Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Deporty aýryp bermegi’ öňe sürýän mahabatlaryň arasynda, lebaplylar ildeşlerini hüşgär bolmaga çagyrýar

Aşgabadyň aeroportunda duran ýolagçylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň aeroportunda duran ýolagçylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Şu günler “Türkmenistandan çykmak ýa-da Türkiýä girmek gadagançylygyny” aradan aýyrmak "hyzmatyny" hödürleýändigini öňe sürýän sahypalaryň mahabatlary türkmen raýatlarynyň arasynda iň köp gürrüňi edilýän temalaryň birine öwrüldi.

Lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi bu sahypalaryň “hyzmatyň” nähili hukuk esasda ýerine ýetirilýändigini açyk düşündirmeýändigine ünsi çekip, öz ildeşlerini hüşgär bolmaga çagyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Wideolarda türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan we Türkiýeden birnäçe ýyl deportynyň bolandygy, ýöne olaryň meseleleriniň çözülendigi öňe sürülýär. Adamlar olar bilen habarlaşanda, olar meseläni çözmek üçin ýüzlerçe, käte-de müňlerçe dollary ýa-da onuň belli bir bölegini öňünden tölemegi talap edýärler. Köpler munuň näderejede ygtybarlydygynyň belli däldiginiň gürrüňini edýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.

Soňky aýlarda sosial ulgamlaryň türkmen dilinde maglumat paýlaşýan sahypalarynda türkmenistanlylara garşy girizilen “deporty, ýurtdan çykmak gadagançylygyny aýryp berýändiklerini” öňe sürýän mahabatlar giňden peýda boldy.

Bu mahabatlar Instagram we TikTok sosial ulgamlarynda 10 müňe golaý followeri, yzarlaýjysy bolan esasan hem iki sahypa tarapyndan paýlaşylýar. Azatlyk bular bilen habarlaşyp, resmi teswir alyp bilmändigi sebäpli olaryň atlaryny köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Söhbetdeşligi dowam etdirmedi we telefon jaňy kesildi

Wideolarda ýurtdan çykmak gadagançylygy bolan adamlaryň meselelerini çözüp berendiklerini öňe sürülýär we “hyzmatdan” peýdalanmak isleýänlerden özleri bilen habarlaşmak maslahat berilýär.

Ýöne göräýmäge, Türkiýeden wideolary paýlaşýan bu sahypalar munuň nähili amala aşyrylýandygyny, “hyzmatyň” nähili hukuk esasda ýerine ýetirilýändigini açyk düşündirmeýärler.

Azatlygyň habarçysy bu “hyzmatlaryň” mazmunyny anyklamak üçin gürrüňi edilýän sahypalar bilen habarlaşmaga synanyşdy.

Habarçy özüni Azatlyk Radiosynyň wekili hökmünde tanyşdyryp, “Türkmenistandan deporty aýyrmak” barada öňe sürülýän hyzmatyň nähili hukuk esasda ýerine ýetirilýändigini soramaga synanyşanda, habarlaşmak üçin görkezilen telefon belgä jogap beren “kompaniýanyň” wekili söhbetdeşligi dowam etdirmedi we telefon jaňy kesildi.

Türkmenistanyň Migrasiýa hakynda kanunynyň 30-njy we 31-nji maddalarynda raýatlaryň daşary ýurda çykmak hukugynyň wagtlaýyn çäklendirilip bilinjek ýagdaýlary we munuň bilen baglanyşykly dawalaryň çözülmek usullary görkezilýär.

Emma adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar we garaşsyz synçylar soňky ýyllarda köp sanly raýatyň özlerine garşy nähili çäklendirmäniň girizilendigini we onuň sebäplerini bilmezden, ýurtdan çykarylmandygyny habar berip gelýärler.

Lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi şeýle mahabatlaryň aç-açan ýaýradylmagynyň adamlaryň köpüsinde täsir galdyrýandygyny we olarda “hyzmaty” hödürleýänler bilen türkmen döwlet edaralarynyň arasynda "arabaglanyşygyň bolup biljekdigi" barada pikir döredýändigini aýdýar.

"Her kim hilegärlerden hüşgär bolmaly!"

Şol bir wagtda, olar daşary ýurtlara gitmäge ýa-da “ýurtdan çykmak gadagançylygyny aýyrtmaga” synanyşýan türkmenistanlylaryň ýardam hödürleýän araçylaryň aldawyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köp bolandygyna ünsi çekip, öz ildeşlerini hilegärlerden hüşgär bolmaga çagyrýarlar.

“Beýle mahabatlar umytsyz, çykgynsyz ýagdaýdaky adamlardan pul gazanmagyň täze görnüşi bolup biler. Sebäbi ýurtda ‘ähli dokumentlik işiňizi özümiz düzedip berýäris, ýokary wezipeli tanyşlarymyz bar’ diýip, adamlardan aldaw ýoly bilen pullaryny alan adamlar mundan ozal hem köp boldy” diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu wakalar, Türkmenistandan 10 ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, gazanç gözleginde daşary döwletlere gitmek isleýän raýatlaryň sanynyň köp bolmagynda galýan we ilatyň ýurtdan çykmakdaky dürli, şol sanda wiza almakdaky kynçylyklarynyň saklanýan mahalyna gabat gelýär.

Galyberse-de, daşary döwletlerde biometriki pasportynyň möhleti dolup, ýurda dolanan raýatlaryň pasportlarynyň möhletini uzatmak boýunça arzalary raýatyň ýurda dolanan gününden başlap, azyndan alty aýdan soňra kabul edilýär. Pasportynyň möhleti uzak wagt ozal dolan raýatlara Türkmenistanan dolanandan soň, belli bir möhlete çenli “ýurtdan çykmak gadagançylygy” hem girizilýär.

Ýerli synçylaryň ençemesi bu çäklendirmeleriň we kynçylyklaryň, meseläniň ýurt häkimiýetleri we metbugaty tarapyndan aç-açan gozgalmazlygynyň korrupsiýanyň ösmegi bilen bir hatarda, dürli “araçy hyzmatlaryň, şol anda hilegärleriň döremegine” şert döredýändigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada açyk gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG