Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ýitileşýän suw ýetmezçiligi gowaça ekişini bökdeýär

Ekerançylyk meýdany (Illýustrasiýa suraty)
Ekerançylyk meýdany (Illýustrasiýa suraty)

Daşoguz welaýatynda suw ýetmezçiligi ýitileşýär. Welaýatyň köp etrabyna ne Şabat kanalyndan, ne-de Was kanalyndan suw gelýär. Kärendeçi daýhanlar ekerançylyk üçin möhüm bolan bu suw çeşmelerindäki gurakçylygyň oba hojalyk ekinleriniň, hususan-da, gowaçanyň hasylyna ýiti täsir etjekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Apreliň ortasy geldi, henizem suw ýok. Ruhybelent, Akdepe we Boldumsaz etraplary, hususan-da, Boldumsazyň günbatar bölegi, ýagny Guwanç Atametow, Zähmetkeş we Almalyk daýhan birleşiklerine ekin üçin suw gelmedi. Amyderýadan bölünen ne Şabat kanalyndan, ne-de Was kanalyndan suw gelýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ekerançylyk üçin möhüm suw çeşmesi bolup hyzmat edýän bu kanallarda suw ýetmezçiliginiň sebäbi barada häkimiýetler tarapyndan aç-açan gürrüň gozgalyp, maglumat berilmeýär.

Bu barada kärendeçi daýhanlaryň ýerli häkimiýetlere, esasanam oba hojalyk resmilerine edýän arz-şikaýatlary hem oňyn jogap tapmaýar. Ýöne ekiş möwsüminiň başlanýan wagtyna gabat gelen suw ýetmezçiligi daýhanlarda, hususan-da, pagtaçy daýhanlarda uly alada döredýär.

"Mundan soň ekilen gowaça haçan ýetişer?"

“Bir giden gowaça meýdanynda gowaça ekişine heniz-de girişilmedi. Demirgazyk welaýatda ýuwuş suwy bermän gowaça ýa-da gök bakja ekip bolmaýar. Suw bolan ýagdaýda hem, suw tutmaly we bu suw çekilip, ýer taba gelýänçä 1 aý wagt gerek. Traktor tapyp, sürüm we ekiş işleri geçirilýänçä, maý ahyrlap, iýun golaýlanda ekilen pagtadan 5 sentner hasyl alyp, bergili çykmaly bolarys. Sebäbi mundan soň ekilen gowaça haçan ýetişer?” diýip, ýerli pagtaçy daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty ýurtda gowaça ekişine badalga berlendigini baryp 25-nji martda habar berdiler.

“Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler” diýip, “Türkmenistan Altyn Asyr” neşiri ýurt boýunça müňlerçe gektar meýdana gowaça ekiljekdigini aýtdy, ýöne ondan alynjak hasylyň möçberini mälim etmedi.

Resmi habarda ekerançylaryň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalary, ýokary hilli tohumlar, zerur mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, pagtaçy daýhanlar özleriniň bu önümler bilen wagtynda üpjün edilmeýändigini, ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak boýunça-da ýerli häkimiýetler tarapyndan çäre görülmeýändigini aýdýarlar.

"Suw, tehnika bermän, uly hasyla garaşýan hökümetiň özi günäli"

“Häkimler ‘suw ýok’ diýip ýatmaly däl. Nasoslary almaly, ýaplary gazmaly, gerek bolsa beton örtmeli, hökümetden soramaly. Eýeçilik gözi bilen seredýän baştutan ýok. Diňe ‘ýeriň hakyky eýesin tapmaly’ diýip daýhany günäläp gelýärler. Daýhana suw we tehnika bermän, uly hasyla garaşýan hökümetiň özi günäli. Hanýap kanalynda köp suw bolmasa-da, nasoslar bilen ýaplary gazyp, ondan suw paýyny alyp bilýän ýolbaşçy ýok. Daýhana wagtynda suw, dökün ber, ekip ber, galan zady soň talap et” diýip, ýerli kärendeçi daýhanlaryň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şeýle-de agzalan etraplaryň häkimliklerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn jogap tapmady.

Türkmenistanda döwlet kärendeçi daýhanlary oba hojalyk ýeňillikleri, şol sanda suw, tohum, dökün, tehnika bilen üpjün etmäge borçlanýar. Öz gezeginde, kärendeçi daýhanlar döwlet bilen şertnama esasynda kärende ýerlerinde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi, ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmagy öz üstüne alýar.

Şertnamada görkezilen borçnamalara garamazdan, kärendeçiler ýyllarboýy ekerançylyk suwlarynyň, mineral dökünleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly dürli problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýöne ne häkimiýetler, ne-de ýurduň metbugat serişdeleri kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary we munuň olara, şeýle-de ösdürip ýetişdirýän hasylyna ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgaýarlar.

Bu aralykda, sosial ulgamlarda paýlaşylýan käbir wideo ýazgylarda Tejen derýasynyň köp böleginde hem suwuň akmaýandygy, onuň boşap galandygy aýdylýar.

Sarahs etrabynyň Gaňňaly sebitinde Tejen derýasynyň 1-nji gatlasynda (derýalaryň suwuny ýaplara bölýän hem-de suwuň derejesini galdyryp peseldýän gidrotehniki desga, kiçiräk bent) şu ýylyň aprel aýynda düşürilendigi aýdylýan wideolaryň birinde derýanyň deregine takyr meýdany görse bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG