Türkmenistanly onlarça ýaşaýjy “Kerwen syýahat” firmasynyň wekilleriniň özlerine daşary döwletlere iş, okuw we syýahat wizalaryny alyp bermek wadasy bilen, müňlerçe amerikan dollaryny alyp ýitirim bolandygyny we munuň bilen baglanyşykly ýerli kazyýetlere ýazýan arz-şikaýatlarynyň kanagatlandyrylmaýandygyny aýdýar.
Olar Azatlyk Radiosyna beren interwýularynda, olaryň öz sözleri bilen aýdylanda, ýerli häkimiýetleriň we agzalýan hususy firmanyň eden-etdiliklerine Aşgabatdaky häkimiýetleriň ünsüni çekmek isleýändiklerini gürrüň berdiler.
Bu waka, sosial ulgamlarda “Kerwen syýahata” müňlerçe dollaryny aldyryp, “galplygyň pidasy bolandygy” we häzir firmanyň wekilleriniň ýitirim bolandygy barada onlarça ulanyjynyň wideolary paýlaşýan mahalyna gabat geldi.
“Biz gaty kän pul berdik. Men Türkiýä syýahat wizasyny almak we bu ýurtda iş tapmaga kömek etmekleri üçin 3 müň ABŞ dollaryny we resminamalary, şol sanda pasportymy berdim. Olar maňa bir aýdan diýdiler. Aradan bir aý geçensoň jaň etsem, telefonlaryma birnäçe günläp hiç kim jogap bermedi, öçürlendigi aýdyldy. Soňra Mary şäherindäki ofisine bardym, ýöne bu ýerde hiç kim ýokdy, ofis boşap galypdyr” diýip, maryly bir ýaşaýjy başdan geçirenlerini anonimlik şertinde gürrüň berdi.
“Her bir adam $500-$3000 aralygynda puluny aldyrdy”
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan we firmanyň “hyzmatlaryndan” peýdalanmak üçin ýüz tutan başga-da onlarça türkmenistanlynyň aýtmagyna görä, olaryň her biri 500-3000 ABŞ dollary aralygynda puluny aldyrypdyr.
“Men aýal maşgala we meniň ýurtdan çykmagyma gadagançylyk girizilendigini aýtdym. Olar menden 5 müň ABŞ dollaryny aldylar. Maňa hem 45 günden habarlaş diýdiler. Ýöne şondan soň telefonlaryma jogap bermediler. Ýerli edarasyna barsam, içinde meniň ýaly aldaw ýoly bilen puluny aldyran başga-da 10-dan gowrak adam bardy” diýip, lebaply bir zenan anonimlik şertinde aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, olaryň ählisi aprel aýlarynyň dowamynda bu firma ýüzlenipdirler. Göräýmäge, firma maý aýynyň üçünji ongünlügine çenli işläpdir. Ýöne firmanyň wekilleri maý aýynyň takmynan 20-den soňra ýitirim bolupdyr.
“Sada halkyň ynamyna girdiler”
“Olar Internetde döwleti we raýatlary gorap çykyş edýän, hökümete tarapdar Internet sahypalarynda görnüp, çykyş edenlerinden we ilkibada birnäçe adamy görkezip, olaryň wizalaryny alandygy baradaky wideolary paýlaşandan soňra sada halkyň ynamyna girdiler. Köp adam ýurtda resmi ýagdaýda ofis açyp, aç-açan wideo paýlaşyp, öz hyzmatlaryny aç-açan reklama edýän firma aldamaz öýdüp, olara ynandy” diýip, maryly ýene bir söhbetdeşimiz anonimlik şertinde aýtdy.
TikTok sosial ulgamynda 150 müňden gowrak followeri, yzarlaýjysy bolan “Kerwen syýahat” atly sahypada paýlaşylan wideolarda raýatlara daşary ýurtlara iş, okuw we syýahat wizalaryny alyp berýändikleri aýdylýar. Ýöne firma bu hyzmatlaryň nähili hukuk esasda ýerine ýetirilýändigi barada aç-açan maglumat bermeýär.
Şeýle-de, bu sahypada ilkinji maglumat geçen ýylyň iýul aýynda çap edilen ýaly bolup görünse, iň soňky wideo ýazgy şu ýylyň 13-nji maýynda paýlaşylypdyr.
“Hilegärlerden hüşgär bolmaga” çagyrýan...
Bu wideonyň aşagynda maý aýynyň üçünji ongünlüginden ýazylyp başlanan teswirleriň 300-e golaýynda “müňlerçe dollar möçberinde pullaryny aldyrandygyny” aýdýan we öz ildeşlerini “hilegärlerden hüşgär bolmaga” çagyrýan adamlaryň sany onlarçadyr.
Azatlyk bu firmanyň ilat köpçüligi bilen paýlaşan telefon belgilerine jaň edip, olardan ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji iýunda bu firmanyň köpçülige mälim bolan telefon belgilerine yzygiderli eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Bu aralykda, sosial ulgamlarda, şol sanda Instagramda we TikTokda “Kerwen syýahata” müňlerçe dollaryny aldyryp, “galplygyň pidasy bolandygy” we häzir firmanyň wekilleriniň ýitirim bolandygy barada onlarça ulanyjynyň wideolary peýda boldy.
Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli, bu wideolary we olaryň linklerini paýlaşmakdan saklanýar.
Söhbetdeşlerimiz “galplygyň pidasy bolan” adamlaryň anyk sany barada aç-açan maglumatlaryň ýokdugyny, ýöne olaryň sanynyň müňlerçedigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.
“Ýerli häkimiýetlerden haraý gözleýär, ýöne netije ýok”
Olar munuň bilen baglanyşykly ýerli häkimiýetlerden haraý gözläp, ilki polisiýa müdirliklerine şikaýat bilen ýüzlenendiklerini we olaryň şäher kazyýetine arza ýazmagy maslahat berendigini hem aýtdylar.
“Ýöne bu bu edaralarda aldyran pulumyzy yzymyza alyp bilmejekdigimizi aýdýarlar. Üstesine-de, ‘kim size daşary ýurda çykyň diýdi’ diýip, olar adamlary günäkärleýärler. Marynyň we Daşoguzyň prokuraturasyna geçen hepde resmi arza ýazanlara bolsa, işe seredilmäge nobata goýlandygy we işe serediljekdigi aýdyldy. Ýöne ne polisiýa, ne-de prokuratura şikaýat edýänleriň sanynyň onlarçadygyna garamazdan, takyk çäre görýäne meňzemeýär. ‘Bir habar bolsa, biz size habar bereris’ diýip, baran adamlary yzyna ugradýarlar” diýip, daşoguzly söhbetdeşimiz anonimlik şertinde aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, ýerli kazyýetleriň käbirinde, şol sanda Türkmenabat şäheriniň kazyýetinde gürrüňi edilýän firmanyň wekilleriniň eýýäm tussag edilendigini aýdýarlar. Ýöne kazyýet wekilleri olaryň tussag edilendigi baradaky resminamany görkezmekden saklanýarlar.
“Eden-etdiliklere Aşgabatdyň ünsüni çekmek isleýäris”
“Şeýle-de, olar adamlaryň ýazan arz-şikaýatlaryny alyp galsalar-da, agzalýan firma ýa-da olaryň wekillerine garşy haýsydyr bir sud işiniň gozgalandygy barada hiç hili resmi hat bermeýärler. Biz ýerli häkimiýetleriň we agzalýan firmanyň eden-etdiliklerine Aşgabatdaky häkimiýetleriň ünsüni çekmek isleýäris” diýip, lebaply söhbetdeşimiz anonimlik şertinde aýtdy.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda bu ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden teswir almak başartmaýar. Bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem gürrüň gozgalmaýar.
Azatlygyň Mary, Daşoguz we Lebap welaýat Polisiýa müdirlikleriniň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bu ýagdaýlar barada teswir almak boýunça eden synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Bu wakalar, Türkmenistandan 10 ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, gazanç gözleginde daşary döwletlere gitmek isleýän raýatlaryň sanynyň köp bolmagynda galýan we ilatyň ýurtdan çykmakdaky dürli, şol sanda wiza almakdaky kynçylyklarynyň saklanýan mahalyna gabat gelýär.
Türkmenistanlylar iş-eklenç gözleginde daşary ýurt döwletlerine çykmaga ýykgyn etmekleriniň sebäbini işsizlik we döwlet edara-kärhanalarynda tölenýän zähmet haklarynyň örän pesdigi, we olaryň harytlaryň hem-de hyzmatlaryň bahalary bilen bäsleşip bilmeýändigi bilen düşündirýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum