Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňizýaka Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary üç gün bäri suwsyz galýarlar


Türkmenbaşy (illýustrasiýa suraty)
Türkmenbaşy (illýustrasiýa suraty)

Tomsuň yssysynda Türkmenistanyň dürli şäherleriniň ýaşaýjylary uzak wagtlap suwsuz galýarlar. Soňky günlerde ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiliginiň uzak wagtlap kesilmegini Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary başdan geçirýärler.

Şäheriň birnäçe etrapçalarynyň ýaşaýyş jaýlaryna birbada suw berilmedi. 1, 2, 3, 4-nji etrapçalarynda üç gün bäri suw ýok. Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň bu barada 11-nji awgustda beren maglumatyna görä, şäheriň beýleki ýerlerinde bolsa, jaýlara suw çäkli mukdarda we günde bir gezek diňe irden berilýär.

"Şäher merkezi irden sagat 7-de ýarym sagadyň dowamynda suw bilen üpjün edilýär. Suw üpjünçiligi edarasy ýaşaýjylara çüýrük turbalar sebäpli birnäçe ýerde awariýanyň bolandygyny aýdýar" - diýip habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan edaranyň hünärmeniniň sözlerine görä, köne metal turbalary häzirki zaman plastik turbalaryna çalyşmak üçin çäre görülýär. "Plastik trubalary dolulygyna çalyşmak işlerine başlamak meýilleşdirilýär. Welaýat häkimliginden bu işlere serişde almak üçin resminamalar hem ugradyldy. Öňümizdäki hepde häkim tassyklap, pul geçirip berse işe başlarys we awgust aýnyň soňuna çenli işleri tamalap, sentýabryň başynda kiçi etrapçalarda suw täzeden dikeldiler" diýip, anonim gürlşen bilermen aýtdy.

Şäheriň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, suw üpjünçiligi köp ýyl bäri ýaşaýjylar üçin uly mesele bolup durýar. Köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary merkezleşdirilen suw üpjünçiligine bagly bolsa, golaýdaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylary suwy satyn almaga mejbur bolýarlar. Suwy daşaýn awtoulagly 10 tonna suw getirtmek 500 manada durýar diýip habarçymyz aýdýar. Bu Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça 142,8 ABŞ dollaryna barabar bolýar.

Habarçylar ozal Türkmenbaşynyň iki sany suw arassalaýjy kärhana we üç sany suw basyş desgasy tarapyndan suw bilen üpjün edilýändigini habar beripdi. Şeýle-de, olaryň maglumatarynda deňiz suwlaryny arassalaýjy desgalaryň biri Awazanyň kurort meýdançasynyň töweregindäki ösümlikleri suw bilen üpjün edýär diýlipdi.

Şu günler tutuş ýurt boýunça suw ýetmezçiligi dowam edýär. Yssy howada dürli sebitleriň ýaşaýjylary uzak wagtlap suwsyz galýarlar. Gündiz howanyň temperaturasy 40 gradusa ýetýär, agşamlaryna 30-dan aşak düşmeýär. Suwdan başga-da ilat elektrik togunyň kesilmegi bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýär.

Bu aralykda, şu ýylyň iýul aýy resmi taýdan 1850-nji ýyldan bäri dünýäniň iň yssy aýy diýlip ykrar edildi.

Iýul aýynda hökümet Aşgabady arassa agyz suwy bilen üznüksiz üpjün etmek üçin täze desgalary gurmak planlaryny yglan etdi.

Türkmenistanyň ilaty ençeme ýyl bäri agyz suwunyň ýetmezçiligini başdan geçirýärkä, halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan aşa suw ýetmezçiligini başdan geçirýän, şol bir wagtda-da suw baýlyklaryny aşa köp sarp edýän ýurtlaryň biri hasaplanýar.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy 2021-nji ýylda Türkmenistanda suw çeşmelerine edilýän basyşyň krizis derejesine ýetendigini mälim etdi. 2019-njy ýylda Bütindünýä resurslar instituty (WRI) aşa suw ýetmezçiligini başdan geçirýän dünýä ilatynyň dörtden bir böleginiň 17 ýurtda ýaşaýandygyny we olaryň biriniň Türkmenistandygyny habar berdi.

Halkara guramalarynyň berýän şeýle bahalary bilen birlikde, Türkmenistan bezeg çüwdürimleriniň sany boýunça Ginnes rekordlar kitabyna girdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG