Günorta Koreýanyň aňtaw gullugy awgustdan bäri Demirgazyk Koreýanyň, Moskwanyň Ukrainadaky alyp barýan urşunda ulanar ýaly, Russiýa 1 milliondan hem köp artilleriýa toplaryny ýollandygyny aýdýar.
Bu barada kanunçykaryjy Ýoo Sang-bum 1-nji noýabrda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen aňtaw brifingine gatnaşandan soň çykyş etdi.
Onuň maglumatyna görä, toplar gämi we beýleki transport ýollary arkaly iberilipdir.
Soňky döwür Phenýan we Moskwa diplomatiki gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrdylar. Bu Demirgazyk Koreýanyň, ösen tehnologiýalaryň öwezine, Russiýany ok-däriler bilen üpjün edip biljekdigi baradaky howatyrlary döretdi.