Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garrylar öýünden gaçan ýaşuly 10 gün bäri 'tapylmaýar'

Aşgabat. Garrylar öýüniň gapysy. Bezeg suraty
Aşgabat. Garrylar öýüniň gapysy. Bezeg suraty

Daşoguz welaýatyndaky Maýyplar we garrylar öýünde saklanýan adamlaryň käbiri ol ýerden başarsa gaçýar, sebäbi şertler agyr, olaryň arasynda çilim, çakyr ýaly önümlere garaşly bolup, bu zatlary has gymmat bahadan alyp, döwletden alýan kömek pullaryny her aýyň başynda bir hepdä ýetirmän sowýan hassalar hem bar diýip, çeşmeler habar berýär.

Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, gaçyp gelen adamlaryň käbiri hossarlaryna ‘meni indi ol ýere bermäň, işgärleri gaty gödek’ diýip ýalbarýar.

Maglumat almak üçin döredilýän emeli päsgelçilikler sebäpli, habarçylarymyz garrylar öýlerindäki şertler barada açyk žurnalist derňewini geçirip bilmeýärler.

Garrylar öýleriniň 'beterleşýän ýagdaýy'

Ýatlatsak, habarçylarymyz öň ýetimler öýünde ulalyp, jaý berilmän, garrylar öýüne ugradylýan ýaşlar barada hem, ýaşululary garrylar öýüne ýerleşdirmek üçin döreýän uly nobatlar, maýyplar öýündäki orun üçin soralýan paranyň möçberi barada hem habar beripdiler.


Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ahally erkek öz garry agasynyň Daşoguz welaýatyndaky Maýyplar we garrylar öýünden birnäçe gezek gaçandygyny gürrüň berdi.

“Men kakamyň doganyny Daşoguzdaky Maýyplar we garrylar öýüne tabşyrdym. Kakam kiçikäm aradan çykdy, dogany bolsa, maýyp bolany üçin maşgala gurup bilmedi. Ol ilki-ilkiler köçede, söwda nokatlarynyň golaýynda, bazarlara aýlanyp, dilegçilik ederdi, maşgala eklenjine goşant bolardy.”

Ahally söhbetdeşimiz garry agasynyň soň spirtli içgileri içmäge başlap, hem özüni, hem garyndaşlaryny kyn ýagdaýa salandygyny aýtdy.

“Käte goňşular göterip, öýe getirerdiler, käte polisiýa işgärleri getirip, ‘siziň garyndaşyňyzmy, indi goýbermän saklaň, spirtli içgi içip, göni oturan ýerine meýdan, kiçi meýdan edip, ýatyp galýar’ diýerdi. Ejem eşiklerini ýuwup, ony biabraýçylykdan saklajak bolardy. Emma ol içgisini goýup bilmedi…”

Çagalarym ‘mekdebimize gelip, şol ýerde hem dilegçilik edip oturýar, serhoş wagty her geçene, çaga bolsun, mugallym bolsun, paýyş sözleri aýdyp sögýär, biz utanýarys’ diýensoňlar, çydaman, ahyrynda agamy Daşoguz şäherinde ýerleşýän Maýyplar we garrylar öýüne ýerleşdirdim.

Maýyplar öýüne ýerleşdirilen ýaşuly ol ýerden ilki iki gezek gaçýar we her gezek göni öýlerine gelýär, ýöne üçünji gezek gaçanda gelmeýär.

'Ozal gaçanda öýe gelerdi, bu gezek gelmedi'

“Her gezek gaçanda, göni öýe gelerdi, biz hem yzyna eltip gaýdardyk. ‘Indi gaçmaz ýaly, gerek bolsa daňyp saklaň’ diýip tabşyrardyk. Alty aý bäri hiç gep-gürrüň ýokdy, ‘indi oňat’ diýip otyrkak, bir hepde öň elime jaň geldi. Agamyň ol ýerden gaçanyna üç gün bolupdyr.”

Şondan bäri hiç hili habar ýok, her gün bazarlara, köçelere aýlanýaryn. Gaçyp gaýdan bolsa bazarda, maketleriň golaýynda, köçede dilegçilik eder ýa-da öýe geler, başga barmaga ýeri ýok diýdim. Emma şu gün gaçanyna 10 gün boldy, häli-häziren çenli gördüm-bildim ýok diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Maýyplar we garrylar öýüniň işgärleri bir gezek jaň edenlerinden soň, gaýdyp habar tutmandyrlar.

“Şu gün irden özüm jaň edip, agamy tapdyňyzmy ýa-da özi yzyna bardymy diýip soradym. Olar ýok, tapmadyk, özem gelmedi, biz polisiýa edarasyna habar berdik, hossarsyz adam görseler, bize aýdarlar, ol entek diri, sebäbi ölen bolsa morga tabşyrylardy diýdiler.”


Agasy ýiten raýat onuň ilki-ilkiler gaçanda ‘indi meni o ýere ugratmaň, aňyrdaky ýagdaý gaty erbet, işgärleri urup, kemsitmekden hem gaýtmaýar’ diýip ýalbarandygyny, berilýän nahardan hem zeýrenendigini gürrüň berdi.

'Agamy gözlemäge gitmek üçin pul gerek'

Şeýle-de, ol agasynyň dilegçilik edip ýaşanym gowy eken, alýan kömek pulumy iki günde sowýaryn, sebäbi Maýyplar öýüniň işgärleri mahorka çilim, çakyr ýaly harytlary dükanlardaky bahasyndan tas 10 esse gymmat bahadan getirip berýär, azyk üçin iberýän az-owlak puluňyzy hem elimden alýarlar diýendigini aýtdy.

Azatlyk bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda barlap, tassykladyp bilmeýär.

Söhbetdeşimiz indi ýakynlarynyň öýlerine aýlanyp, dilegçilik etmeli bolandygyny, sebäbi demirgazyk sebite gidip, agasyny gözlemek üçin pul jemlemelidigini, agasyny tapmasa, öýde arkaýyn ýatyp bilmejekdigini hem sözüne goşdy.

Azatlygyň habarçylary mundan öň Türkmenistanda ýetimler öýünde ulalan we ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmeýän ýaş raýatlaryň garrylar öýündäki durmuşy, hossarsyz maýyplaryň ‘ogurlanan’ rysgaly barada hem habar beripdi. Emma türkmen resmileri bu hili habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär we, soňky on ýylda ýagdaýyň ençeme esse agyrlaşandygy öňe sürülýär.

Türkmenistanyň açyk statistik maglumatlarynda maýyplar we garrylar öýleriniň takyk sanyny tapmak kyn. Ýurt bu ugurdaky maglumatlary yzygiderli çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG