Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 ministrleri Hytaýy Russiýa basyş etmäge çagyrýar


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Ýedilik topary (G7) 19-njy sentýabrda Hytaýy Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny duruzmagy üçin basyş görkezmäge çagyrdy. Bileleşigiň daşary işler ministrleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde duşuşyp, bilelikde taýýarlanan beýanatlaryny çap etdiler.

G7-niň daşary işler ministrleriniň Ýaponiýanyň başlyklygynda ýaýradylan beýanatynda agzalaryň Hytaýyň rus goşunlarynyň Ukrainadan gyssagly, doly we hiç bir şertsiz çykarylmagyna basyş görkezmegine umyt baglaýandygy aýdylýar.

Bu beýanat Hytaýyň ýokary derejeli diplomaty Wan Ýiniň dört günlük sapar bilen Russiýa baran wagtyna gabat geldi. Bu sapar wagtynda iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň has çuňlaşdyrylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG