Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa Russiýa ‘köp möçberde’ ok-däri, ýarag iberýär


Ýarag iberilýän ugurlar
Ýarag iberilýän ugurlar

Täze habara görä, Demirgazyk Koreýa Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny goldamak üçin gämileri, otly wagonlaryny ulanyp, Russiýa gizlinlikde köp mukdarda ok-däri iberip başlady.

Patyşalygyň düýbi Londonda ýerleşýän Birleşdirilen hyzmatlar Institutynyň 16-njy oktýabrda neşir edilen hasabaty portlara we otly ýükleriniň iberilişine gözegçilik edýän ýokary hilli hemra suratlaryna esaslanýar.

Bu hasabat Birleşen Ştatlaryň we beýleki Günbatar ýurtlarynyň Phenýanyň Russiýa ýarag ätiýaçlyklaryny dikeltmek kömegini edýändigi baradaky aýyplamalaryna goşmaça subutnamalary goşýar.

Ukraina garşy 18 aýdan gowrak wagt bäri edilýän giň gerimli hüjümiň dowamynda Russiýa özüniň harby senagat infrastrukturasyny hem düýpli giňeltdi we olarda Ukrainadaky uruş tagallalary üçin barha kän ýarag, ok-däri we beýleki enjamlar öndürilýär.

XS
SM
MD
LG