Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Finlandiýada säginip, Ýewropa syýahatyny tamamlaýan Baýden NATO-nyň jebisligini nygtady


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto bilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto bilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden özüniň we beýleki NATO liderleriniň şu hepde geçirilen sammitde harby ýaranlygyň Russiýa Ukraina çozanyndan soň “ozalda-ahyrda bolşundan has jebisleşendigini” görkezendigini aýtdy.

Ýaranlar "bu söweşiň diňe bir Ukrainanyň geljegi ugrundaky söweş däldigine düşünýärler" diýip, Baýden Helsinkide Ýewropa edýän bäş günlük saparyny ýapanda hem aýdypdy.

Ukrainanyň söweşi gündogar Ýewropada we bütin dünýäde özygtyýarlylyk, howpsuzlyk we erkinlik bilen hem bagly diýip, ol 13-nji iýulda eden çykyşynda aýtdy.

Baýden Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto bilen geçirilen metbugat ýygnagynda Birleşen Ştatlaryň NATO meselesindäki ygrarlylygynyň üýtgewsizligini nygtady. “Men muňa doly kepil geçýärin. Bu ýerde hiç bir mesele ýok" diýip, Baýden amerikan halkynyň we kongresdäki kanun çykaryjylaryň uly goldawynyň bardygyny hem sözüne goşdy.

Baýden we Niinisto 13-nji iýulda Şwesiýanyň, Norwegiýanyň, Daniýanyň we Islandiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Liderler “ABŞ bilen Demirgazyk Ýewropanyň arasyndaky berk hyzmatdaşlygy we howpsuzlyga, daşky gurşawa, tehnologiýa we jemgyýete ünsi jemläp, olaryň ýurtlarynyň arasyndaky barha güýçlenýän hyzmatdaşlygy ýene bir gezek tassyk etdiler” diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG