Eýranyň adalat ulgamy Mossadyň agenti bolmakda aýyplanandygy aýdylýan bir kişiniň jezalandyrylyp öldürilendigini mälim etdi. Maglumata görä, ol geçen ýyl Isfahan şäherinde Goranmak ministrligine degişli bir binada bolan parlatma bilen ilteşikli günäli tapylypdyr.
Eýranyň adalat ulgamyna ýakyn Mizan habarlar gullugy ölüm höküminiň 3-nji martda berjaý edilendigini aýtdy.
Ýanwar aýynda bu hüjüm bilen ilteşikli bolmakda günäli tapylyp dört sany kürt hem jezalandyrylyp öldürilipdi.
Adam hukuklary boýunça Hengaw toparynyň maglumatyna görä, jezalandyrylyp öldürilen bäş adamyň hiç biriniň sud diňlenişigi adalaty geçmändir, şeýle-de olaryň görkezmeleri gynamalar bilen alnypdyr.
3-nji martda jezalandyrylyp öldürilen kişiniň 2019-njy ýylyň fewralyndan bäri, Ysraýylyň milli aňtaw agentligi – Mossad bilen gatnaşykda bolandygy aýdylýar.