Duşenbäniň “dekommunizasiýasy”
Öňki we häzirki suratlar Täjigistanyň paýtagtynda uly depgin bilen alnyp barylýan ozaldan duran jaýlary ýykmak we täzelerini galdyrmak boýunça gurluşyk kampaniýasyny görkezýär. Bu üýtgeşmeler sebäpli käbir ýerli ýaşaýjylar öz şäherlerini tanap bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Öň
Häzir
1
Sowet döwründäki ýörişleriň birinde Duşenbäniň merkezinde ýerleşýän pes gatly resmi bina görünýär. Häzirki wagtda onuň ýerinde, 2024-nji ýylda Pekiniň “sowgady” hökmünde ulanmaga berlen Täjigistanyň parlament binasy ýerleşýär.
Öň
Häzir
2
Täjigistanyň sowet döwründen galan prezident köşgi 2020-nji ýylda ýumruldy. Häzirki wagtda bu ýerde Täjigistanyň beýik hökümet binasy ýerleşýär. Bu köp gatly bina 2024-nji ýylda hytaý kompaniýasy tarapyndan guruldy we ol “täjik binagärlik stiliniň hem-de hytaý gurluşyk tehnologiýasynyň organiki utgaşmasy” hökmünde görkezildi.
Öň
Häzir
3
Duşenbäniň geografik merkezini görkezýän, üstünde Täjik Sowet Sosialistik Respublikasynyň nyşany ýerleşdirilen sowet stelasy. Bu ýadygärlik 2015-nji ýylda ýumruldy we onuň ýerine häzirki wagtda görünýän sagat diňi guruldy. Täjigistan 1991-nji ýylda SSSR-den garaşsyzlygyny alaly bäri şäheriň keşbini üýtgeden täze, döwrebap görnüşi käbir ýerli ýaşaýjylar makullady. Beýlekiler bolsa şäheriň taryhynyň möhüm bölegi bolan sowet döwrüniň taryhy nyşanlarynyň ýitirilmegine gynandy.
Öň
Häzir
4
Maýakowski adyndaky drama teatry, bina 2016-njy ýylda ýumrulýança, Täjigistanda rus dilinde çykyş edýän soňky teatr toparynyň öýi bolupdy. Häzirki wagtda bu ýerde Täjigistanyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginiň binasy ýerleşýär. Bu teatr binasy Täjigistanyň taryhynda möhüm orun eýeledi we 1929-njy ýylda Täjik Sowet Respublikasynyň yglan edilen ýeri boldy.