Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda bolan pajygaly wakadan soň, sebitde howpsuzlyk gulluklarynyň işjeňligi ýiti artdy

Türkmenistanyň köçeleriniň birinde duran polisiýa işgärleri we ýaşaýjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň köçeleriniň birinde duran polisiýa işgärleri we ýaşaýjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Daşoguz welaýatynda mundan 10 gün çemesi ozal bolan we türkmen häkimiýetleri tarapyndan häzirki güne çenli ne tassyklanýan, ne-de inkär edilýän pajygaly wakadan soň, sebitde kanun goraýjylaryň we howpsuzlyk işgärleriniň işjeňligi ýiti artdy.

Görogly etrabynda güýç gulluklary tarapyndan şübheli hasaplanýan raýatlaryň öýlerine reýd geçirilip, bikanun saklanýan aw ýaraglary gözlenýär. Sebitiň ruhy näsaglary hasaba alýan saglyk edarasynda hasapda duran raýatlar söhbetdeşlige çagyrylyp, barlagdan geçirilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Indi 10 gün bäri etrapda güýç gulluklary ruhy näsag adamlara we aw ýaraglaryny bikanun saklaýan adamlara garşy reýd geçirýärler. Etrabyň ähli obalarynda aw tüpeňleri bolmakda güman edilýän hojalyklaryň, ýagny polisiýanyň ýerli şugulçylary tarapyndan tassyk edilen hojalyklaryň öýleri, mal ýataklary berk barlanýar” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz bu çäreleriň Görogly etrabynda alty çaganyň kakasynyň ilki çagalarynyň ählisini atyp öldürip, soňra-da öz janyna kast etmeginden soň geçirilip başlanandygyny aýtdy.

"Seýrek gabat gelýän jenaýat, pajygaly waka ýüze çykdy"

“Daşoguzda, hatda tutuş ýurdumyzyň çäginde seýrek gabat gelýän jenaýat, pajygaly waka ýüze çykdy. Bu ýurt baştutanyna çenli habar berilýän hadysalar toparyna girýär. Şol sebäpli häzir ýokardan etraba örän berk gözegçilik edilip dur. Welaýat prokuraturasy we kazyýeti, MHM (Milli howpsuzlyk ministrligi) etrapda gije-gündiz jenaýatyň sebäplerini içgin öwrenýärler” diýip, etrabyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki ynamdar çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiziň sözlerine görä, çagalaryny öldürendigi aýdylýan adamyň jesedinde barlaglar geçirilip, neşe we psihotrop maddalara garşy analizler hem alnyp öwrenilýär.

"Häzirki wagtda adamyň ýaragy nireden alandygy ýa-da edinendigi nämälim bolmagynda galýar. Ýöne wakadan soň, bikanun saklanýan aw tüpeňleriniň gözlenip başlanmagy onuň, ähtimal, aw ýaragyndan ot açandygy baradaky şübheleri artdyrýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, ol pajygaly waka bilen baglanyşykly etrap polisiýanyň aw ýaraglary bölümine gözegçilik edýän ofiseriniň hem eýeleýän wezipesinden boşadylandygyny, ýöne bu barada jikme-jik maglumat berilmeýändigini hem belledi.

"Kanun goraýjy edaralaryň geçiren reýdleriniň çäginde etrap merkezinde, şeýle-de Leningrad we Türkmenistan daýhan birleşiklerinde 30-a golaý bikanun aw tüpeňi ele salyndy" diýip, çeşmämiz belledi.

Mundan başga-da, etrapda ruhy näsaglar bölüminde hasapda duran raýatlar we adam öldürmäge synanyşyp ýa-da ol hili jenaýat edip, türmede oturyp gelen öňki bendiler hem söhbetdeşlige çagyrylýar.

“Howpsuzlyk we saglyk işgärleri olar bilen söhbetdeşlik geçirýärler. Şeýle-de, olary dürli psihotest barlagyndan geçirmek işleri dowam edýär. Bu çäreleriň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş berilmeýär” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly ýerli saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa we Saglygy goraýyş müdirliklerinden telefon arkaly teswir almak boýunça yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi. 2-nji iýulda bu edaralaryň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler, adatça bolşy ýaly, bu pajygaly wakany ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde hem waka barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

“Ol bizi öldürýär!”

Ýöne bu barada, göräýmäge, ilkinji bolup habar beren garaşsyz neşir “Turkmen.news” özüniň ýerli habarçylaryna we çeşmelerine salgylanyp, pajygaly waka hakda käbir jikme-jiklikleri çap etdi.

“21-nji iýunda irden bolan wakada 1984-nji ýylda doglan ýerli ýaşaýjy M.G. eline ýarag alyp, ony uklap ýatan çagalaryna tarap gönükdirdi. Ol ilki çagalaryny we soňra-da özüni atyp öldürdi. Wakanyň bolan wagty adamyň aýaly, çagalaryň ejesi Russiýada zähmet migrasiýasynda eken... Çagalaryň ejesi perzentleriniň jaýlanan gününde Türkmenistana gelipdir. Ol jesetler çykarylmazdan bir sagat öň öýüne gelip ýetişipdir” diýip, neşir 29-njy iýunda çap eden maglumatynda belleýär.

Neşir merhumlary jaýlamaga gatnaşan oba ýaşaýjylaryna salgylanyp, wakanyň bolan wagtynda maşgalanyň geçen ýyl orta mekdebi tamamlan uly gyzynyň ejesine jaň edip ýetişendigini hem ýazýar.

“Ol ejesine “Ol bizi öldürýär!” diýip gygyryp bilipdir. Aýal adamsyna ýalbaryp, saklanmagy sorapdyr. Ýöne ol saklanmandyr” diýip, neşir merhumlary jaýlamaga gatnaşan oba ýaşaýjylarynyň biriniň aýdan sözlerini getirýär.

Habarda, oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, mundan birnäçe ýyl ozal çagalaryň kakasynyň kellesinden agyr şikes alandygy, şondan soňra onuň häsiýetiniň düýpli üýtgändigi we onuň ruhy näsaglar bölüminde hasaba alnandygy hem bellenilýär.

“Göroglynyň ýaşaýjylary şeýle rehimsiz gyrgynçylyga haýran galyp, psihiatriýada hasaba alnan bir adamyň öýünde nädip ýarag saklap bilýändigi baradaky soraglary soraýarlar. Ýerli polisiýanyň bu barada habary barmydy? Ýarag resmi taýdan hasaba alnanmy we oňa rugsatnama berlenmi?” diýip, neşir ýerli ýaşaýjylaryň orta atýan soraglaryny getirýär.

Türkmenistanda jenaýat hadysalary barada resmi habar berilmeýär. Ýurduň Içeri işler ministrligi hem degişli statistikany çap etmeýär. Resmi metbugat serişdeleri hem indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda bolýan jenaýat hadysalary barada asla habar bermeýärler.

Şol bir wagtda, Azatlylygyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan jenaýatçylykly ýagdaýlar, şol sanda adam öldürmek, öz janyna kast etmek we ýetginjek gyzlaryň zorlanmagy ýaly wakalar barada wagtal-wagtal habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG