Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 17-nji iýulda 60 ýaşady. Angela Dorothea Kasner Gamburg şäherinde dogulyp, Gündogar Berliniň golaýyndaky kiçi şäherçede ulalýar. Ol ýerde Merkeliň kakasy lýuteran dini akymynyň pastory wezipesinde işleýärdi. Merkel öz doktoranturasyny fizika ylymlary boýunça edýär we Berliniň ylymlar akademiýasynda derňewçi wezipesinde işleýär. Onuň syýasy karýerasy 1989-njy ýylda Berlin Diwarynyň ýykylmagy bilen başlanýar.
A.Merkel 60 ýaşady
5
2005-nji ýylyň 22-nji noýabrda Berlinde "Hristian demokratik bileleşiginiň" lideri Angela Merkel parlamentiň kansleri wezipesine kasam edýär. 51 ýaşyndaky Merkel ýurduň öňki komunist gündogarynda önüp-ösen Germaniýanyň ilkinji kansleri boldy.
6
2009-njy ýylda Berlinde Germaniýanyň kansleri we konserwatiw "Hristian demokratik bileleşigi" partiýasynyň lideri Angela Merkeliň metbugat konferensiýasynda žurnalistlere ýylgyran pursady.
7
Kansler Angela Merkel nemes esgerleri bilen duşuşmak üçin 2013-nji ýylyň maý aýynda Owganystanyň Mazar-y Şerif şäherine barypdy.
8
2013-nji ýylyň maý aýynda Münihde piwo çadyrynda eden çykyşyndan soň, Angela Merkeliň piwo içip duran pursady.