Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň inkär etmegine garamazdan, Tramp ABŞ urşy bes etmek boýunça 'häzir gepleşik alyp barýar' diýýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 24-nji martda Owal kabinetinde täze Watan howpsuzlygy ministri Markweýn Mulliniň kasam kabul ediş dabarasynda çykyş edýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 24-nji martda Owal kabinetinde täze Watan howpsuzlygy ministri Markweýn Mulliniň kasam kabul ediş dabarasynda çykyş edýär.

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň urşy bes etmek üçin ylalaşyk barada "Eýrandaky dogry adamlar bilen gürleşýändigini" aýtdy, Tähran bolsa Ysraýyla we Kuweýte hüjüm etdi, ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sebite ýene müňlerçe esgeriň ugradylyp biljekdigini habar berdiler.

"New York Times" we Ysraýylyň 12-nji kanaly ABŞ-nyň Eýrana 15 maddadan ybarat parahatçylyk meýilnamasyny iberendigini habar berdiler. Habarlarda ady görkezilmedik resmiler agzaldy, Trampyň administrasiýasy ýa-da Tähran tarapyndan bu barada dessine düşündiriş berilmedi.

Trampyň 24-nji martda aýdan sözleri onuň "örän gowy we netijeli" gepleşikleriň geçirilendigi baradaky çykyşyndan we Eýranyň ýokary derejeli resmileriniň Tähranyň Waşington bilen gepleşik geçirýändigi baradaky habary inkär etmeginden bir gün soň aýdyldy.

"Biz aslynda dogry adamlar bilen gürleşýäris we olar şeýle bir ylalaşyk baglaşmak isleýärler - olaryň näderejede ylalaşyk baglaşmak isleýändigini bilmeýärsiňiz" diýip, Tramp Ak Tamda eden çykyşynda aýtdy. "Biz häzir gepleşiklerde" diýip, ol belledi.

Ol Eýranyň hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolmazlyga razy bolandygyny iki günüň dowamynda ikinji gezek aýtdy. Tähranyň diňe parahatçylyk maksatlydygyny öňe sürýän ýadro programmasy Ýakyn Gündogar ýurdunyň daşynda dörän halkara dartgynlygynyň merkezinde durýar. Tramp ABŞ-nyň wekili Stiw Witkoffyň we Jared Kuşneriň, şeýle hem wise-prezident J.D. Wansyň we Döwlet sekretary Marko Rubionyň gepleşiklere gatnaşandygyny aýtdy. Duşuşyk ýa-da jaň edişlik üçin hiç hili tertip görkezilmedi.

US Calls Off Strikes On Iranian Energy Targets But Sector Called Still Vulnerable US Calls Off Strikes On Iranian Energy Targets But Sector Called Still Vulnerable
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:26 0:00

Tramp Birleşen Ştatlar bilen gepleşik geçirýänleriň hiç bir adyny agzamady. Ol uzak wagtlap ýurdy dolandyran ýokary ýolbaşçy Ali Hameneýiniň we Eýranyň köp sanly beýleki ýokary derejeli resmileriniň öldürilmeginden soň "biz täze adamlar topary bilen iş salyşýarys" diýdi.

Ol "şu gün gelen" bu toparyň ABŞ-a "örän uly sowgat" berendigini we onuň nebit hem gaz bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Ol munuň nämedigini aýtmady, ýöne onuň Pars aýlagyndan global bazarlara nebit we gaz daşamak üçin möhüm arteriýa bolan Hormuz bogazy bilen baglanyşyklydygyny belledi.

"The New York Times" neşiri ady agzalmadyk iki resminiň sözlerine salgylanyp, konflikti çözmek üçin Pakistan arkaly ýetirilen 15 maddadan ybarat meýilnamanyň "Eýran resmileriniň arasynda näderejede giňden paýlaşylandygy" belli däl" diýip ýazdy.

Ysraýylyň 12-nji kanalynyň üç çeşmä salgylanyp beren maglumatynda ABŞ-nyň meýilnamany ara alyp maslahatlaşmak üçin atyşygy bir aýlyk bes etmek isleýändigini, meýilnamanyň Hormuz bogazyny açyk saklamagy, Eýranyň ýadro programmasyny ýok etmegi, proksi toparlaryna goldawy bes etmegi we Tährana garşy ähli sanksiýalary aýyrmagy öz içine alýandygy aýdyldy.

Hormuz bogazy boýunça wagt möhleti yza süýşürildi

Eýran Ysraýyla, Pars aýlagy ýurtlaryna we sebitde ABŞ-nyň desgalaryna hüjümlerini dowam etdirip, Hormuz bogazyny petikleýärkä Tramp "bu uruşda ýeňiş gazanyldy" we Eýran "doly ýeňildi" diýýär.

23-nji martda Tramp ABŞ bilen Eýranyň "Ýakyn Gündogardaky söweşleriň doly we ähli taraplaýyn çözülmegi" barada "örän gowy we netijeli" gepleşikleri geçirendigini aýtdy. Ol Eýranyň Hormuz bogazyny boşatmagy üçin wagt möhetini we ABŞ-nyň hüjümleri bilen elektrik stansiýalarynyň ýok edilmegini bäş gün yza süýşürýändigini aýtdy.

Eýranyň parlamentiniň başlygy we beýlekiler ABŞ bilen gepleşikleriň geçirilendigini inkär etdiler, ýöne ABŞ-nyň metbugat habarlarynda taraplaryň arasynda araçylar arkaly azyndan başlangyç aragatnaşyk bolandygy aýdylýar.

Pakistanda gepleşikleriň geçirilmeginiň mümkindigi baradaky habarlardan soň, premýer-ministr Şehbaz Şarif şu hepde 24-nji martda sosial mediada ýazan habarynda öz ýurdunyň "dowam edýän çaknyşygyň giňişleýin çözülmegi üçin manyly we gutarnykly gepleşikleri alyp barmak üçin ýer eýesi bolmaga taýýardygyny we muny abraý hasaplaýandygyny" aýtdy.

Emma 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana eden howa hüjümleri bilen başlanan uruş, gowşamagyň az alamatlary bilen dowam etdirilýär. ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ady agzalmadyk resmilere salgylanyp, ABŞ-nyň 82-nji elit howa-desant diwiziýasyndan müňlerçe esgeri Ýakyn Gündogara ibermegi meýilleşdirýändigini habar berdiler.

“The Wall Street Journal” gazeti Pentagonyň diwiziýadan takmynan 3000 esgerden ybarat söweş bölümini sebite ibermegi planlaşdyrýandygyny habar berdi. Bölümdäki esgerler “duşman ýa-da jedelli territoriýa paraşýut bilen gonmak we howa meýdançalaryny goramak üçin türgenleşik geçirýärler” diýip, neşir habar berdi.

Eýran Kuweýte we Ysraýyla hüjümleri başlady, resmiler 24-nji martda Eýranyň raketalary we dronlary urlup düşürilenden soň, olaryň galyndylarynyň gaçmagy zerarly Tel-Awiwde azyndan alty adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Kuweýt howa goranyş ulgamlarynyň “raketa we dron hüjümlerine” jogap berendigini we partlamalaryň sesleriniň bu ýaraglaryň asmanda tutulmagy sebäpli dörändigini habar berdi.

Şeýle hem, 24-nji martda Yragyň harby güýçleri ABŞ-ny we Ysraýyly Halk Mobilizasiýa Güýçleriniň (PMF) sebitleýin ştab-kwartirasyna, şeýle hem onuň lideri tarapyndan ulanylýan jaýa edilen howa hüjümlerinde günäkärledi we azyndan 15 söweşijiniň ölendigini aýtdy. Halk Mobilizasiýa Güýçleri Eýran tarapyndan goldanýan şaýy söweşijileriniň yrakly howandary hasaplanýar.

Diplomatik öňegidişlik belli däl

Şol bir wagtyň özünde, "Financial Times" gazeti Tähranyň "duşmançylykly däl gämileriň" Eýran häkimiýetleri bilen sazlaşykly Hormuz bogazyndan geçip biljekdigini Halkara Deňiz Guramasynyň agza döwletlerine aýdandygyny habar berdi.

"Financial Times" gazeti Eýranyň Daşary işler ministrligine degişlidigi aýdylýan we IMO-da ýaýradylan hata salgylanyp, ABŞ, Ysraýyl we "agressiýanyň beýleki gatnaşyjylary" bilen baglanyşykly gämileriň ... bigünä ýa-da duşmançylyksyz hasaplanman, geçmäge hakly däldigini ýazdy.

"Financial Times" gazetiniň habaryna görä, hatda Tähranyň "agressiýaçylaryň we olaryň goldawçylarynyň Hormuz bogazyndan Eýrana garşy duşmançylykly operasiýalary amala aşyrmak üçin peýdalanmagynyň öňüni almak üçin zerur we deňagramly çäreleri görendigi" aýdylýar.

Ak Tamyň we Merkezi aňtaw gullugynyň öňki analitigi, häzirki wagtda Ýakyn Gündogar Institutynda (MEI) işleýän Kennet Pollak, birnäçe ýurduň gepleşikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin eden tagallalaryna garamazdan, ýakynlaşyp gelýän diplomatik öňegidişlikler baradaky çaklamalary goldaýan subutnamalaryň azdygyny aýtdy.

"Meniň düşünişime görä, eýranlylar öňünden kesgitlenen şertler bilen jogap berdiler - ABŞ zyýanyň öwezini dolmaly, ähli güýçlerimizi sebitden çykarmaly - bu bolsa Tramp üçin kabul ederlikli däl" diýip, Pollak 23-nji martda Waşingtonda Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Trampyň sözleri hakyky, ýakynlaşyp gelýän öňegidişligi görkezmän, bazarlary rahatlandyrmaga gönükdirilen ýaly görünýär" diýip, ol nygtady.

Çaknyşyklaryň başlamagy nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagyna, energiýa we birža bazarlarynyň sarsmagyna, ýangyç bahalarynyň artmagyna, global inflýasiýa howatyrlanmalarynyň güýçlenmegine hem-de söweşleriň sebite ýaýrap, ony gurşap almagy bilen bagly howatyrlanmalaryň Ýakyn Gündogarda we Günbatarda döremegine sebäp boldy.

Pars aýlagynyň elektrik ulgamlaryna hüjümleriň howpy içimlik suwuny arassalamak kynçylygynyň howpuny döretdi we nebit bazarlaryny has-da howsala saldy.

Trampyň urşy bes etmek boýunça gepleşikler barada 23-nji martda aýdan ilkinji sözleri "Brent" çig nebitiniň bahasyny takmynan 10% aşaklatdy, emma 24-nji martda Ýakyn Gündogardaky hüjümler nyrhy 3% töweregi ýokarlandyryp, 102 84 dollardan aşmagyna getirdi.

AÝ/AR-nyň Waşingtondaky habarçysy Aleks Raufoglunyň, "Reuters" we AFP agentlikleriniň habarlary ulanyldy.
XS
SM
MD
LG