Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEA Zaporižýa ýadro desgasynyň töwereginde mina goýlandygyny aýdýar


HAEA hünärmenleri Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň çäginiň gyrak-bujaklarynda adamlara garşy goýlan minalary tapdylar.
HAEA hünärmenleri Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň çäginiň gyrak-bujaklarynda adamlara garşy goýlan minalary tapdylar.

HAEA hünärmenleri Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň çäginiň gyrak-bujaklarynda adamlara garşy goýlan minalary tapdylar diýip, BMG-niň ýadro gözegçilik gullugynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bu desga rus goşunlarynyň basyp alan ýerinde ýerleşýär.

"HAEA topary bu ýeriň içerki we daşarky perimetr päsgelçilikleriniň arasyndaky bufer zonasynda goýlan käbir minalary gördi" diýip, beýanatda aýdylýar. Şeýle-de, beýanatda bu minalaryň bolmagynyň “HAEA-niň howpsuzlyk standartlaryna we ýadro howpsuzlygy görkezmelerine laýyk gelmeýändigi" bellenilýär.

Ýewropadaky iň uly ýadro elektrik stansiýasy Russiýa Ukraina çozanyndan gysga wagt soň basylyp alyndy. Kiýew Russiýany bur desgada bir hadysany meýilleşdirmekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG