Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjylaryndan çölüň jümmüşinde gurlan "Altyn Asyr" kölüniň boýundaky şäherçä gidip ýaşamak we işlemek talap edilýär. Azatlygyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, ýerli býujet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden şeýle talap edilýärkä, täze şäherçä gidip, gysga wagtda yzyna dolanyp gelýän gyzylarbatlylar bar.
"Gynandyrýan ýeri şol şäherçäniň durmuşyny ýola goýmak üçin Gyzylarbatdan mugalymlary, lukmanlary, aragatnaşyk, energetika, gaz üpjünçilik işgärlerini we söwda işgärlerini ýaşamaga we işlemäge mejbur ugradýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan birnäçe gyzylarbatly çeşmäniň sözlerine görä, ýerli ilaty "Altyn Asyr" kölüniň boýuna ugratmak tejribesi iki ýyl bäri amala aşyrylýar. Emma şol ýerde galmak isleýänleriň az bolmagy sebäpli, häkimiýerler bu çäresini dowam etdirmeli bolýarlar.
"Sebäbi adamlar bu gum ortasynda iki aýdan uzak galman Gyzylarbada gaýdyp gelýärler" diýip, ýene bir çeşme 4-nji noýabrda aýtdy.
Gyzlarbatdan 220 kilometr demirgazykda ýerleşýän garagumyň merkezindäki "Altyn Asyr" kölüniň töwereginde ilatly ýerden başga iri insfrastruktura desgalarynyň birnäçesi hem gurulypdyr. Balkanyň häkimiýet edaralaryna ýakyn çeşme kölüň boýundaky şäherçede bir müň hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýüni, mekdebi, söwda merkezini, şeýle-de elektrik energiýasyny öndürýän gün we ýel stansiýalaryny we ony Gyzylarbat bilen birleşdirýän 200 kilometrlik gara ýoly agzady.
Şeýle-de bolsa, bu ýerde ýaşamaga isleg bildirýänleriň köp bolmazlygyna meňzeýär.
Ýaşaýyş şertleri nähili?
"Bu ýerde jaý, medisina we bilim, çagalar üçin şert döredilen hem bolsa, adamlar bu ýere barmak islemeýärler" diýip, şäheriň durmuşyndan habarly çeşmeleriň biri aýtdy. Ol sebäpleriň arasynda çölüň ortasynda ýerleşýän bu şäherçäniň üzňeligini we töwerekdäki tebigatyň amatly däldigini agzady.
"Bu ýerlerde uzynlygy üç metrlik zäherli ýylanlar, kepjebaşlar, gömülgenler kän. Kölüň töwereginde hatda mal bakmak hem gorkuly" diýip, çeşme şol töwereklere hatda çopan goşlarynyň hem barmaýandygyny belledi.
Ýene bir çeşme şäherçäniň doly gurlup gutarmadyk jaýlarynyň ýaşamak üçin oňaýsyzdygyny aýdyp, boş duran jaýlarda ilatyň ýaşaýandygyny görkezmek üçin sahnalaşdyrylan TW reportažlaryň taýýarlanýandygyny gürrüň berdi.
"Telewideniýeden gelip, surata düşürmeli bolsalar bu ýerdäki gurluşykda işleýän adamlary boş duran öýlerde ýaşaýan ýaly edip görkezmek üçin sahna gurnap, olara rol oýnadýarlar" diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi.
Balkanyň resmi edaralaryna ýakyn çeşmäniň sözlerine görä, bu täze taslamada ýaşamak üçin göçmek teklibi beýleki welaýatlara hem edilipdir, emma "hiç kimde gumda ýaşamaga islegiň ýokdugy sebäpli" bu ýere golaýdaky Gyzylarbadyň ýaşaýjylaryny ugradýarlar.
Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň we Gyzylarbat etrabynyň häkimiýetlerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Türkmen mediasy emeli kölüň daşynda gurulýan şäherçede ýaşaýyş üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini habar berip gelýär. Soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň Bereket we Gyzylarbat etraplarynda «Galkynyş» we «Rowaç» täze obalaryň gurlandygyny geçen ýyl "Biznes Türkmenistan" habar beripdi.
Emeli kölüň we ýaşaýyş zolagynyň gurluşygy
Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň ortasynda ýerleşýän Garaşor tebigy çöketliginde "Altyn Asyr" türkmen kölüni döremek işi 2009-njy ýylda başlanypdy. Başga onuň 10 milliarda çenli mukdarda zeý suwlaryny akdyrmak we ähli regionlaryň ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyryp, ýeriň şorlanmagy we guramagy ýaly ençeme problemalary çözmäge ýardam bermek üçin gurulýandygy aýdyldy. Soňabaka kölüň daşynda ýaşaýyş zolagyny döretmek plany yglan edildi.
Resmi habarda Garagum çölüniň jümmüşinde, emeli “Altyn Asyr” kölüniň kenarynda ýaşaýyş zolagynyň birinji tapgyrynyň 2022-nji ýylda tamamlanjagy aýdylyp, guruljak täze oba, şäherlere we etrap merkezlerine ýakyn ýerleşýän ilatly nokatlar bilen deň derejede bolar diýlip bellenipdi. Şeýle-de, birinji tapgyryň dowamynda kölüniň golaýynda guruljak zerur infrastrukturanyň arasynda ýollar, lagym ulgamy we elektrik geçiriji liniýalar taýýar bolar we 80 sany bir gatly ýaşaýyş jaýy, döwlet hyzmatlary edaralary, mekdep, çagalar bagy, lukmançylyk merkezi we medeniýet merkezi gurlar, gaz we suw üpjünçilik ulgamlary çekiler diýlipdi.
Türkmen mediasynda bu köl "gök energiýasynyň geljegi" we onuň ýanyndaky täze ýaşaýyş zolagy "Eko oba" diýlip atlandyryldy. "Obanyň ýaşaýjylaryna maldarçylyk we balykçylyk pudaklarynda iş teklip ediler, bu işler kenarýaka sebitlerinde bir wagtyň özünde ösdürilýär. Sebitiň ösüşi bilen onuň ilaty hem artar" diýlip, media habarynda aýdyldy.
Bu gurluşyk bilen bagly 2019–2025-nji ýyllar üçin "Altyn asyr" Türkmen köli sebitini ösdürmek konsepsiýasy tassyklanypdy. 2019-njy ýylda kölüň golaýyndaky sosial-senagat toplumynyň düýbi tutuldy. Şol ýylyň fewralynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn asyr” kölüniň töwereklerine baryp, bu ýerde döwrebap oba gurmak, maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek barada tabşyryk berdi.
Kölüň ýakasyndaky şäherçäniň gurluşygy üçin onuň töwerek daşyndaky ilatly ýerleriň ençemesi ýumruldy, ýaşaýjylar suw we gaz, käbir ýerlerde çagalar üçin mekdep bolmadyk ýerlere göçürildi.
“Altyn asyr” kölüniň gurluşygy bilermenler tarapyndan tankytlanypdy we onuň suw resurslarynyň bisarpa ulanylmagyna getirip biljegi duýdurylypdy.
Azatlyk Radiosy bilen 4-nji noýabrda söhbetdeş bolan balkanly bilermen soňky 15 ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň suw resurslarynyň bu köle sarp edilýändigine ünsi çekdi: "Köl üçin suwy dowamly Garagum derýasyndan alyp, akaba kanalyna süýji suw akdyryp, kölüň esasy bölegini saklap durlar".
"Aslynda 'Altyn Asyr' türkmen kölüniň özi ýalňyş desga. Üç welaýatdan köle çekilen kanallardaky zeý suwlar hem çöle siňip dur" diýip, balkanly bilermen aýtdy.
Bu maglumatlary türkmen resmilerine resmi taýdan tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bolmady. Kölüň gurlan döwründe çap bolan käbir maglumatlarda şeýle sanlar berlipdi: "Altyn asyr" kölüniň ulgamyna girýän şor suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2659 kilometr, Baş kollektora birigýän welaýatlardaky akabalaryň uzynlygy 1553 kilometr, suw ýygnanýan “Ak ýaýla” suw howdanynyň mukdary 970 million kub metre barabar.
"Altyn Asyr" kölüniň we onuň töweregindäki ýaşaýyş zolagynyň gurluşygyna sarp edilen serişdeleriň bahasy köpçülige mälim edilmedi. Ozalky ýyllarda çap bolan käbir resmi maglumatlarda diňe emeli kölüň bahasyna degişli 4,5 milliard dollara barabar çykdajy agzalypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum