ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 15-nji dekabrda Britaniýanyň BBC teleýaýlymyna garşy kazyýet işini gozgady. Ol bu korporasiýany töhmetçilikli maglumatlary ýaýratmakda aýyplaýar we ýetirilen zyýanyň öwezine 10 milliard dollar möçberinde jerime tölenmegini talap edýär.
Tramp kazyýete beren şikaýat arzasynda BBC-niň 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlaryndan bir hepde öň efire berlen programmada onuň 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Ak Tamyň daşyndaky goldawçylaryna ýüzlenip eden çykyşyny Kongres binasyna hüjüm etmek çagyryşy hökmünde görkezmek üçin bilkastdan synanyşyk edendigini we çykyşyň protestleriň parahatçylykly bolmalydygy barada aýdylan bölegini programmanyň efire berlen wersiýasyndan kesip aýrandygyny öňe sürýär.
Donald Tramp BBC-niň hereketlerini "saýlawyň gidişine gatyşmak we onuň netijesine prezident Trampyň zyýanyna täsir ýetirmek synanyşygy" hökmünde häsiýetlendirýär.