Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowaça we bugdaý meýdanlary sil suwlarynyň aşagynda galdy


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Lebap welaýatynda bir ekerançylyk meýdany
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Lebap welaýatynda bir ekerançylyk meýdany

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ýüzlerçe gektarlyk gowaça we bugdaý meýdanlary sil suwlarynyň aşagynda galdy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda sebitden maglumat berdi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde 10-12 gün çemesi dowam eden agyr ýagyşlar ýurduň ekerançylyk pudagyna agyr zyýan ýetirdi.

Kärendeçi daýhanlar Tagtabazar etrabynda ýüzlerçe gektarlyk gowaça we bugdaý meýdanlarynyň suw astynda galyp, käbir meýdanlarda ekinleriň tas ekilmedik ýaly zyýan çekendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde sil suwlarynyň ýol açan netijelerini aradan aýyrmak işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny habar berýärler.

“Tagtabazar etrabynda häzirki wagtda ýüzlerçe tehnika işleýär. Kamazlar çagyl garylan gum daşap, siliň emele getiren suw ýoluny gömýärler. Suw akabalarynyň joşmagyna alada bildirip, ýaplaryň kenarlaryny göterip tekizleýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde alnyp barylýan işler barada habar berýär.

Günorta-gündogar sebitde, ilkibaşda 8-10-njy maý aralygynda üznüksiz ýagyş ýagdy. Heniz ýagyn suwlary gurap ýetişmänkä, ýagyşly howa gaýtalandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy, suw joşmalaryndan howatyr edilip, şu günler häkimiýetler tarapyndan Murgap derýasynyň kenarlaryny götermek işleriniň hem guramalaşdyrylýandygyny habar berýär.

Döwlet telewideniýesi ýurduň ähli künjeklerinde ýagan agyr ýagyşlar we onuň getiren oňaýsyz netijeleri barada habar bermedi. Häkimiýetler sil suwlarynyň netijeleriniň köpçülige äşgär edilmegine garşy alyp barýan tagallalaryny güýçlendirdi.

Şol bir wagtda, Mary welaýatynda sil suwlarynyň we suw joşmalarynyň öňüne geçmek boýunça alnyp barylýan çäreler häkimiýetleriň şeýle maglumatlaryň syzyp çykmazlygyny gazanmak ugrunda alyp barýan tagallalary bilen utgaşýar.

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri suw akabalarynyň kenarlaryny götermek işlerine çekilýän işçileriň el telefonlaryny we smart sagatlaryny ellerinden alyp, iş gutarandan soňra yzyna gaýtaryp berýär. Ertesi gün, iş başlamanka ýene alýarlar” diýip, bir agyr tehnika sürüjisi aýdýar.

Güýç edaralary esasan bugdaý we gowaça meýdanlarynda emele gelen zaýaçylygy görkezýän suratlaryň ýa-da wideo materiallaryň ýaýradylmazlygyny üpjün etmäge çalyşýarlar. Sil suwlarynyň netijelerini aradan aýyrmak işlerine çekilýän işçilere emele gelen ýagdaý barada hiç ýerde dil ýarmazlyk berk tabşyrylýar.

Habarçylarymyz sil suwlaryndan ejir çeken sebite ýük ulaglarynda we wagonlarda çagyl daşlarynyň ugradylýandygyny habar berýär.

Bu aralykda, sebitdäki maldarçylyk hojalyklary hem agyr ýagyşlardan zyýan çekdi.

“Käbir mallar sil suwlarynyň güýjüne akyp gitdi” diýip, bir tagtabazar ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar ýagyşly howada özleriniň Internet aragatnaşygynyň kesilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanda häkimiýetler adatdan daşary howa hadysalary ýüze çykan halatynda köplenç maglumatlary ýaşyrmak, olaryň köpçülige ýaýramagynyň öňüni almak işleri bilen meşgullanýarlar.

Azatlyk Radiosy günorta-gündogar sebitde emele gelen adatdan daşary howa hadysasy we onuň getiren netijeleriniň gerimi boýunça sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG