Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply daýhanlar sebitde şaly öndürmek boýunça golaýda gol çekilen kararyň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýär

Şaly meýdany (Illýustrasiýa suraty)
Şaly meýdany (Illýustrasiýa suraty)

Lebaply daýhanlaryň ençemesi prezidentiň sebitde şalynyň ýokary hasylyny öndürmek boýunça golaýda gol goýan kararynyň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýär. Olar munuň sebäbini şaly önümçiliginiň köp mukdarda suwaryş suwuny talap edýändigi, sebitde ekerançylyk suwlarynyň, şeýle-de dökün, tehnika we ýangyç ýetmezçiliginiň ýyldan-ýyla ýitileşýändigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky karara 27-nji martda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi hem-de ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

TDH-nyň çap eden maglumatynda bu kararyň ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar.

Ýöne habarda bu kararyň geçen ýyllardaky şaly önümçiliginden näderejede tapawutly boljakdygy, şeýle-de näçe gektar meýdana şaly ekilmegiň we olardan näçe mukdarda şaly hasylyny almagyň göz öňünde tutulýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

"Kemçilikli we zyýanly taraplary..."

Lebaply daýhanlaryň ençemesi bu kararyň çap edilip, güýje girmegi bilen, degişli ýerli häkimiýetleriň özlerine şu ýyl şaly ösdürip ýetişdirmegiň ileri tutuljagyny dilden duýdurýandygyny aýdýar.

Ýöne daýhanlar welaýatyň çäginde şalynyň ýokary hasylyny öndürmegiň "kemçilikli we zyýanly taraplarynyň bardygyny" aýdyp, bu meýilnamanyň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýärler.

“Lebabyň daýhanlary üçin esasy meseleleriň biri suw ýetmezçiligi. Şaly bolsa dünýäde iň köp suw talap edýän ekinleriň biri hasaplanýar. Bir kilogram tüwi öndürmek üçin müňlerçe litr suw gerek bolýar. Emma Amyderýa bagly bu sebitde soňky ýyllarda suw ýetmezçiligi has-da güýçlenýär, hatda pagta we bugdaý ýaly adaty ekinler üçin hem suw doly ýetmeýär. Biz eýýäm bar bolan ekinleri hem kynçylyk bilen ösdürýäris. Indi üstesine şaly ekiň diýýärler. Bu ýagdaýda nähili ýokary hasyl aljak?” diýip, Çärjew etrabyndan bir daýhan anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Daýhanlaryň aýtmagyna görä, suw bilen birlikde dökün, ýangyç we tehnika ýetmezçiligi hem möhüm mesele bolup durýar.

Ýokary derejede şaly hasylyny almak üçin bolsa, azot, fosfor we kaliý ýaly dökünler köp talap edilýär. Emma döwlet tarapyndan paýlanýan dökünler köplenç ýetmeýär ýa-da olary diňe “tanyş-biliş” arkaly alyp bolýar.

"Öňden bäri ekilýän ekinleriň önümçiligine hem täsir eder"

“Resmi taýdan dökün bar diýýärler, emma hakykatda ony diňe käbir adamlara, ýokary derejeli emeldarlar bilen işleşýän kärendeçi daýhanlara berýärler. Galanlary bazardan birnäçe esse gymmat bahadan satyn almaly bolýar. Pul bermeseň ýa-da tanşyň bolmasa, hiç zat alyp bolmaýar. Suw, ýangyç, dökün, tehnika wagtynda üpjün edilmese bolsa, ähli iş gijä galýar. Bu bolsa hasyla gönüden-göni täsir edýär” diýip, Saýat etrabyndan başga bir daýhan aýtdy.

Olar dowam edýän bu bökdençlikleriň arasynda, sebitde şaly önümçiligini ösdürmegiň üstünlikli bolmajakdygyny aýdyp, gaýtam munuň öňden bäri ekilip gelýän bugdaý, pagta ýaly ekinleriň önümçiligine, olaryň wagtynda suw, dökün, tehnika bilen üpjün edilmegine hem täsir etjekdigini çaklaýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinde, şol sanda oba hojalygy resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda döwlet kärendeçi daýhanlary oba hojalyk ýeňillikleri, şol sanda suw, tohum, dökün, tehnika bilen üpjün etmäge borçlanýar. Öz gezeginde, kärendeçi daýhanlar döwlet bilen şertnama esasynda kärende ýerlerinde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi, ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmagy öz üstüne alýar.

Şertnamada görkezilen borçnamalara garamazdan, kärendeçiler ýyllarboýy ekerançylyk suwlarynyň, mineral dökünleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly dürli problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýöne ne häkimiýetler, ne-de ýurduň metbugat serişdeleri kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary we munuň olara, şeýle-de ösdürip ýetişdirýän hasylyna ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgaýarlar.

Türkmenistanda şaly esasan Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ekilýär. Adatça ýurtda şaly ekişine maý aýynda we şaly oragyna oktýabr aýynda girişilýär. Resmi maglumatlara görä, ýurtda her ýyl takmynan 20 müň gektar ýere şaly ekilip, 80 müň tonna çemesi hasyl alynýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG