Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Trampyň aralyk saýlawlardaky şowsuzlygyndan soň onuň indiki hereketini synlaýar

3-nji noýabrda Tähranda geçirilen ýörişde aýallar Eýranyň ýokary ruhany lideri Mojtaba Hameneýiniň portretini göterýärler. Şol ýörişde häkimiýetler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy öldürmek bilen haýbat atylýan uly bilbordlary we bannerleri açdylar.
3-nji noýabrda Tähranda geçirilen ýörişde aýallar Eýranyň ýokary ruhany lideri Mojtaba Hameneýiniň portretini göterýärler. Şol ýörişde häkimiýetler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy öldürmek bilen haýbat atylýan uly bilbordlary we bannerleri açdylar.

ABŞ-nyň aralyk saýlawlarynda demokratlaryň uly ýeňiş gazanmagynyň Kongrese we Waşingtonyň daşary syýasatyna üýtgeşiklik getirmegine garaşylýar. Emma Eýranyň içinde köp resmiler, prezident Donald Trampyň pozisiýasy ses berişlik sebäpli gowşasa-da, ýurduň onuň üns merkezinde galmagyna garaşýandyklaryny aýtdylar.

3-nji noýabr agşamynda netijeler gelip başlanda we Demokratlaryň hem Wekiller öýünde, hem-de Senatda Respublikan bäsdeşlerinden gözegçiligi ele geçirendikleri mälim bolanda, Tramp fewral aýynyň soňky gününde Eýrana garşy başlan urşunyň öz partiýasyna zyýan ýetirendigini boýun aldy.

Emma Eýranyň ýokary ruhany lideri Mojtaba Hameneýi 4-nji noýabrda - Eýranyň ABŞ tarapyndan goldanylýan şasynyň agdarylmagyny berkiden radikal talyplaryň ABŞ ilçihanasyna hüjüm edip, 52 amerikanlyny 444 günläp zamun alan wakalarynyň ýyl dönüminde - eden beýanatynda, diňe bir partiýanyň beýleki partiýanyň ornuny tutandygy üçin ABŞ-nyň syýasatynda düýpli üýtgeşiklige garaşýanlaryň "çuňňur ýalňyşýandygyny" aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlary "hatda iň kiçijik boýun egdirmek meýlinden" hem saklanmagy duýdurdy we "ABŞ öz gegemoniýasynyň soňunyň heniz uzakdadygyna ynanýar, ýöne biz onuň eýýäm golaýdygyna ynanýarys" diýip sözüne goşdy.

Eýranyň we ABŞ-nyň gepleşikçileri soňky günlerde harby çaknyşygy bes etmek üçin, esasan Katar we Pakistanyň araçylygynda, gytaklaýyn gepleşikleri işjeň alyp barýan hem bolsalar, Tramp Eýrana garşy gaýtadan hüjümleriň amala aşyrylmagynyň mümkinçiligini ret etmekden ýüz öwürdi. Ol ABŞ-nyň Eýranyň bir ýa-da iki nyşanasyna, şol sanda şübheli ýadro desgasyna garşy "çäre görmelidigini" hem aýtdy.

Eýranyň öňki reformaçy kanun çykaryjysy Jalal Raşidikuçi demokratlar bilen respublikanlaryň arasynda uly tapawut görmeýändigini aýtdy, ýöne ol saýlawlaryň netijesini amerikan saýlawçylary tarapyndan Eýrana garşy urşy goldaýanlaryň "taryhy we kemsidiji" ret edilmegi hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle hem, ol Wekiller Palatasynyň we Senatyň täze saýlanan agzalaryny bu habara gulak asmaga çagyrdy.

Elbetde, Eýranyň köp resmiler bu netijelere begenmek mümkinçiliginden peýdalandylar, käbirleri muny eýranlylaryň "halk garşylygy", "eýran söweşijileriniň batyrlygy" we 28-nji fewralda, ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy howa hüjümleriniň ilkinji gününde ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň ölümine jogapkärlerden "taryhy ar almagy" bilen baglanyşdyrdylar.

Emma şeýle beýanatlar Eýranyň ýolbaşçylarynyň nähili hereket etjekdigini doly açyp görkezmeýär.

Mundan başga-da, saýlawlar Eýran resmileriniň aýdýanlaryndan has az üýtgeşiklik getirip biler, sebäbi Tramp henizem daşary syýasatda güýçli täsirleri saklaýar we 2029-njy ýylyň ýanwaryna çenli wezipesinde galýar.

Has berk çemeleşmemi ýa-da garaşyp görmek strategiýasymy?

Brýusselde ýerleşýän Halkara krizis toparynyň Eýran boýunça ýokary derejeli analitigi Hamidreza Azizi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Eýranyň ýokary derejeli resmileriniň netijeleri Yslam respublikasynyň ýeňşi we onuň ylalaşmaz çemeleşmesiniň tassyklanmagy hökmünde görýändigini aýtdy.

"Şu nukdaýnazardan, netijeleriň Eýranyň pozisiýasynyň ýumşamagyna däl-de, gaýtam has-da berkleşmegine getirmegine garaşýaryn" diýip, Azizi belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu, hususan-da, Tähranyň esasy talaplaryna degişlidir: Waşington sanksiýalary we blokadany ýatyrmak bilen ilkinji ädimi ätmeli we islendik ylalaşyk ýadro ýaraglary bilen bagly uly ýeňillikleri öz içine almaly däl.

Azizi şeýle pozisiýanyň - hususan-da, Tramp başga ýitirjek zadynyň galmandygyny karar edip, daşary syýasatdaky ýeňşiň içerki şowsuzlyklarynyň öwezini dolup biljekdigine ynanýan bolsa - täze çaknyşygyň töwekgelçiligini azaltmagyň ýerine artdyryp biljekdigini duýdurdy.

Gaaganyň Amaly ylymlar uniwersitetiniň mugallymy Damon Golriziň pikiriçe, ýene bir wariant, Tähranyň Trampyň möhletiniň tamamlanmagyna garaşmagy saýlamak mümkinçiligidir.

Golriz Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy "Radio Farda" beren interwýusynda Eýranyň Trampa uly ylalaşyklary bermegi yza tesdirip, has uzak möhletli ylalaşyga gelnip bilinjekdigine ynanýan geljekki ABŞ administrasiýasyna garaşmagyň has gowy boljakdygy barada netijä gelip biljekdigini aýtdy.

Ol 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyny baglaşan Prezident Barak Obamanyň gepleşiklerine, şeýle hem öňki prezident Jo Baýdeniň döwründe çynlakaý diplomatik gatnaşyklar hökmünde häsiýetlendiren mysallaryna salgylanyp, Waşingtonda başga bir syýasy gurşawyň Tährana has gowy perspektiwalary hödürläp biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Golriz geljekki döwrüň üýtgewsiz boljakdygyna, Trampyň saýlawdaky şowsuzlykdan soň güýjüni görkezmäge synanyşyp, Eýrany ylalaşyklara mejbur etmek üçin harby we ykdysady basyşlara bil baglamagyny dowam etdirip biljekdigine garaşýar.

Emma Golriz harby hüjümleriň Eýranyň ýadro programmasy we Hormuz bogazy baradaky jedelleri çözüp bilmejekdigini öňe sürdi. Ol uzak möhletli çözgüt üçin "gizlin, gönümel, dowamly, uzak möhletli we çynlakaý" gepleşikleriň geçirilmeginiň zerurdygyny, munuň bolsa 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny emele getiren gepleşiklerden has giň gerimli gepleşikleriň geçirilmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Azizi, Tähran ýolbaşçylarynyň howpdan habarly bolup görünýändigini aýdyp, Hameneýiniň beren duýduryşyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezdi. Şeýle-de bolsa, ol wakalaryň netijesiniň esasan Waşingtona baglydygyny belledi.

"Töwekgelçilikler henizem ýokary bolmagynda galýar" diýip, ol aýtdy. "Köp zat Trampyň öz pozisiýasyna we Respublikan partiýasynyň pozisiýasyna nähili baha berýändigine we ony dürli ugurlara iterýän içerki basyşlara nähili jogap berýändigine baglydyr" diýip, Azizi sözüne goşdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG