WAŞINGTON -- ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp urşy bes etmek we Ormuz bogazyny açmak boýunça ylalaşyga gelmese, Eýranyň elektrik stansiýalaryny we köprülerini ýok etjekdigi baradaky haýbatyny ýene bir gezek gaýtalady. Ol bu ýurt “bir gije içinde ýok edilip bilner” diýip duýdurdy.
Tramp 6-njy aprelde Ak tamda goranmak sekretary Pit Hegseth, Baş ştab başlyklary komitetiniň ýolbaşçysy Dan Kein we Merkezi aňtaw gullugynyň direktory Jon Ratkliff bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edip, bu pursady çalt ýitileşýän garşylygyň kesgitleýji tapgyry hökmünde häsiýetlendirdi.
“Bütin ýurt bir gije içinde ýok edilip bilner – we şol gije ertirki gije hem bolup biler” diýip, Tramp aýtdy. Munuň bilen ol Eýranyň ABŞ-nyň talaplaryny ýerine ýetirmegi üçin 7-nji aprele çenli soňky möhlet goýlandygyny nygtady.
“Bu örän möhüm döwür. Olaryň wagty bar, ýagny ertire çenli, sagat sekize çenli.”
Tähran yza tesmek boýunça az yşarat etdi. Günüň dowamynda eýran resmileri Waşington tarapyndan hödürlenen 15 maddalyk ok atyşlygy bes etmek teklibini “çenden aşa” we “esassyz” diýip ret etdiler. Şol bir wagtda, gijäniň dowamynda Ysraýyl bilen söweşler has-da güýçlendi.
Tramp bu meýilnama barada açyk gürrüň berip bilmejekdigini aýtdy, emma gepleşikleriň beýleki tarapynda Waşingtonyň “işjeň we islegli gatnaşyjysynyň” bardygyny hem sözüne goşdy.
Ondan elektrik stansiýalaryny we köprüleri bombalamagyň harby jenaýat hökmünde kabul edilip bilinjekdigi soralanda, Tramp şeýle jogap berdi: “Ýok. Men muny amal etmeli bolmajagyma umyt edýärin.”
Eýranyň yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy bilen adaty goşunyň arasyndaky operasiýalary utgaşdyrýan diýlip görkezilýän Ýokary bilelikdäki harby serkerdelik prezidentiň sözlerini “gödek, tekepbir ritorika we esassyz haýbatlar” diýip atlandyrdy. Bu barada Nour News neşiri şol edaranyň beýanatyna salgylanyp habar berdi.
Trampyň metbugat ýygnagy onuň “örän taryhy” diýip häsiýetlendiren halas ediş operasiýasy baradaky gürrüň bilen başlandy. Bu operasiýanyň dowamynda F-15 söweş uçary Eýranyň çäginde urlup düşenden soň ýiten iki amerikan harby gullukçysy çykarylyp alyndy.
Trampyň we onuň harby ýolbaşçylarynyň maglumatyna görä, bu operasiýa duşmanyň güýçli ody astynda hereket eden 150-den gowrak uçaryň – bombalaýjy, söweş uçarlary, howada ýangyç guýujy tankerler we halas ediş bölümleri – gatnaşmagynda amala aşyryldy.
“Biz hiç bir amerikalyny yzda galdyrmaýarys” diýip, Tramp töwekgelçilikleriň bolandygyna yşarat etdi.
Urlup düşen harbylaryň biri, agyr ýaralanan ýagdaýynda, Eýranyň yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň gözegçilik edýän sebitinde tas 48 sagatlap ele geçmän aman saklandy.
Tramp pilotyň “köp gan akdyryp, gaýa sütünlerine dyrmaşandygyny”, şol bir wagtyň özünde öz ýaralaryna özbaşdak seredip, ýerleşýän ýerini habar berendigini gürrüň berdi.
General Kein halas ediş operasiýasyny goraýan “howa armadasy” barada maglumat berdi, Ratkliff bolsa bu missiýanyň piloty gözläp ýören eýran güýçlerini aldawa salmak üçin “hile kampaniýasyna” daýanandygyny aýtdy.
“Bu wagt bilen ýaryşdy” diýip, Ratkliff aýtdy we operasiýada adam aňtawy bilen ösen gözegçilik tehnologiýalarynyň bilelikde ulanylandygyny belledi.
Harby bilermenler bu operasiýanyň çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýandygyny aýdýarlar.
ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň pensiýadaky general-leýtenanty Deýwid A. Deptula 5-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde muny seýrek duş gelýän we örän dinamik söweş halas ediş operasiýasy diýip häsiýetlendirdi.
Onuň bellemegine görä, şeýle missiýalar aňtaw, howa güýji we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýokary derejedäki utgaşygyny talap edýär we bir tarapdan ABŞ-nyň mümkinçiliklerini, beýleki tarapdan bolsa Eýranyň üstünde operasiýa geçirmegiň dowam edýän howplaryny görkezýär.
Ak tamdaky metbugat ýygnagynda Tramp ähli harby ýolbaşçylaryň halas ediş operasiýasyny goldamandygyny hem mälim etdi. Käbirleri ýüzlerçe adamy berk goralýan eýran çägine ibermegiň töwekgelçilikleri barada alada bildiripdir.
“Adatça beýle edilmeýär” diýip, Tramp aýtdy. “Ýüzlerçe adam öldürilip bilinýärdi.”
Şol garşylyklara garamazdan, Tramp operasiýany hut özüniň tassykladandygyny we netijäni – iki harbynyň hem diri çykarylmagyny – “tas mümkin däl zat” diýip atlandyrdy.
Ultimatum we ýagdaýyň has ýitileşmegi
Trampyň haýbaty Eýranyň strategik taýdan örän möhüm Ormuz bogazyna gözegçiligi bilen baglanyşyklydyr – bu dünýä nebit daşamalarynyň iň esasy geçelgeleriniň biridir.
Onuň pikiriçe, hatda deňiz minalarynyň ýerleşdirilmegi ýaly çäklendirilen päsgelçilikler hem halkara deňiz daşamalaryny ysmaz edip biler.
ABŞ güýçleriniň Eýranyň harby-deňiz we harby-howa güýçleriniň uly bölegini zyýansyzlandyrandygyny öňe sürse-de, Tramp ýene howplaryň galandygyny belledi.
“Diňe bir ýük awtoulagly we suwasty minasy bolan bir terrorçy hem ýeterlik” diýip Tramp belledi. Bu dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň takmynan 20 göteriminiň geçýän möhüm deňiz dar geçelgesiniň gowşak ýagdaýyny alamatlandyrdy.
Ýiti sözlerine garamazdan, Tramp gepleşikleriň dowam edýändigini we “gowy niýet bilen” alnyp barylýandygyny hem aýtdy. Şeýlelikde ol diplomatik çykalga üçin mümkinçilikleriň bardygyna yşarat etdi. “Olar ylalaşyk gazanmak isleýärler” diýip, ol aýtdy, emma goşmaça maglumat bermekden saklandy.
Şol günüň irki sagatlarynda Tramp çykyş edip, ahyrynda urşy amerikan jemgyýetçiliginiň islegini kanagatlandyrmak üçin tamamlamak isleýändigini aýtdy. Şol bir wagtda dowam edýän söweşiň ABŞ-a eýran nebitine elýeterlilik getirip biljekdigine-de yşarat etdi.
“Olar bize bombalamagy dowam etdirmegi haýyş edýärler”
Tramp birnäçe gezek köp sanly eýranlynyň erkinlige ýol hökmünde ABŞ zarbalaryny goldaýandygyny aýtdy. Munuň üçin ol ele salnandygy aýdylýan aragatnaşyk maglumatlaryna salgylanyp çykyş etdi.
“‘Haýyş edýäris, bombalamagy dowam etdiriň’ diýýärler” diýip, Tramp aýtdy. Onuň pikiriçe, parahat ilat režimi agdarmak üçin kynçylyklara döz gelmäge taýýar.
Şol bir wagtda, ol protestçilere abanýan howplary hem boýun alyp, öň howpsuzlyk güýçleriniň demonstrantlary atyp öldüren ýagdaýlaryny ýatlatdy.
“Aslynda men olara köçä çykmaň diýýärin” diýip, Tramp aýtdy. “Bu batyrlyk meselesi däl – bu akyllylyk meselesi.”
Ol öz Tährana garşy berk pozisiýasyny delillendirmek üçin jezalandyryşlary, repressiýalary, şol sanda protestçileriň we başgaça pikirlileriň öldürilmegini mysal getirdi.
Tramp bu metbugat ýygnagynda halas ediş missiýasy tamamlanmazdan öň ýiten harby barada jikme-jikleri çap eden bir žurnaliste garşy çäre görlüp bilinjekdigini hem duýdurdy. Ol maglumat syzdyran çeşmäni göz öňünde tutup: “Biz ‘Bu milli howpsuzlyk meselesi – muny beriň, bolmasa türmä gidersiňiz’ diýeris” diýip aýtdy.
Onuň pikirine görä, şol maglumatlaryň köpçülige çykmagy eýran güýçlerini hüşgärlik ýagdaýa salyp, operasiýany kynlaşdyryp bilerdi, emma ol munuň haýsy habar serişdelerine degişlidigini aýtmady.
Bu wakalar konfliktiň bütin sebit boýunça has-da ýitileşýän döwrüne gabat gelýär.
Ysraýyl 6-njy aprelde gije Eýranyň möhüm nyşanalaryna, şol sanda energiýa infrastrukturasyna zarba urandygyny aýtdy. Eýran bolsa täze hüjümler bilen jogap berdi.
Şol bir wagtyň özünde, eýran döwlet metbugatynyň 6-njy aprelde habar bermegine görä, Tähranyň golaýyndaky ABŞ we Ysraýyl howa zarbalarynda azyndan 19 adam ölüp, 20 adam ýaralandy.
Forum