän kärdeşlerine şonça pula bilet satyn alanyny gürrüň berip öwünýän ene-atalara gerek” diýip, aşgabatly zenan aýtdy.


Habarçy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylary käbiri bu meseledäki soraga gaty gaharly jogap berdi we Azatlyk olaryň ulanan sözlerini ulanmakdan saklanýar.

“Ol konsertlere diňe hökümeti talaýanlaryň..., çagalary, töweregi, özüni oňarýan bloggerler we beýlekiler girip bilýär. 3000 manat - bu bir adamyň iki aýlyk zähmet haky bolýar. Garyp halk gultunyp, öýünde oturýar” diýip, ýene bir ýaşaýjy halk içindäki nägieligi ýagdaýy tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, araçylaryň üsti bilen satylýan biletleriň bahasyny eşiden garyplaryň käbiri ‘wah, onça pulum bolsa, çagalaryma kurtka, palto alardym’ diýip, içindäki pikirini daşyna çykarýar, käbiri ‘biziň çagalarymyzyň agzyna et degmegi problema, konsert ýadyna-da düşenok’ diýýär.

Söhbetdeşlerimiziň biri türkmen hökümetiniň her ýyl daşary ýurtlardan bagşy çagyryp, ilatyny bagtyýar, aýdym-saz tomaşalaryna şeýle kän pul sowup bilýän edip görkezmek üçin, ýönekeý halkyň göz öňüne getirip bilmejek derejesinde uly pul harçlaýandygyny öňe sürdi. Emma Azatlygyň habarçylary bu maglumaty resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Türkmen metbugaty daşary ýurtly aýdymçylaryň konsertlerine satylýan biletler, olaryň arassa girdejisi, konsert gurnaýjylaryň gazançlary, konsert döwründe azyk önümlerini satan, beýleki hyzmatlaryny edip, azda bolsa iş, gazanç mümkinçiligini tapan adamlar, olaryň sany barada hiç bir maglumat bermeýär.

Söhbetdeşlerimiziň käbiriniň hasaplamalaryna görä, daşary ýurt bagşylary Aşgabada onlarça däl, ýüzlerçe müň dollar serişdäniň ‘öwezine gelýär’.

“Mustafa Sandal ýa-da Semijenk ýaly, öz hususy uçarlarynda gelýän aýdymçylaryň çykarýan çykdajysy ýüz müň dollardan geçýär, gelip-gidenini, bu zatlary hasaplap, olaryň uly pula gelýändigini hasaplasa bolýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Söhebtdeşlerimiziň biri amerikan ýyldyzy Jenifer Lopeziň uly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyny gutlamaga gelip, 1,5 million dollar gazanandygyny, ýöne onuň günbatar metbugatynda tankyt edilendigini ýatlady.


Onuň pikiriçe, Türkiýeden ýa Orsýetden, musulman ýurtlaryndan gelýän we söz, metbugat azatlygynyň ýok ýurdunda, döwlet propagandasyna goşulyp, awtoritar dolandyryjynyň ‘abraýyny ýokarlandyrmaga çalyşýan’ ýyldyzlary tankytlaýan hem ýok.

Iri we ownuk 'talaňçylar'

Bir ýaşaýjy bu hili aýdymçylary ‘talaňçylar’ diýip häsiýetlendirdi we, ýokarda agzalan iri talaňçylardan soň, halky kiçi, ownuk talaňçylaryň, ýagny biletleriň emeli gytçylygyny döredip, 100 manatlyk biletleri 3 müň manada çenli gymmat bahadan satýandyklaryny aýtdy.

Onuň hasaplamalaryna görä, stadionlaryň, konsert zallarynyň ýolbaşçylary, kassirler bu döwürde ‘gowy, bikanun gazanç edýärler we ol gazançdan döwlet salgydyny tölemeýärler.

“Ilatynyň gartaşan bölegine, ýaş çagaly maşgalalara tölenýän ujypsyzja kömek puluny on göterim ýokarlandyrmaga mümkinçilik tapmadyk Türkmenistana bu elpe-şelpelik nämä derkarka, men muňa düşünip bilmeýärin” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Şu aralykda, “Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň “Arkadag” futbol toparynyň golaýda bäsleşjek garşydaşlarynyň biri Saud Arabystanynyň "Al‑Nasr" topary bolar we, şunuň bilen baglylykda, portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldonyň Aşgabada gelmegine garaşylýar.

“Ilkinji duşuşyk 11‑nji fewralda. çarşenbe güni, 10 müň tomaşaça niýetlenen «Arkadag» stadionynda geçiriler” diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Bu maglumaty dolulygyna "Halkyň sesi" gepleşigimizde, hepde ahyrynda diňläp bilersiňiz.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG