Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gulluga çagyrylan raýatlardan goşmaça medisina barlaglaryndan geçmek talap edilýär

Harby gulluga çagyrylan ýaşlar lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Döwlet mediasyndan alnan arhiw suraty
Harby gulluga çagyrylan ýaşlar lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Döwlet mediasyndan alnan arhiw suraty

Aşgabatda harby gulluga çagyrylan raýatlar harby lukmançylyk barlagyndan geçmäge degişli täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Harby bölümlerdäki lukmançylyk toparlary gulluga çagyrylan raýatlardan goşmaça medisina barlaglaryndan geçmegi talap edýärler.

Şu günler çagyryş boýunça harby gulluga gitmäge taýýarlanýan raýatlar barlaglaryň töleglidigini we munuň üçin ýüzlerçe manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji aprelde paýtagtdan maglumat berdi.

“Mundan ozal harby wekillikleriň harby lukmançylyk toparlary harby gulluga çagyrylýan erkek raýatlary özleri medisina barlaglaryndan geçiren bolsalar, häzir bu toparlar olardan welaýat merkezinde ýa-da paýtagtda ýerleşýän lukmançylyk edaralarynda gaýtadan, goşmaça medisina barlagyndan geçmegi talap edýärler” diýip, paýtagtyň harby wekillikleriniň birindäki çeşmämiz anonimlik şertinde aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak möwsümi we ýurt raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy dowam edýär. Bu çäre aprel-iýun aýlaryny öz içine alýar. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 16-njy martda gol goýdy.

Täze talap baradaky maglumaty şu aý gulluga çagyrylan paýtagtly ýaşaýjylaryň ençemesi hem tassyklap, barlaglaryň töleglidigini aýdyp, munuň üçin goşmaça pul serişdesini sarp etmeli bolýandyklaryny belleýär.

“Döwlet gaznasyna girýän girdejini artdyrmak”

“Rentgen, kardiogramma, peşew, gan tabşyrmak we beýleki barlaglardan geçmek üçin 300 manat tölemeli bolýarys. Döwlet Saglyk ätiýaçlandyryşy bu tölegleri öz içine alyp, olary tölemeýär. Bu, heniz ýaňy mekdebi gutarýan we işlemeýän ýaşlar üçin uly çykdajy bolup, olaryň jübüsine agram salýar. Üstesine-de, olar goşmaça köp wagt sarp etmeli bolýarlar” diýip, çagyryş boýunça harby gulluga gitmäge taýýarlanýan paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Harby lukmançylyk toparynyň wekilleri talabyň sebäbi barada aç-açan we resmi düşündiriş bermeýärler. Olar harby gulluga çagyrylan ýaşlara dilden berýän maglumatlarynda diňe “degişli medisina barlaglaryndan geçmelidigini” aýtmak bilen çäklenýärler.

Ýöne paýtagtyň harby wekillikleriniň birindäki çeşmämiz bu talabyň birnäçe sebäbiniň bardygyny, olaryň esasylaryndan biriniň “döwlet gaznasyna girýän girdejini artdyrmakdan” ybaratdygyny aýdýar.

“Her ýylda müňlerçe raýat gulluga alynýar. Olar goşmaça tölegli barlaglardan geçirilende, bu, býujete millionlarça manat möçberinde girdeji geljekdigini aňladýar” diýip, çeşmämiz belledi.

"Esger saglygy sebäpli pajygaly ýagdaýlar bolanda"

Mundan başga-da, ol talabyň ýene bir sebäbiniň harby lukmançylyk toparynyň öz üstünden jogapkärçiligi aýyrmak ýa-da azaltmak bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Bardy-geldi, gelejekde esger saglygy sebäpli hadysalar ýa-da pajygaly ýagdaýlar bolan halatynda, harby lukmançylyk topary esgerlerde tölegli barlaglary geçiren saglyk edaralarynyň lukmanlaryny hem bu pajygaly ýagdaýlara şärik derejede jogapkär ýagdaýa düşürýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli harby resmilerinden, şol sanda Bagtyýarlyk etrap harby wekilliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany bolup, diňe belli-belli şertlerde raýatyň gullukdan boşadylmagyna rugsat berilýär. Saglyk we maşgala ýagdaýy şeýle şertleriň iň esasylary bolup durýar.

Ýurtda saglyk ýagdaýy boýunça harby gulluga ýaramly däldigi baradaky saglyk kepilnamalaryna garamazdan, raýatlaryň harby gulluga alnyp gidilýän halatlary barada ýylyň-ýylyna maglumatlar gelip gowuşýar.

Mundan başga-da, Azatlygyň habarçylary, harby çeşmeleri we türkmenistanlylar, şeýle-de garaşsyz neşirler hökmany harby gulluk borjuny berjaý edýän esgerleriň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ýa-da tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen bagly wakalar barada habar berip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmiler bu maglumatlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Bu barada resmi metbugatda hem hiç zat aýdylmaýar.

Bu aralykda, habarçymyz ýurtda raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy dowam edýän mahaly, paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň Ruhabat ýaşaýyş toplumyndaky harby wekilligiň öňünde ýaş ýigitleriň ýüzlerçesini görse bolýandygyny aýdýar.

“Talap edilýän resminamalary toplap, nobatyna garaşmaly bolýan ýigitleriň ýüzlerçesini görse bolýar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG