Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler býujetçilere “asmanymyz arassa, döwlet işinden çykmaň” diýýär

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ahal welaýatynyň ençeme etrabynda ýerli häkimiýetler döwlet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olaryň iş ýerlerini meýletin taşlamazlygy boýunça wagyz, töwella edip başladylar.

Bu soňky döwür raýatlaryň alýan aýlyklarynyň gün-güzeran aýlamaga ýetmeýändigini aýdyp, býujet edaralaryndan, şol sanda harby pudagyndan hem öz islegleri bilen gidýändigi baradaky ýagdaýlaryň fonunda bolup geçýär.

Ahally çeşmämiz golaýda geçirilen şeýle ýygnaklaryň birine mejbury gatnaşdyrylandygyny gürrüň berip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini, şeýle-de anyk sene we ýer atlaryny äşgär etmezligi sorady.

Ol Bilim we Içeri işler ministrlikleriniň wekilleriniň, harbylaryň, il ýaşulularynyň dagy başlyklyk etmeginde geçirilen ýygnakda, adamlara ýurtda “arassa asmanyň” bardygy aýdylyp, iş gözleginde daşary döwletlere gitmezlige, galyberse-de ýurduň özündäki ykdysady meseleler babatynda hem “sabyrly bolmaga” çagyryş edilendigini aýtdy.

“Dünýäde biziňki ýaly asuda, parahat ýurt ýok. Daşary döwletlere işlemäge gidýänler gaty agyr şertlerde zähmet çekip, maýyp bolýarlar, hatda ölýärler. Käbirleriniň yzynda galan hojalyklary hem bozulýar. Siziň we bütin türkmen halkynyň aladasyny edip oturan prezidentimiz bar. Şonuň üçin häzirki işläp oturan edaraňyzdan çykaýmaň” diýip, söhbetdeşimiz ýygnakda resmileriň biriniň aýdan sözlerini sitirledi. Ol beýleki resmileriň hem anyk jikme-jiklikleri getirmän, “daşary döwletlerde ýagdaý ýaramaz, bizde bolsa gowy” äheňde gürrüň edendiklerini belledi.

“Bize daşary döwletleriň nähilidigini aýtmagyň geregi ýok. Biz kör ýa ker däl. Her hojalykdan azyndan 1-2 adam [daşary ýurtlarda] zähmet çekýär. Olar bir aýda hökümetiň bize bir ýylda berýän zähmet hakyndan hem köp pul gazanýar. Men 3 müň manat aýlygym bilen näme etmeli?! Ogul öýermek, gyz göçürmek, jaý gurmak bärde galsyn; bokurdagymyza zordan ýetýär” diýip, 40 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýygnakda çykyş eden resmileriň her biri “arassa asman” diýilän söz düzümine salgylananyp, munuň ýurtdaky ykdysady krizis we azyk ýetmezçiligi ýaly ýagdaýlardan “has wajypdygyny” öňe sürüp, bu sebäpli olara iş ýerlerini, umuman, ýurdy terk etmezlik barada wagyz-nesihat edipdir.

“Daşary döwletlerde işläp ýa okap ýören çagalarymyz ol ýurtlaryň hem asmanynyň arassadygyny we asudadygyny aýdýarlar. Olaryň hiç biriniň Türkmenistana dolanasy gelmeýär. Indi biz ýakynlarymyza däl-de, hakykaty aýtmaga bogny ysmaýan, aladamyzy etmeýän wagyzçylara ynanmalymy?!” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Azatlyk soňky döwür ýurduň dürli künjeklerinde adamlaryň döwlet kärhanalaryndan, harby edaralardan köpçülikleýin ýagdaýda meýletin çykýandygy barada yzygiderli maglumat berdi. Býujetçiler döwletiň berýän zähmet haklarynyň pesligi, olaryň dowamly gijikdirilýändigi, yzygiderli mejbury pul tutulýandygy ýaly ýagdaýlaryň olaryň döwlet işini terk edip, gowy durmuş gözleginde daşary döwletere çykmagyna sebäp bolýandygyny gürrüň beripdiler.

“Biz Türkmenistan döwletiniň ujypsyz aýlygyna we owadan sözlerine ynanyp kän oturdyk. Mundan öň kimde-kim mejbury çärä çykmasa ýa-da ýolbaşçylaryň iş bilen bagly bolmadyk talaplaryna boýun bolmasa, onuň işden çykaryljakdygy bilen gorkuzylýardy. Häzir bolsa, adamlar işden çykmak arzuwynda ýaşaýar. Öňler başlygymyz ‘bar, gidiber, gapymyň öňünde seniň ýeriňe garaşyp duran on adam otyr’ diýerdi, indi bolsa işden çykmak baradaky arzalarymyzy hem kabul etmeýär. Aramyzda işinde ýöriteläp kemçilik goýberip, kowulmagyny isleýänler hem bar. Täze giren ýaşlar hem, 2-3 aý işläp, mejbury çärelerden, pes aýlykdan ýadap çykýarlar” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ykdysadyýetiniň dowamly ösýändigini tekrarlýar, emma ilat köpçüliginiň durmuş derejesi pes bolup, býujetden aýlyk alýan raýatlar zähmet haklarynyň hatda esasy durmuş zerurlyklaryna-da ýetmeýändigini aýdýarlar.

Ýurtda ortaça aýlyk 2025-nji ýylda 1 müň 500 manat töwereginde boldy. Resmi taýdan iň pes aýlygyň 1 müň 280 manatdygy aýdyldy, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 428,5 amerikan dollaryna, gara bazaryň kursy boýunça 64 amerikan dollaryna barabardyr.

Türkmenistanlylaryň ençemesi hakyky girdejileriniň köplenç resmi sanlardan aşa pesdigini we daşary ýurt walýutasynyň resmi hem gara bazar nyrhlaryndaky uly tapawudyň girdejileriň hümmetini gaçyrýandygyny belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG