Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan hytaýlylar üçin wizasyz saparlary hödürleýär


Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Edil Baýsalow
Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Edil Baýsalow

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Edil Baýsalow 11-nji oktýabrda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda Ministrler kabinetiniň ABŞ, Britan we ÝB wizalary bolan hytaý raýatlaryna, şeýle-de Gonkong we Makao ýaşaýjylaryna ýurda girmäge we ol ýerde ýedi güne çenli wizasyz galmaga rugsat bermek kararyna gelendigini aýtdy.

Bu karar indi kanun çykaryjylar tarapyndan tassyklanmaly. Bu habar öňki sowet respublikasy Gürjüstanyň hytaý raýatlarynyň Günorta Kawkaz döwletine wizasyz girip biljekdigini yglan etmeginiň bir aý soňundan berildi. Awgust aýynda ýene bir öňki sowet respublikasy, Gazagystan hem Hytaý bilen aradaky wizasyz syýahaty tassyklady.

XS
SM
MD
LG