Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz Mejlisi dawaly “Daşary ýurduň wekilleri” taslamasyny oňlady


Gyrgyz Parlamentiniň mejlisi (arhiw)
Gyrgyz Parlamentiniň mejlisi (arhiw)

Gyrgyzystanyň parlamenti üçünji we soňky diňlenişiginiň dowamynda häkimiýetlere guramalary “daşary ýurduň wekilleri” hökmünde hasaba almaga ygtyýar berýän dawaly taslamany kabul etdi. Tankytçylar munuň Russiýanyň “daşary ýurt agentleri” baradaky repressiw kanunçylygyny gaýtalaýandygyny aýdýarlar.

14-nji martda bu mesele boýunça jedelsiz geçen mejlisiň dowamynda, bäş kanunçykaryjy oňa garşy ses berdi.

Prezident Sadyr Japarowyň bu kanuny taslama gol goýmagyna garaşylýar.

Gyrgyzystandaky hökümete degişli bolmadyk guramalar kanunçykaryjylary bu taslamany ret etmäge çagyrdylar. Olar bu taslamada “daşary ýurt agentleri” söz düzüminiň diňe “daşary ýurduň wekilleri” diýen sözler bilen çalşyrylandygyny bellediler.

Russiýanyň häkimiýetleri “daşary ýurt agentleri” baradaky kanunyny, bu topara goşulanlary abraýdan düşürmek we özge pikirlileri sem etmek üçin ulanýar.

XS
SM
MD
LG