Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ bilen Yslamabatdaky gepleşiklere gatnaşjagyny tassyklady

Eýranlylar 2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde ok atyşygyň bes edilmegi yglan edilenden soň Tähranyň Enkelab meýdançasynda reaksiýa bildirýärler.
Eýranlylar 2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde ok atyşygyň bes edilmegi yglan edilenden soň Tähranyň Enkelab meýdançasynda reaksiýa bildirýärler.

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarife Eýranyň 10-njy aprelde Yslamabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän ABŞ bilen geçiriljek gepleşiklere gatnaşjakdygyny tassyklady.

Şarifiň edarasynyň beýanatyna görä, iki lider 8-nji aprelde 45 minutdan gowrak dowam eden "gyzgyn we mähirli söhbetdeşlik" geçiripdiler.

"Prezident Pezeşkiýan Eýranyň geljekki gepleşiklere gatnaşmagyny tassyklady we Pakistanyň tagallalaryna minnetdarlyk bildirdi" diýip, Şarif Eýranyň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soň X-de ýazan maglumatynda habar berdi.

Mundan öň, Şarif ABŞ-nyň we Eýranyň wekillerini 10-njy aprelde "ähli jedelleri çözmek üçin gutarnykly ylalaşyk gazanmak maksatly has giňişleýin gepleşikleri geçirmäge" Yslamabada çagyrandygyny aýtdy.

Eýranyň ýarym resmi ISNA habar agentligi ýurduň konserwatiw parlament spikeri Mohammad Baker Kalibafyň eýranly topara ýolbaşçylyk etmegine, ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wansyň bolsa Pakistanyň paýtagtynda geçiriljek gepleşiklerde ABŞ-nyň adyndan çykyş etmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Şeýle-de bolsa, bu jikme-jiklikler ABŞ-nyň ýa-da Eýranyň hökümetleri tarapyndan resmi taýdan heniz tassyklanmady.

Mundan öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Eýran iki tarapyň parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagy üçin wagt bermek maksady bilen Pakistanyň araçylygynda iki hepdelik ok atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar.

Tramp Eýran ylalaşyga gelmese, "bütin bir siwilizasiýa şu gije öler" diýip 7-nji aprelde irden ýazmagyndan soň Tährandan 10 maddadan ybarat teklibi alandygyny sosial mediada ýazdy we "bu gepleşikler üçin işlenip biljek esasdyr" diýip pikir edýändigini aýtdy.

Täsirli Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusyna (IRGC) ýakyn bolan "Tasnim" habar agentligi iki tarapyň arasynda "aýratyn şertler bilen" atyşygy bes etmegiň "ýola goýlandygyny" tassyklady.

"Olar şu gije Eýrana iberilýän ýok ediji güýjüň saklanmagyny haýyş etdiler we Eýran Yslam Respublikasy Hormuz bogazynyň doly, derrew we howpsuz açylmagyna razy bolan halatynda, men Eýranyň bombalanmagyny we hüjümi iki hepde möhlet bilen togtadyp durmaga razylaşýaryn" diýip, Tramp ýazdy.

Tramp Eýranyň teklibi barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne ylalaşygyň dünýäde nebitiň we gazyň 20 göteriminiň geçýän esasy gämi gatnawy bolan Hormuz bogazynda gämileriň erkin geçmegine Tähranyň rugsat bermegine baglydygyny sözüne goşdy.

Analitikler bu şerti ylalaşygyň açary hökmünde görkezdiler we ok atyşygy bes etmegiň durnuklylygynyň Tährana baglydygyny sözüne goşdular.

"Indi ähli gözler Eýrana gönükdirildi, sebäbi prezident ok atyşygy bes etmegi Eýranyň bogazy açmagyna bagly etdi" diýip, Atlantik Geňeşiniň wekili we Pentagonyň öňki resmisi Aleks Plitsas Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ysraýyl Trampyň Eýrana hüjüm etmegi iki hepde bes etmek kararyny goldaýandygyny aýtdy, şert hökmünde Hormuz bogazynyň derhal açylmagy we Birleşen Ştatlara, Ysraýyla hem-de sebitdäki beýleki ýurtlara garşy hüjümleriň bes edilmegi öňe sürülýär.

Emma premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň edarasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda ok atyşygy bes etmek baradaky şertnama Liwany öz içine almaýandygy aýdylýar, bu bolsa Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarifiň öňki beýanatyna ters gelýär.

Amerikan Ýewreý Komitetiniň Täze Orta Gündogar Merkeziniň wise-prezidenti Anne Dreazen Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda arakesme "taktiki dartgynlylygy azaltmak" üçin pursat bolsa-da, deňiz şertleriniň örän howply bolmagynda galýandygyny aýtdy. Ol geçişiň Eýranyň harby güýçleri arkaly henizem utgaşdyrylýandygy sebäpli, ylalaşygyň halkara kadalaryna hakyky gaýdyp gelmegiň ýerine "gözegçilikli we şertli giriş režimini" aňladýandygyny belledi.

"Praktiki taýdan aýdylanda, Eýran erkin gämi gatnawy prinsipini dikeltmezden, bogazy täsir hökmünde ulanyp, deňiz gatnawlaryny düzgünleşdirmek, çäklendirmek ýa-da syýasylaşdyrmak ukybyny saklap bilýär" diýip, Drezen aýtdy we indi Tähranyň "zorlukdan we päsgelçiliklerden manyly gepleşiklere we dartgynlylygy azaltmaklyga tarap ugur almaga" taýýardygyny subut etmek borjunyň bardygyny sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi X-daky ýazgyda Eýrana garşy hüjümler togtadylsa, Eýranyň ýaragly güýçleriniň Ýakyn Gündogardaky nyşanalara gönükdirilen jogap hüjümlerini "togtatjagyny" tassyklady.

"Iki hepdäniň dowamynda Eýranyň Ýaragly güýçleri bilen utgaşykly hereket etmek we tehniki çäklendirmeleri göz öňünde tutmak arkaly Hormuz bogazyndan howpsuz geçmek mümkin bolar" diýip, Arakçi aýtdy.

Trampyň gepleşikler baradaky habary ABŞ-nyň Eýranyň elektrik stansiýalaryny we köprülerini nyşana aljakdygy baradaky duýduryşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle hem, bu ABŞ-nyň we Ysraýylyň howa hüjümleriniň Eýranyň infrastrukturasy we strategiki Harg adasy ýaly köp ýerlerini nyşana almagyndan birnäçe sagat soň boldy.

Trampyň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileri ylalaşygy "ýeňiş" diýip atlandyrdylar, "Ýadro ýaragly Eýrana garşy birleşme" guramasynyň syýasat direktory Jeýson Brodski bolsa ylalaşygy Eýranyň ylalaşygy saklap galjakdygyny görmek üçin Birleşen Ştatlaryň "taktiki arakesmesi - gijikdirmesi" hökmünde häsiýetlendirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG