Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirýol hadysalary 'ýygjamlaşýar', ilat 'howply ýagdaýlaryň azalmagyny' isleýär

Jebel. Bezeg suraty
Jebel. Bezeg suraty

Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmesi sebit merkeziniň golaýynda, Mary we Aşgabat ugruna gidýän ýolda 19-njy iýulda bolan demirýol hadysasynyň käbir goşmaça jikme-jikliklerini habar berdi. Iki ýük otlusynyň çakyşandygy baradaky ilkinji maglumatlar ozal sosial mediada paýlaşylan wideolardan we ''Turkmen.news'' neşiriniň 10-njy awgustda çap eden habaryndan mälim bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiliginde işleýän türkmen žurnalistleri ýurduň demirýol ulgamynda emele gelen agyr ýagdaý barada dymmagy dowam etdirýärler.

Demirýol ulgamyndaky ýagdaý ilaty 'rahatsyz edýär'

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, ýol hadysasyna sebäp bolan otlularyň biri razýezdde näme üçindir beýleki otla ýol bermändir we netijede ikinji otlynyň lokomotiwi beýleki düzümiň altynjy ýa-da ýedinji sisternasyna gelip urupdyr.

Otlularyň çakyşmagy birnäçe sisternanyň relsden agdarylmagyna getiripdir, ýaraly bolanlar ýa beýleki zyýanlar barada anyk maglumat berilmeýär.


Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşmäniň Lebabyň demirýol ulgamynda işleýän tanşyna salgylanyp aýtmagyna görä, bu hadysa sagat 11 töwereginde boldy.

“Otlular sagat 11:00 töwereginde çakyşdy. Ýol hadysasy 51-nji ýol geçelgesiniň golaýynda bolup geçdi. Ikinji otly nebit önümlerini daşamak üçin ulanylýan düzümiň ýedinji sisternasyna gelip urdy. Deslapky maglumatlara görä, muňa beýleki otludaky tehniki näsazlyk sebäp bolupdyr” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýük otlusynyň getirýän sisternalary şol wagt boş eken. Olaryň içinde uglewodorod suwuklyklarynyň ýa-da mazudyň bolmazlygy uly ýangynyň ýüze çykmagynyň öňüni aldy diýip, hünärmen aýtdy.

“Eger sisternalaryň içinde ýangyç bolan bolsa, ýagdaý has agyr hem bolup bilerdi. Ýangyn söndürijileriň wakanyň bolan ýerine takyk haçan gelip ýetendigi barada mende maglumat ýok” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

''Turkmen.news'' neşiriniň habarynda hem ýangyn söndürijileriň gelendigi, ýöne güýçli ýangyn yzlarynyň görünmeýändigi bellenýär, bu ýagdaý çap edilen wideodan hem görünýär.

Hadysada ýeten zyýanlaryň möçberi belli däl

Garaşsyz neşiriň habarynda bu hadysanyň 50-nji ýa-da 51-nji razýezdiň golaýynda bolandygy aýdylýar. Azatlygyň çeşmesi bu ýagdaýy anyklaşdyryp, ýol hadysasynyň 51-nji ýol geçelgesinde bolandygyny öňe sürýär. Şeýle-de, Azatlygyň çeşmesi ikinji lokomotiwiň hut ýedinji sisterna gelip urandygyny belleýär.

Hadysada demirýol düşegine hem zyýan ýetipdir we ol bu ugurdaky otly gatnawynyň birnäçe sagatlap saklanmagyna sebäp bolupdyr.

''Ýol hadysasy netijesinde, Türkmenabatdan Aşgabada barýan ýolagçy otlusy ep-esli gijä galdy'' diýip, çeşme aýtdy.

Kanunda senzurany gadagan eden Türkmenistanyň iş ýüzünde ilata ýol hadysalary barada hiç hili maglumat bermezligi, mundan ozalky hadysalar wagtynda hem bolşy ýaly, Türkmenabada gelmeli ýolagçy otlularynyň gijikmegi bilen, ýolagçylarda bir topar soragyň döremegine sebäp boldy.

Häkimiýetler bolan waka barada ne otla garaşýan ýolagçylara, ne-de olaryň hossarlaryna habar berdiler.


Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky maglumat ýapyklygynyň ilatda döredýän aladalary, myş-myşlaryň we nätakyk maglumatlaryň köpelmegini kanuny esasda, metbugat senzurasyny ýatyrmak bilen azaltmak barada garaşsyz neşirler, sosial media arkaly edilýän çagyryşlary eşitmezlige salýar.

Otly gatnawlaryndaky näsazlyklar 'uzak saklanýar'

Azatlygyň Türkmenabat häkimligindäki çeşmesi ýurduň demirýol ulgamyndaky hadysalaryň ýygjamlaşandygyny, otly gatnawlaryndaky näsazlyklaryň uzak wagtlap saklanyp galýandygyny öňe sürýär.

“Soňky bäş ýylda bu hili ýagdaýlar aşa köpeldi. Otlularyň grafikden çykmagy, gijä galmagy ýa-da ýolda iki-üç sagatlap durmagy ýygy-ýygydan bolýan zada öwrüldi. Adamlar bu ýagdaýlaryň sebäbini köplenç bilip bilmän galýar, çünki olara hiç zat aýdylanok” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk ýurduň transport resmilerine jaň edip, hat ýazyp, hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşýän hünärmenleriň tassyklamagyna görä, onlarça ýyl bäri çözülmeýän çylşyrymly ykdysady meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň demirýol ulgamy agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Maglumat üçin aýtsak, Ahaldaky habarçymyz ýanwar aýynyň aýynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň çäginden geçýän ýoldan ýük alyp barýan otlynyň ýolundan çykyp, bir gapdala agandygyny, ýüküň, wagonlaryň, ýoluň zaýalanandygyny habar berdi.

Emma häkimiýetler bu habary ne tassyk, ne-de inkär etdiler.

Bu geçen ýylyň sentýabrynda, habarçymyz Mary we Lebap welaýatlaryny birleşdirýän ýolda çakyşan iki ýük otlusy barada habar berende hem şeýle boldy.

Şonda Marydan gelýän otlynyň getirýän nebit önümleri, Lebapdan gelýän otlynyň getirýän kükürt kislotasy, dökün önümçiligine degişli himiki maddalary ýol ýakasyna dökülipdi.

Hünärmenler häkimiýetleriň seslerini 'eşitmegine garaşýar'

Hünärmenler demirýol ulgamynyň çözülmeýän we barha ýitileşýän meseleleri, gitdigiçe ýaramazlaşýan tehniki üpjünçilik ýagdaýy barada 2024-nji ýylda hem seslerini eşitdirmäge çalyşdylar.


Şol ýyl Azatlyk bu ýagdaýyň raýatlary hem barha köp ynjalykdan gaçyrýandygyny, sosial torlarda ýollaryň howply bölekleriniň suratlaryny paýlaşýan we alada bildirýän ýaşaýjylaryň köpelýändigini habar beripdi.

Türkmenistanyň demirýol ulgamynda dörändigi aýdylýan agyr ýagdaýlary tassyklaýan hadysalaryň ýene biriniň ýüze çykan wagty ýurduň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlanýan wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçylarynyň Halk maslahaty baradaky soraglaryna jogap beren ýaşaýjylaryň käbiri bu maslahatyň ýa adyny üýtgetmelidigini, ýa-da halk meselelerine seretmelidigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG