Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozisiýa lideri möhlet müddetiniň dolmagy sebäpli, tussaglyga höküm edilmedi


Adakhan Madumarow
Adakhan Madumarow

26-njy martda “Birleşen Gyrgyzystan” oppozisiýa partiýasynyň ýolbaşçysy Adakhan Madumarow maliýe galplyklarynda, şeýle-de 2009-njy ýylda ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy bolan döwründe baglaşylan gyrgyz-täjik serhet ylalaşygynda Gyrgyzystanyň bähbitlerini gözden düşürmekde günäli tapyldy.

Bişkegiň sudy möhlet müddetiniň dolmagy sebäpli oňa höküm çykarmady, emma netije güýje girýänçä onuň tussaglykda bolmalydygyny aýtdy.

Prezident Sadyr Japarowyň möhüm garşydaşy Madumarow, geçen sentýabrda tussag edildi. Madumarow häzirki çäreleriň syýasy äňeňlidigini we bularyň häkimiýetleri tankytlany üçin, özünden ar almak maksady bilen ilerledilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG