WAŞINGTON -- ABŞ-nyň aralyk saýlawlarynda Demokratik partiýanyň gazanan ýeňişleri Kongresdäki güýç deňagramlylygyny üýtgeder. Bu demokratlara administrasiýanyň işine gözegçilik etmekde we kanun çykaryş işinde has uly täsir berer hem-de ABŞ-nyň Russiýa, Ukraina we Eýran babatdaky syýasatyna täsir edip biler.
ABŞ-nyň birnäçe iri habar serişdesiniň çaklamasyna görä, demokratlaryň 3-nji noýabrda ýurduň dürli künjeklerinde gazanan ýeňişleri olara Senatda-da, Wekiller öýünde-de prezident Donald Trampyň Respublikan partiýasyndan köplügi almaga mümkinçilik berer.
Saýlawyň netijeleri Kongresdäki güýç paýlanyşygyny düýpli üýtgedip, demokratlaryň federal çykdajylar, administrasiýanyň işine gözegçilik we prezidentiň wezipelere hödürleýän dalaşgärleri babatdaky täsirini artdyrar.
"The New York Times" neşiriniň habar bermegine görä, Tramp saýlawyň netijelerini kabul etmäge we demokratlar bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy. Gazet onuň "Biz demokratlar bilen işläris, bilýäňiz, olar bilen işlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Belki, bir ylalaşyga geleris" diýen sözlerini getirdi.
Tramp diplomatiýa we harby operasiýalar babatda giň ygtyýarlyklaryny saklaýar. Respublikanlaryň garşylygy we prezidentiň weto hukugy demokratlaryň saýlawdaky ýeňşini kanunçylyk üýtgeşmelerine öwürmek tagallalaryny çäklendirip biler.
Saýlaw ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy urşy, Russiýanyň Ukraina giň gerimli çozuşy dowam edýän mahalyna gabat geldi. Waşingtonyň Moskwa babatdaky syýasaty boýunça iki partiýanyň arasynda henizem düşünişmezlik bar.
Eýran bilen uruş Kongresiň täze düzümi üçin daşary syýasatdaky ilkinji synag bolup biler.
Demokratlar saýlaw kampaniýasynda energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyna we ykdysady näbellilige goşant goşan bu urşy bes etmegi öňe sürdüler. Iki palatada-da köplügiň olara geçmegi administrasiýanyň işini has içgin barlamak, harby çykdajylara garşy çykmak we harby operasiýalary çäklendirmek ugrundaky mümkinçiliklerini artdyrar.
Kongresde we ýerine ýetiriji häkimiýetde karar kabul edýän ýolbaşçylara yzygiderli maglumat berýän Strategiýa we syýasat boýunça "New Lines" institutynyň maksatnama ýolbaşçysy we uly seljerijisi Dana Araýssi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna saýlawyň netijeleriniň Trampy uruşdan diplomatik ýol bilen çykmaga iterip biljekdigini aýtdy.
"Saýlawyň netijeleri, hususan-da, demokratlaryň Wekiller öýünde we Senatda ýeňiş gazanmagy Trampyň administrasiýasyny uruşdan çykmagynyň ýollaryny, ilkinji nobatda diplomatik serişdeler we gepleşikler arkaly, gözlemäge hökman iterer" diýip, ol aýtdy.
Araýssiniň sözlerine görä, Kongresiň düzümi ýanwarda işe başlanda, demokratlar uruş üçin goşmaça serişde bölünip berilmeginiň öňüni alyp we administrasiýanyň kararlaryny derňäp bilerler.
Onuň pikiriçe, Tähran hem Trampyň harby operasiýany dowam etdirmek üçin syýasy mümkinçilikleriniň gowşandygyny nazara alyp, gepleşiklerde özi üçin has amatly şertleri gazanmaga çalşyp biler.
"Bu, şeýle hem, eýranlylaryň goşmaça eglişik etmegi üçin basyş astynda bolmajakdygyny aňladýar" diýip, ol aýtdy.
Köp seljeriji demokratlaryň uly tapawut bilen ýeňendigine garamazdan, bu ýeňşiň nähili täsir etjekdiginiň entek belli däldigini nygtady.
Tramp ýaragly güýçleriň baş serkerdesi bolmagynda galýar we harby operasiýalar hem-de diplomatiýa babatda ep-esli ygtyýarlyklaryny saklaýar. Respublikanlaryň köpüsi Eýrana garşy harby operasiýany bu ýurduň ýadro we sebit derejesindäki howplaryna garşy durmak üçin zerur diýip gorady. Olaryň demokratlaryň maliýeleşdirmegi çäklendirmek tagallalaryna garşy çykmagyna garaşylýar.
Muňa garamazdan, urşuň ykdysady netijeleri administrasiýa üçin syýasy meselä öwrüldi. Bölekleýin Ormuz bogazynyň töweregindäki bökdençlikler bilen baglylykda benziniň we dizel ýangyjynyň gymmatlamagy demokratlara ýaşaýyş çykdajylaryny saýlaw kampaniýasynyň esasy mowzugyna öwürmäge ýardam etdi.
Kongresiň täze düzümi Pentagonyň we goranmak sekretary Pit Hegsetiň işine gözegçiligi hem güýçlendirip biler. Maliýeleşdiriş baradaky gepleşikler bolsa Ak tam bilen täze gapma-garşylyklara getirip biler.
Russiýanyň çozup giren güýçlerini yza serpikdirmek üçin dört ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ-nyň goldawyna daýanýan Kiýew üçin bu netijeler näbellilik bilen birlikde umyt hem döredýär.
Kongresde Ukrainany aç-açan goldap gelen birnäçe tanymal kanun çykaryjy wezipesinden gidýär. Olaryň arasynda Russiýany ýiti tankytlaýan we Kiýewe goldaw meselesinde öz partiýasynyň hem-de Ak tamyň garaýyşlaryndan ýygy-ýygydan tapawutly çykyş eden respublikan kongresmen Don Beýkon hem bar.
"Men Reýgan döwrüniň däplerine eýerýän respublikan. Russiýanyň Ukraina çozmagyny azat dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan iň möhüm krizisi hasaplaýaryn" diýip, Beýkon 3-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
"Dostumyzy we ýaranymyzy has güýçli goldajak 120-nji Kongresi saýlarys diýip umyt edýärin" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Wezipesinden gidýän beýleki respublikan kanun çykaryjylaryň arasynda Senatdaky köplügiň ozalky lideri Miç Makkonnell, senatorlar Tom Tillis, Bill Kessidi we Jon Kornin, şeýle-de Wekiller palatasynyň agzasy Maýkl MakKol bar. Olaryň gitmegi bilen Kongres Moskwa babatda has berk syýasaty öňe süren birnäçe täsirli kanun çykaryjyny ýitirýär.
Muňa garamazdan, ukrain-amerikan guramalary Kiýewiň iki partiýadan hem goldaw almagyny dowam etdirjekdigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.
"Bu saýlaw tapgyrynda Ukrainanyň iň güýçli tarapdarlarynyň käbirini ýitirýäris. Emma Kongresde galjaklary hem göz öňünde tutýarys. Ukrainanyň iki partiýadan-da uly goldaw almagyny dowam etdirjekdigine umytly garaýarys" diýip, Amerikanyň Ukrain kongres komitetiniň prezidenti Maýkl Sawkiw Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Sawkiw administrasiýanyň Russiýa garşy sanksiýalar babatda ýakynda beren ýeňilliklerine we dizel ýangyjy baradaky ylalaşygyna Kongresiň gözegçilik etmegini, Ukraina howpsuzlyk kömeginiň artdyrylmagyny hem-de ukrain bosgunlarynyň Wagtlaýyn gorag statusynyň möhletiniň uzaldylmagyny ileri tutulýan meseleleriň hatarynda görkezdi.
"ABŞ daşary ýurt agressiýasy zerarly ezilýän ýa-da boýun egdirilýän adamlary goldamakda dünýäde öňdebaryjy bolmagynda galmaly. Biz özümiz üçin möhüm meseleleri ilerletmek ugrunda gaýtadan saýlanan hem-de täze saýlanan kanun çykaryjylar bilen işlemäge ygrarlydyrys" diýip, ol aýtdy.
Senatda respublikan kanun çykaryjylara daşary syýasat boýunça maslahat berýän iki ýokary derejeli geňeşçi hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna saýlawyň Russiýa garşy sanksiýalar boýunça Kongresiň basyşyny güýçlendirip biljekdigini aýtdy. Olar senator Lindsi Gremiň ady bilen baglanyşykly we ýakynda öňe sürlen sanksiýalar baradaky kanun taslamasyny mysal getirdiler. Grem birden aradan çykansoň, onuň uýasy iýulda doganynyň Senatdaky ornuna bellenipdi, emma ol saýlawda ýeňildi.
Şeýlelikde, demokratlaryň gözegçiligindäki Kongres Trampyň Moskwa bilen has ýumşak gatnaşyk alyp barmak tagallalaryny kynlaşdyryp biler. Bu, esasanam, administrasiýa sanksiýalary mundan beýläk-de ýeňilleşdirmäge çalyşsa ýüze çykyp biler.
Ýöne kanun çykaryjylaryň mümkinçilikleri çäkli. Trampyň weto hukugy we respublikanlaryň garşylygy täze çäklendirmeleri girizmek ýa-da administrasiýany Ukraina harby kömegi artdyrmaga mejbur etmek tagallalaryna päsgel berip biler.
Senatda köplügiň demokratlara geçmegi partiýanyň kanun taslamalaryna haçan serediljekdigini kesgitlemekde, komitetleriň derňewlerinde, şeýle-de administrasiýadaky we kazyýet ulgamyndaky wezipelere hödürlenýän dalaşgärler babatdaky täsirini artdyrar.
Demokrat senator Çak Şumeriň 2027-nji ýylda Senatdaky köplügiň lideri wezipesine gaýdyp gelmegine garaşylýar.
Forum