Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistine tussaglykdaky oppozisiýa agzasyny goldany üçin pul jerimesi salyndy


Serik Ydyryşew (arhiw suraty)
Serik Ydyryşew (arhiw suraty)

12-nji dekabrda Gazagystanyň gündogarynda sud hasaba alynmadyk “Alga Gazagystan” (“Öňe Gazagystan”) atly oppozision partiýanyň agzasy Serik Ydyryşewe, partiýanyň tussaglykdaky lideri Marat Žylanbaýewi goldap wideo ýüzlenme edeni üçin, 172 müň 500 teňňe ($377) möçberinde pul jerimesini saldy.

Ydyryşewyň 13-nji dekabrda Azatlyga aýtmagyna görä, ol suduň bu kararyna şikaýat eder. Ol internetde öz pikiriňi beýan edýän wideony ýerleşdirmegiň jenaýat däl-de, esasy hukuklaryň biridigini hem sözüne goşdy.

Geçen aý Marat Žylanbaýew ekstremizm aýyplamalarynda günäli tapylyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret edýär.

XS
SM
MD
LG