Daşoguz şäherinde ilata demir ýol menzilinde oturdylan terminallar arkaly satylmaly otly petekleri polisiýa işgärleri tarapyndan döwlet bahasyndan tas üç esse gymmada satylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy maýda sebitden maglumat berdi.
“Demir ýol menzilindäki polisiýa işgärleri otly petegini satyn almak üçin oturdylan terminallaryň golaýyna raýatlary goýbermeýärler. Olar tertip-düzgüne we howpsuzlyga gözegçilik etmegiň deregine, ýolagçylara otly peteklerini gymmat bahadan satýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýa işgärleri raýatlaryň terminallaryň golaýyna goýberilmezliginiň sebäbini “Internet elýeterliliginiň ýoklugy sebäpli olaryň işlemeýändigi” bilen düşündirýärler.
Ýöne olar ýekelikde duran adamlaryň ýanyna baryp, petekleri döwlet bahasyndan tas üç esse gymmada teklip edýärler.
“Meselem, Daşoguz-Aşgabat arasynda gatnaýan otlynyň petegini 400 manada satýarlar. Bu petegiň döwlet bahasy takmynan 140 manada deň. Başga hiç ýerde petek tapyp bilmeýän ýolagçylar mejbur kaýyl bolýarlar we parany berýärler” diýip, daşoguzly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Bir okda iki towşan awladygy bolýar"
Polisiýa işgärleri petegiň döwlet bahasyny we onuň üstüne berilýän parany diňe nagt görnüşinde talap edýärler. Soňra olar terminaldan petegi nagt däl görnüşinde, öz bank kartlaryndan satyn alýarlar.
“Bu, polisiýa işgärleriniň bir okda iki towşan awladygy bolýar. Olar hem aýlyk kartyndaky puluny nagtlaşdyrýarlar, hem-de petegiň üstünden bikanun peýda görýärler” diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowşan suratlarda Daşoguzyň demir ýol menzilinde polisiýa işgäriniň ýolagçylardan nagt pul alýan pursatlaryny görse bolýar.
Daşoguzlylar bu bolýan hadysalaryň ähli ýolagçylaryň gözüniň öňünde bolup geçýändigini we ilatyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bolan ynamynyň barha gaçýandygyny aýdýarlar.
“Adamlar özara gürrüňlerde “ýurduň petige barýandygyny” aýdýarlar” diýip, daşoguzly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň “Demirýollary” gullugynyň ýerli edarasyndan we demir ýol menzilinden telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Daşoguzyň demir ýol menzilinde petekleri satyn almaga niýetlenen terminallar takmynan bir ýyl çemesi ozal oturdyldy. Ýolagçylar bu meseläniň şondan bäri dowam edýändigini, ýöne soňky hepdelerde has-da ýitileşendigini aýdýarlar.
Türkmenistanda raýatlar otly biletlerini üç usul – demir ýol menzillerindäki kassalar, terminallar we ýurduň “Demirýollary” gullugynyň resmi web sahypasy - arkaly satyn alyp bilýärler. Ýöne ýolagçylar ne kassalarda, ne-de gullugyň web sahypasynda petek tapdyrýandygyny aýdýarlar.
"Adamlar uzakly gün we gijesi bilen ýatman"
“Ýolagçylar kassalara baranda, ‘petek ýok’ diýip jogap berýärler we ‘Demirýollary’ gullugynyň resmi saýtyna girip, petek satyn almak maslahat berilýär. Resmi saýta bolsa girip bolmaýar. Täzeden synanyşyp görmek maslahat berilýär. Adamlar uzakly gün we gijesi bilen ýatman, synanyşýarlar, ýöne netije bolmaýar” diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk 29-njy maýda “Demirýollary” gullugynyň resmi web sahypasyndan petek satyn almaga synanyşdy. Ýöne web sahypada degişli ugur üçin petekleriň bahasy we gatnaw wagty görkezilse-de, raýatlar üçin olary satyn almak mümkinçiligi döredilmändir.
Demir ýol ulaglary ministrliginiň resmi web sahypasynda 5-nji maýda çap edilen maglumatda 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler boýunça “ösüş sanlary” mälim edildi.
Hasabat döwründe hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy diýlip, habarda bellenilýär.
Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat otly petekleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar. Bu problema uly baýramçylyklarda we dynç alyş möwsüminde has-da ýitileşip, biletleriň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar.
Korrupsiýanyň derejesine syn edýän "Transparency International" guramasynyň 10-njy fewralda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum