Ilki başda ykdysady närazylyklar sebäpli başlanan protestler Eýranyň ruhany hökümdarlary üçin birnäçe ýylyň dowamynda iň uly howpa öwrüldi.
Ýurduň içindäki tanymal aktiwistleriň AÝ/AR-nyň Farda gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, ýurt boýunça geçirilýän demonstrasiýalar köp eýranlynyň ruhanylar häkimiýetiniň ýok edilmegini isleýändigini görkezýär.
Emma olar üýtgeşikligiň daşary ýurtlardan goşulyşmagyň netijesinde däl-de, içerden emele gelmelidigini sözüne goşdular. Eger häkimiýetler demonstrantlara rehimsiz basyş etmegini dowam etdirse, Birleşen Ştatlar harby taýdan goşulyşjakdygy bilen haýbat atdy.
"Görýän zadymyz adamlaryň umumy düşünjä gelmeginiň alamatydyr" diýip, Tähranda ýaşaýan syýasy aktiwist we adam hukuklaryny goraýjy Mehdi Mahmoudian aýtdy. "Bu indi diňe protest geçirýän mugallymlar ýa-da ýeke-täk sosial topar däl. Bu gezek sessizler bileleşik döretdiler."
Mahmoudiananyň sözlerine görä, protestçiler indi ruhanylaryň agdyklyk edýän syýasy ulgamynda özgertmeleri talap etmeýärler, eýsem düýpli üýtgetmeleri talap edýärler.
"Häzirki wagtda üýtgemeli zat Yslam respublikasynyň özi we ol düýbünden özgermeli" diýip, ol aýtdy.
Dowam edýän protestler Eýranda 2022-nji ýylda geçirilen "Aýallar, Durmuş, Azatlyk" hereketinden bäri iň uly demonstrasiýadyr. Häkimiýetler şol protestleri basyp ýatyrdylar we ýüzlerçe protestçini öldürdiler.
Häkimiýetler soňky protestlere rehimsiz güýç bilen jogap berdiler, onlarça protestçini öldürdiler we 1000-den gowrak adamy tussag etdiler. Aktiwistleriň aýtmagyna görä, bu häkimiýetleriň ilatyň kanuny şikaýatlaryny diňlemek we çözmek islemeýändigini görkezýär.
Inflýasiýa we milli walýutanyň nyrhynyň pese gaçmagy sebäpli dörän ykdysady çökgünlik protestleriň sebäpleriniň biri hökmünde giňden görkezilýär.
Din alymy we hukuk aktiwisti Sedighe Wasmaghi ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagynyň jemgyýetiň uly bölegini çökgünlik nokadyndan pese gaçyrandygyny aýtdy.
"Halkyň ykdysady we ýaşaýyş ýagdaýy şu gün öňküden has betbagtçylykly" diýip, Wasmaghi Farda radiosyna aýtdy.
Ol häkimiýetleriň öňki närazylyk tolkunlaryna garanda has gowşak ýagdaýda bolandygyny aýtdy we ABŞ-nyň sanksiýalarynyň, şeýle hem hökümetiň nädogry dolandyrylyşynyň we korrupsiýasynyň netijesinde ýurtda ykdysady krizisiň agyrlaşýandygyny belledi.
Wasmaghi döwletiň giňelýän basyşlarynyň ýagdaýy has-da radikallaşdyryp biljekdigini duýdurdy.
"Eger döwlet dowam etdirse, bu hökman gapma-garşylyga öwrüler" diýip, ol aýtdy. "Halk güýç bilen häkimiýeti agdarar."
Harby gatyşma ýok diýilýär, ýöne goldaw makullanýar
Barha güýçlenýän gapma-garşylykly äheňe garamazdan, aktiwistler Eýrana daşary ýurt harbylarynyň goşulyşmagyny islemeýändiklerini ynamly aýdýarlar.
Mahmudian halkara goldawy bilen gatyşmanyň arasynda aýdyň tapawudyň bardygyny nygtady.
"Goldaw we gatyşma birmeňzeş däl" diýip, ol aýtdy. "Halkara edaralary halkara hukugynyň çäklerinde goldaw berip bilerler we bermelidirler, ýöne islendik harby hüjüm ýa-da daşary ýurtdan harby goşulyşmasy birmeňzeş ýazgarylýar."
Wasmaghi bu pozisiýany gaýtalap, daşarky harby hereketleriň protestleriň kanunylygyna zyýan ýetirjekdigini nygtady.
"Men şahsy taýdan daşary ýurt harby goşulyşmagyna garşy" - diýip, ol: "Global jemgyýet parahatçylykly protestleri goldamaly, ýöne hiç hili goşulyşma bolmaly däl" diýdi.
Adam hukuklaryny goraýjy Motahareh Gouneý soňky aýlardaky öň görlüp-eşidilmedik inflýasiýany jemgyýetçiligiň üýtgeşiklik islemegine ýene bir delil hökmünde görkezdi.
"Adamlar indi Yslam respublikasyndan hiç zada garaşmaýarlar" - diýip, ol Farda radiosyna aýtdy. "Olar 'Biz bu sistemany islemeýäris' diýip, aýdyň aýdýarlar."
Gouneý soňky günlerde protestler mahalynda köpçüligiň howpsuzlyk güýçlerine tarap gönüden-göni ýöriş eden sahnalaryny suratlandyrdy. Bu bolsa ilatyň ýitirjek zadynyň galmandygyny görkezýär diýip, adam hukuklaryny goraýjy aýdýar.
"Biz bu habaryň dünýä ýetmegini isleýäris" -diýip, Gouneý: "Biz bu syýasy gurluşy islemeýäris" diýip, sözüne goşdy.
Forum