Türkmenistanda dowam edýän et gymmatçylygynyň arasynda, soňky günlerde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda we söwda nokatlarynda etiň bahasy azyndan iki gezek ýokarlandy.
Munuň bilen bir wagtda, döwlet dükanlarynda adatdakysyndan azyndan dört esse arzan bahadan doňdurylan et satuwa çykaryldy. Bu etiň söwdasynda adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy awgustda maglumat berdi.
“Şäheriň bazarlarynda hususy söwdagärler tarapyndan satylýan etiň bir kilogramynyň bahasy iki günüň dowamynda ilki 150 manatdan 156 manada, 24-nji awgustda bolsa 158 manada çenli ýokarlandy” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda et bahasyndaky durnuksyzlyk dowam edip, onuň nyrhy tapgyrlaýyn esasda gymmatlaýan mahaly, ýerli häkimiýetler 20-nji awgustda şäheriň döwlete degişli birnäçe söwda nokadynda ilata bir kilogramy 35 manatdan bahalanýan doňdurylan eti satyp başlady.
Bu nokatlaryň biri Türkmenabatdaky “Gök” bazaryň gündogar tarapyndaky, “Lebaptelekom” aragatnaşyk kärhanasynyň golaýyndaky döwlet et dükany bolup, bu ýerde adamlaryň uly nobatlary emele geldi.
“Döwlet tarapyndan täzelikde açylan bu et dükanynda adam örän köp. Uly nobat we dyknyşyk bar. Käte adamlaryň arasynda dartgynlylyklar hem ýüze çykýar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Siz mesligiňize çydap bileňizok, size şu-da köp"
Dükan söwdagärleriniň alyjylara dilden berýän maglumatyna görä, bu ýerli malyň däl-de, daşary ýurtlardan getirilen ýabany öküziň doňdurylan etidir.
Habarçymyz bu maglumatyň we et gymmatçylygynyň ýaşaýjylaryň köpüsinde gahar-gazap döredýändigini aýdyp, 20-nji awgustda nobatda duran adamlaryň käbiriniň bu ýagdaýlary aç-açan tankyt etmegine getirendigini belleýär.
“Nobatda duran adamlar hususyýetçilerdäki etiň sebäpsiz ýokarlanmagy bilen, özleriniň ýabany öküziň doňdurylan etini satyn almaga mejbur bolýandygyny aýdyp, şu meseläni, et gymmatçylygyny aç-açan gürleşip, tankyt etmäge başladylar. Et söwdasyna gözegçilik edýän iki polisiýa işgäri bolsa, nobatdaky adamlary bu gürrüňleri etmezlige çagyrdy. Muňa adamlaryň has-da gahary geldi” diýip, waka şaýat bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şaýatlaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, şondan soňra polisiýa işgärleri adamlara seslerini gataldyp, kemsidiji we mertebesine degýän sözleri aýdypdyr.
“Olar ‘Başyňyza gördüňiz, siz mesligiňize çydap bileňizok, size şu-da köp’ ýaly sözleri aýdansoň, adamlar has-da gaharlanyp, iki polisiýa işgärini nobatyň içinden itekläp çykardylar” diýip, waka şaýat bolan ýene bir türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu wakany polisiýadaky çeşmämiz hem tassyklap, wakanyň dowamynda şikes alan adamyň bolmandygyny, ýöne şondan soň arzan etiň satuwyna gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň sanynyň artdyrylandygyny aýtdy.
"Raýat eşiginde howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi"
“Häzir nobatda duran adamlaryň arasyna raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri hem ýerleşdirildi” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, söwda edarasyndan we polisiýa bölüminden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy awgustda bu edaralara eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda mal we towuk etleriniň bahasynyň durnuksyzlygy bir ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär we şu ýylyň iýul aýynyň ortalaryndan bäri etiň hem-de et önümleriniň bahasynyň tapgyrlaýyn esasda ýokarlanmagy dowam edýär. 15-nji iýulda ýurduň dürli welaýatlaryndaky bazarlara aýlanyp gören habarçylarymyz nyrhlaryň 10-30% aralygynda ýokarlanandygyny habar berdiler.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we aýlyklaryň köplenç pes bolmagynyň fonunda, et gymmatçylygy ilat arasynda nägileligi hem güýçlendirýär.
Geçen aýyň ahyrynda Lebabyň Dänew we Kerki etraplarynda ýaşaýjylaryň onlarçasy etrap häkimliklerine baryp, etiň gymmatlamagyna nägilelik bildirdi.
Türkmenistanlylaryň ençemesi aýda bir gezek etli nahar bişirip bilmeýän hojalyklaryň sanardan köpdügini hem aýdyp gelýär. 5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerli ýaşaýjy tarapyndan berlen sadakalaryň birinde palawyň üstünde basa-baslyk, ýakalaşyk döredi. Onlarça adamyň gatnaşmagynda bolan ýakalaşykda kellesinden şikeslenenler hem boldy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu ýagdaýlar, şol sanda etiň gymmatlamagy we onuň sebäpleri, şeýle-de ilatyň nägilelikleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Azatlygyň bu baradaky ýüzlenmelerini hem jogapsyz goýýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum