Ahal welaýatyndaky habarçymyz Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylarynyň sarygarynja ‘belasyndan dat edýändiklerini’ habar berýär. Azatlyk ýurtda uly alada döredýän, oba adamlarynyň iň esasy we zerur emlägi bolan jaýlaryna wehim salýan sarygarynja meselesine geçen ýylyň aprelinde, 2024-nji ýylyň iýunynda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda hem ünsi çekipdi.
Synçylar soňy görünmeýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda garyp düşen hojalyklaryň sarygarynja bilen göreşde ýeterlik serişdesiz we ýalňyz galandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan babadaýhanlylar öz ýaşap oturan jaýlarynyň, hojalyk binalarynyň agaçlaryny gemirýän sarygarynjalaryň ‘halys başyna gidendigini’, adamlaryň gyşda sowukdan, tomusda yssydan goraýan jaýlaryny, hojalyk binalaryny gorap bilmän, ‘gaty aljyraýandyklaryny’ aýtdylar.
Söhbetdeşlerimiziň adyny we ýaşaýan ýerlerini howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýarys.
"Jaýlarymyzy sarygarynjalar ýykýarlar"
“Sarygarynjalar häzir bütin obamyzy gurşap aldy, olar jaýlarymyzy ýykýarlar, her iki hojalygyň biri häzir sarygarynja hüjümine garşy göreşýär. Jaýlaryň üçeklerini saklaýan agaçlary iýip, igledip gutaran ýerleri hem az däl. Geçen ýagyşly günlerde jaýymyň üçegi ýykyldy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, köp adam sarygarynjaly jaýlarda ýatyp-turýar, olar jaýlarynyň üçeginiň ýatyrkalar, gije-girimde çöküp, üstlerini basmagyndan gaty alada galýarlar.
“Käbir hojalyklar jaýlarynyň üçegini söküp, soňundan wagtynda bejerip bilmän, ýa-da täze jaý salnyp bilmän, işigindäki gaz jaýynda, garažynda ýaşaýar. Haýyş edip, wagtlaýyn goňşy-golamynyň jaýynda ýaşaýan adamlar köpelýär. Köp adamyň elinde, hojalygynda puly bolmansoň, sökülen ýa-da sarygarynja gemren diwarlary abatlap bilmän, kireýine başga birleriniň jaýynda ýaşaýanlar hem bar” diýip, söhbetdeşimiz adamlaryň mellek ýerlerini, söken jaýlarynyň derege ýarajak materiallaryny satyp, göçmeli bolýan halatlarynyň hem az däldigini gürrüň berdi.
Ýöne, jaýlaryny bejerip bilmän, satmaga hem dözmän, ikarada janserek bolup, ençeme ýyllap kösenýän adamlar hem bar.
Hojalyklaryň arasynda iş-güýe ýaraýjak ýaşlary Russiýa, Turkiýä, Ruminýa ýaly ýurtlara gidip, ol ýerlerde birnäçe ýyl işläp, täze jaý salynlýanlar hem bar, emma olar az diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň pikiriçe, Tejen etrabyndan daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidip, gowurak gazanç edýänleriň sany beýleki etraplara seredeniňde azrak bolup görünýär. Ol munuň sebäbini ‘gaty köp hojalygyň çagalarynyň harby we hukuk goraýjy guramalaryň işinde işlän adamlardan ybarat bolmagy” bilen düşündirdi.
Öňki harbylar syýahat çäklendirmeleriniň aýrylmagyny soraýar
“Häzir ýurt daşyna çykmakda esasy kösenýänler öň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde işläp çykan adamlar. Olaryňky ýagdaýy adaty hojalyklaryň adamlarynyň ýagdaýyndan kyn. Ýagny, harby we hukuk goraýjy bolup işläp, soň işini belli bir sebäplere görä ýitirenlere, Migrasiýa gullugynda çäklendirme goýulýar, olar ýurt daşyna göýberilmeýär” diýip, adynyň, işleýän ýeriniň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.
Bu aýdylýany ozal harby bölümlerde işlän raýat hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, adaty adamlar para-peşgeş berip, ýurt daşyna eklenç etmäge gidip bilýär, ýöne harby we hukuk goraýjy edaralarda işlänler, hatda para-peşgeş berseler-de, ýurt daşyna göýberilmeýär.
“Men 12 ýyl harby bölümlerde işledim, iş sapary bilen gidip, 5 welaýatda işledim we her welaýatyň azyndan 2 ýyl çöregini iýdim. Men öz harby gullukçy bolup işlän döwrümde döwletden ýekeje zat soramadym, hakyna jaý alyp, maşgalam bilen kireýine ýaşadym. Häzir jaýymy sarygarynja tutdy. Men çäresiz, pulsuz galanyma göz ýetirip, harby işde işläp, hojalygyma hiç peýda getirmejegimi bilip, işden çykdym” diýip, öňki harby aýtdy.
Emma onuň işden çykyp, adaty adamlar ýaly, daşary ýurtlara gidip işlemek arzuwy başa barmandyr.
Öňki harbynyň aýtmagyna görä, olar birnäçe harby bolup, özlerine garşy girizilen syýahat çäklendirmesini aýyrtmak üçin, IIM-e ýüz tutupdyrlar, prezidente arza ýazypdyrlar, Aşgabada baryp, kabulhanalara girmäge çalşypdyrlar, emma hiç bir netije bolmandyr.
“Biz onlarça ýyllap watanymyza gulluk etdik, biziň jaýymyzy sarygarynja iýip gutardy, öňki harbylaryň arasynda köp çagalylar hem bar. Eklenç etmek üçin daşary ýurtlara hem goýbermeýärler. Bize azajyk bolsa-da hormat goýsalar, gowy bolardy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Azatlygyň habarçylary hojalyklara aýlanyp, ýaşaýyş jaýlaryna ýeten zyýanlaryň möçberlerini hasaplap çykarjak bolmakdan howpsuzlyk aladalary sebäpli saklanýarlar. Olaryň düşüren suratlary hem köplenç çap edilmän, redaksiýada saklanýar.
Şu aralykda, “Turkmen.News” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň goranmak ministri köpçülikleýin işden çykýan ofiserleri işde saklamak üçin, olara öz sebitlerinde gulluk etmegi teklip edipdir. Emma Azatlyk, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, bu habarlar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum