Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan uruş bilen bagly harytlaryň Russiýa eksport edilmegini çäklendirýändigini aýdýar


Ýük ulaglary
Ýük ulaglary

Günbatar Merkezi Aziýa döwletinden we onuň goňşularyndan Moskwa garşy girizilen sanksiýalary berjaý etmeklerini talap edeninden soň, Gazagystan harby maksatlar üçin ulanyp boljak harytlaryň Russiýa eksport edilmegini çäklendirdi. Günbatar bu sanksiýalary Moskwanyň Ukraina garşy giň gerimli urşa başlamagy sebäpli girizdi.

Gazagystanyň söwda ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýew 19-njy oktýabrda hökümetiň Russiýa “uruş bilen baglanyşykly” 106 görnüşdäki harydyň eksportyny, şol sanda pilotsyz uçarlaryň enjamlaryny, elektronika we daşary ýurtlarda öndürilen kompýuter çipleri ýaly zatlary gadagan edendigini aýtdy.

Günbatar ýurtlary Gazagystany we Merkezi Aziýanyň beýleki hökümetlerini harby üpjünçilikleriň serhetlerinden geçip, Russiýa akmagyna ýol berendigi üçin tankyt etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň iýun aýynda çap edilen derňewinde Günbatar elektronikasynyň gyrgyz we gazak firmalarynyň üsti bilen Russiýa nädip geçirilýändigi, ol firmalaryň käbiriniň Kremliň Ukraina garşy başlan urşundan soň gysga wagt içinde döredilendigi we Russiýanyň goranyş senagatyny üpjün edýän kompaniýalaryň elinde boljakdygy ýüze çykaryldy.

XS
SM
MD
LG