Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaýyny satyp, ene-atasyny Garrylar öýüne tabşyrjak 'köpelýär' - Çeşmeler

Ahal sebitinde bir obanyň jaýlary. Bezeg suraty
Ahal sebitinde bir obanyň jaýlary. Bezeg suraty

Türkmenistanda işsiz, gazançsyz, garyp düşen we daşary ýurtlara işlemäge gitmek üçin jaýyny satýan adamlaryň köpelmegi bilen, öz ata-enelerini maýyplar ýa garrylar öýlerine tabşyrýan raýatlar köpelýär, maşgalasyndan aýrylan ýaşuly adamlaryň şondan soňky ýagdaýynyň has kyn bolýandygy, sebäbi olaryň döwlet edarasyndaky durmuş, ýaşaýyş şertleriniň hem ‘gowy däldigi’ aýdylýar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Sebitleriň birindäki Garrylar öýüniň müdiriniň Ahaldaky çeşmä aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ene-atasyny garrylar öýlerine getirýänler görlüp-eşidilmedik derejede köpelýär.

“Ejesini, kakasyny getirýän adamlaryň ählisi olary ekläp bilmeýändiklerini, dermanlaryny satyn almaga-da pul ýagdaýlarynyň bolmaýandygyny aýdýar. Bu adamlaryň arasynda öz wagtynda oňat ýerlerde işlän, soň şeýle agyr ýagdaýa düşen abraýly adamlaram bar” diýip, Garrylar we maýyplar öýüniň müdiri anyk sanlary bermän aýdypdyr.

Gartaşan ene-atalaryň idegi jemgyýetiň 'uly meselesine' öwrülýär

Türkmenistan maglumat almak üçin ýapyk ýurt bolansoň, habarçymyz işsiz, bergi-borja batyp, soňra öýsüz galýan we ene-atalaryny garrylar öýlerine tabşyrmaga mejbur bolýan adamlaryň öňki ýyllarda näçe bolandygyny, häzir näçedigini anyklap bilmeýär.


Şeýle-de, ýurtda, metbugat, söz, pikir beýan etmek azatlygynyň ýowuz çäklendirilmegi, garaşsyz neşirlere ýagdaýyny aýdan adamlaryň berk ýanalmagy sebäpli, habarçylarymyz ol ýa-da beýleki garrylar öýüne baryp, maşgala agzalary bilen gorkusyz duşuşyp, pikirini aýtjak raýatlar bilen açyk gürleşip bilmeýärler.

“Men häzir kyn günde, öý gaşlarymyň ählisi diýen ýaly kredite alnan. Men ilki elektronika dükanlaryndan elektronika enjamlaryny kredite aldym. Soň çörek almaga pulum bolman, alan harytlarymy ýarpy bahasyndan tanyşlaryma we internet üsti bilen satmaly boldum. Bergilerimi wagtynda töläp bilmämsoň, öý goşlarymyzy aldylar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ahally ýaşaýjy öz ýaly ýagdaýa düşýän adamlaryň az däldigini aýtdy.

Bir sebäp bilen işini ýitiren we özüne laýyk iş tapyp bilmedik raýat her baran edarasynda iş orny üçin pul, para soralandygyny hem sözüne goşdy.

Bu kynçylyklar meniň başymda aýlap, ýyllap durdy, indi öýümiň içinde we daşynda satmaga-da zat galmady diýip, söhbetdeşimiz häzir jaýyny satlyga goýandygyny aýtdy.

“Meniň pensiýa ýaşynda kakam bar, aýalym, çagalarym bar. Kakamyň alýan pensiýasy öz dermanlaryna hem ýetmeýär. Gowaça meýdanlaryna gidip işleýän aýalym öýdäki ýetde-gütde durmuşdan, açlykdan ýadap, çagalary meniň boýnuma zyňyp, aýrylyşjak diýip, 8 aý öň Russiýa döwletine eklenç, iş gözlegine gitdi.”

Ahally erkek aýalynyň ‘Russiýa barýaryn’ diýip giden aýalynyň şondan bäri özlerinden, adamsyndan we çagalaryndan bir gezegem habar almandygyny, onuň nirede näme işläp ýörendigini, ölendigini ýa diridigini hem bilmeýändiklerini aýtdy.

“Aýalym diňe bizden, çagalaryndan däl, eýsem öz ene-atasyndan hem habar tutmaýar. Baryp sorasam, bir saparam habarlaşyp görmändiklerini aýtdylar.”

Maşgalalary bozýan garyplyk prezidenti 'gyzyklandyrmaýar'

Çagalaryny ejesini ýitiren erkek maşgalasynyň bozulmagyny ýurtdaky işsizlikden we giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýadan görýär. Türkmenistanyň öňki iki prezidenti wagtal-wagtal korrupsiýa ulaşan döwlet resmilerini paş edip, kanunlaryň bozulmagyna ýol bermejekdigini aýdýardy.

Synçylar häzirki prezidentiň uly meselä öwrülen işsizlik, korrupsiýa barada açyk çykyş edip, ýurtda emele gelen agyr ýagdaýy düzetmek barada gürrüň hem etmeýändigini aýdýarlar.


“Men häzir öz ýaşap oturan jaýymy satsam, kakamy Garrylar we maýyplar öýüne ýerleşdirmeli bolýaryn. Sebitleriň birindäki Garrylar we maýyplar öýi bilen gepleşdim, müdir ilki ýer ýok diýdi, soň 500 amerikan dollaryny bersem, kabul etjekdigini aýtdy. Men jaýymy sataýyn, häzir pulum ýok diýsem, ol bolýar, haçan puluň bolsa gel, gapym açyk diýdi.”

Söhbetdeşimiz kakasyny ýerleşdirjek Garrylar öýüniň ýerleşýän ýerini aýtdy, ýöne Azatlyk, para barada aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmänsoň, gürrüňi edilýän döwlet edarasy barada anyk maglumat bermekden saklanýar.

Ahally erkek jaýyny satsa, çagalaryny mamalaryna goýup, Türkiýä ýa-da Russiýa işlemäge gitmekçi bolýandygyny, ýöne gaýyn tarapynyň ‘öz günümizi zordan görýäris’ diýip, çagalaryna seretmekden boýun gaçyrýandygyny gürrüň berdi.

“Iki sany aýal doganym bar. Olara kakamy, çagalarymy wagtlaýyn öz öýüňize alaýyň diýip ýalbardym. Olar ‘Ýok, biziň özümiz kyn günde. …biz kowulsak, kakamyň öýüne bararys diýip pikir edýärdik. Sen indi ejem bilen kakamyň öýüni satmakçy bolýarsyň’ diýip, menden öýkelidiler.”

Garry öý üstünde 'öýkeleşýän dogan köpelýär'

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy soňky on ýylda işsiz, garyp düşen hojalyklaryň, ene-atasyndan galan jaýyny satyp, daşary ýurtlara işlemäge gidýän ýa ‘garry öý üstünde bir-birine duşman bolýan doganlaryň aýdyp-diýip bolmajak derejede köpelendigini’ öňe sürdi.

Aýdylmagyna görä, pensiýasy dermanyna ýetmeýän ýaşuly adamlaryň Garrylar öýündäki durmuşy hem 'gowy däl' we, Azatlyk bu meseläni geljekde has anyk öwrenmegi nazarda tutýar.

Diňe döwlet edarasyna ýerleşdirilen garrylar däl, maýyplyk kömegini alyp, öz öýünde ýaşaýan garrylar hem jemgyýetiň uly meseleleriniň biri diýip hasaplanýar.

Azatlygyň çeşmeleri ýylyň başynda döwletden maýyplyk kömegini alýan adamlaryň gün-güzeran ýagdaýlarynyň geçen ýyldakysyndan has kynlaşandygyny habar berdiler. Aýlyklary, pensiýalaryň we kömek pullarynyň bu ýyl 10% hem ýokarlanmazlygy güzeranyny zordan aýlaýan hojalyklara goşmaça urgy boldy, we, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, hökümet ilatyň gartaşan we maýyplyk kömegine mätäç bölegine 'gyssagly kömek etmeli'.


Aýdylmagyna görä, I derejeli maýyplygy bolan adamlaryň her aýda alýan kömek puly ortaça 1000 manat bolup, azyk harytlarynyň, dermanlaryň we hyzmatlaryň dowamly gymmatlaýan döwründe bu serişde ‘gaty az bolýar’.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady çökgünligi, işsizligiň resmi derejesini we ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň hakykatda nähili peselendigini resmi taýdan boýun almaýar.

Azatlyk Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen habarlaşyp, bu ýagdaý barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Forum

​
XS
SM
MD
LG