Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan ýer süýşmesiniň pidalarynyň ýasyny tutýar, diri galanlar gözlenýär


Şowide aşak, ýer süýşmesine seredip oturan adam.
Şowide aşak, ýer süýşmesine seredip oturan adam.

Gürjüstan 7-nji awgustda geçen hepde Şowi kurort şäherçesinde bolan güýçli ýer süýşmesiniň pidalarynyň hatyrasyna ýas tutdy.

Ýer süýmesinde ölenleriň sany, iň soňky tassyklanan maglumatlara görä, 19 adam boldy, halas ediş toparlary 3-nji awgustda bolan ýer süýmesinde ýitirim bolan 17 adamy gözlemegi dowam etdirýärler. Resmiler ozal 200-den gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini habar berdiler.

Şeýle-de, 2008-nji ýylda Russiýa bilen bolan bäş günlük urşuň pidalarynyň hatyrasyna, 8-nji awgustda baýdaklar tutuş ýurt boýunça ýarym derejede aşak ýatyrylar.

Şonda, bäş gün dowam eden uruşdan soň, Moskwa Gürjüstanyň bölüniji Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitleriniň bu ýurtdan bölünip aýrylmagyny ykrar etdi.

Häzir Russiýa bu iki sebitde müňlerçe esgerden ybarat goşunlaryny saklaýar.

XS
SM
MD
LG