Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardaky ukrain erkekleri harby gulluga çagyrylar – goranmak ministr


Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow
Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow

Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow geljek ýyldan başlap daşary ýurtlarda ýaşaýan, 25-60 ýaş aralygyndaky erkekleri mobilizasiýa çekmek planlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Umerow mobilizasiýa yglan edilende, oňa boýun bolmadyklara garşy aýdyňlaşdyrylmadyk gadagançylyklaryň giriziljekdigini hem belledi.

Bu aralykda, Goranmak ministrligiň metbugat wekili Illarion Pawlýukyň sözlerine görä, Umerow bu çykyşy bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan ukrainlaryň Kiýewiň Russiýanyň basybalylyjylykly hüjümine garşy durmak tagallalaryna goşulmagyň ähmiýetini nygtamak isläpdir. Şeýle-de ol daşary ýurtlardaky ukrainlary gulluga çekmek boýunça mehanizmleriň entek maslahat edilmeýändigini sözüne goşdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň harbylarynyň goşmaça ýarym milliona golaý adama zerurlygyň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG