Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edirne prokuraturasy türkmen aktiwistlerine degişli wideolary soraýar

Alişer Sahatow (çepde) we Abdylla Orusow
Alişer Sahatow (çepde) we Abdylla Orusow

Türk prokuraturasy Edirne sebitiniň deportasiýa merkeziniň ýitirim bolan türkmen aktiwistlerine degişli wideoýazgylary özlerine bermegini talap etdi diýip, Türkmen Helsinki gaznasy 16-njy aprelde habar berdi.

Sosial ulgamlarda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan çykyşlary arkaly tanalan iki akwistiň, Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusowyň Edirne şäherinde, deportasiýa merkezinden boşadylanyndan soň ýitirim bolandygy aýdylýar

“Bu işiň derňew boýunça subutnama esaslaryny üpjün etmek maksady bilen, Edirne şäheriniň wagtlaýyn saklaýyş merkeziniň (deportasiýa merkezi) gözegçilik kameralarynyň görkezilen senedäki ýazgylary bilen üpjün etmegiňizi, şeýle hem degişli materiallary taýýarlap, gysga möhletde prokuratura ibermegiňizi haýyş edýäris” diýip, Türkmen Helsinki gaznasy Edirne şäher prokuraturasynyň Migrasiýa müdirligine iberen hatyny sitirleýär.

Türkmen migrantlarynyň 2025-nji ýylyň 27-nji iýulynda boşadylandygyny aýdan işgärler olaryň anyk haýsy wagtda goýberilendigi, soň haýsy tarapa gidendigi baradaky wideoýazgylaryň görkezilmegini soran aklawçylara ilki ýolbaşçynyň ýokdugyny aýdan bolsalar, soň bu barada maglumat bermekden üzül-kesil boýun gaçyrdylar diýip, adam hukuklaryny goraýjy gurama belleýär we degişli resmileriň şondan bäri, bu maglumatlary bermezlik üçin, dürli usullara ýüz urýandygyny öňe sürýär.

Şeýle-de, deportasiýa merkeziniň işgärleriniň bu meseledäki jogapkärçiligi Sinop şäheriniň prokuraturasyna geçirmäge synanyşandygy, migrantlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde görkezilen şäheriň degişli edaralarynyň olaryň yzyna gaýdyp gelmändigini aýdandygy habar berilýär.

Türk parlamentiniň agzasy Ömer Faruk Gergerlioglu 11-nji martda özüniň X sosial ulgam sahypasynda çap eden wideo ýazgysynda türk häkimiýetlerinden "Alişer Sahatow we Abdylla Orusow alnyp gaçyldymy?" diýip sorady.

Şeýle-de, ol Azatlyk Radiosyna beren ýazmaça interwýusynda türk häkimiýetlerini aýdyň we kanagatlanarly düşündiriş bermäge çagyrdy.

Konstitusion suduň türkmen aktiwistleriniň boşadylmagy barada çykaran kararyna garamazdan, Gergerlioglu olaryň Edirnedäki döwlet edarasyndan boşadylandygy aýdylýan günde ýitirim bolandygyny aýtdy.

Türkiýäniň Samsun şäher sudy iýun aýynda olary Türkmenistana deportasiýa etmek hakynda karar çykardy, emma 13-nji iýunda çykarylan karar barada olaryň aklawçysyna 27-nji iýunda habar berildi. Türkiýäniň Konstitusion sudy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda bu iki adamyň deportasiýasyny ýatyrmak barada karar çykardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG